ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden koronawirusa doly sanjym edilen adamlara örtük geýmegiň zerurlygynyň ýokdugyny aýtdy. ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi COVID-19 düzgünleri barada täze gollanma çykandan soň, Baýden täze düzgünler barada beýanat berdi.

Baýden sanjymyň üstünlikli bolandygyny belläp, “114 günde 250 million dozada sanjym edildi. Biz munuň netijelerini görýäris.” -diýdi.

Täzelikler, Men_ve_Sen tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir