Lebap döwlet elektrik bekediniň meýdançasynda Ýaponiýanyň Sumitomo Corporation we Mitsubishi Hitachi Power Systems, şeýle hem Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýalarynyň gurýan täze gaz turbinaly elektrik bekedi üçin açyk tok paýlaýjy enjamlary oturtmak işleri tamamlanyp barýar.
Elektrik öndürýän täze desga Ýaponiýanyň Mitsubishi Hitachi Power Systems kompaniýasynyň hersiniň kuwwatlylygy 144 megawat bolan gaz turbinaly enjamlarynyň üçüsinden ybarat bolar. Türkiýäniň Rönesans Holding kompaniýasy edara jaýyny gurar, bu ýerde dolandyryşyň awtomatik ulgamy oturdylar. Taslamany Ýaponiýanyň halkara hyzmatdaşlygy banky maliýeleşdirýär, Türkmenistanyň Daşary ykdysady gatnaşyklar banky onuň bilen karz ylalaşygyny baglaşdy.
Kuwwatlylygy 432 megawat bolan elektrik bekedi asyryň başyndan bäri ýurtda gurlan elektrik energiýasyny öndüriji onunjy desgadyr. Olaryň jemi kuwwatlylygy 6511 megawatta barabardyr. 2021-nji işe giriziljek elektrik bekedi Türkmenistanda her ýyl elektrik energiýasynyň öndürilişini 33 milliard kilowat-sagada ýetirmekde, degişlilikde onuň eksportuny artdyrmak strategigýasyny durmuşa geçirmekde möhüm ädim bolar.
Elektrik Energetikasynyň Mümkinçiligi Artýar
-
yashalym
3 years ago
- Gole etinin bahasy 60 TMT
Gunebakar yagynyn 1 lt mocberi 45 TMT
Seker 1 kg 20 TMT
yenede haysy birini aydyp gutarjak bahalaryn. Bankomatlar bos. Manat salynsada yetenok. Islendik dukana baranda kartdan sowda edip bolanok......
-
yashalym
3 years ago
- Men dine goryan zatlarymy yazdym, islendik adamada gorkezip biljek.....
-
Yylgyn
3 years ago
- Gole etinin bahasy 60 TMT
Gunebakar yagynyn 1 lt mocberi 45 TMT
Seker 1 kg 20 TMT
Sularyň ussune yene 10 manat gosup ayt sonna dogry bolia, arzan edip aydypsyňlay
-
Black Wolf
3 years ago
- Yazgeldi21, gulluga gitmeli daldinmay sen
yashalym 3 years ago- Turkmenistanyn dowlet habarlaryna degisli zatlar yazmasanow. Turkmenisranyn 7 sany kanaly bar. Hacan acsan habardar bolup bolya. On Perhat Sabirowdan bizar bolyadyk indem sen. Gayrat et gyzyksyz su yazanlan.
Turkmenistanda issizlik gymmatcylyk parahorluk eden etdilik.....(sanasan sanap oturmaly) dowam etya. Turkmenistanda yasayan islendik rayat kor dal.