Täze dil öwrenmek täsin bir dünýä syýahata çykan ýalydyr. Ýöne täze dili her näçe öwren­mek islesegem, ol hemişe bize başardyp dur­maýar. Şol sebäpli hem www.livemocha.com saýty dil öwrenmek isle­ýänler üçin mugtuna ýardam berýän dünýä­niň iň uly Internet saýtydyr.Bu saýty ulanmak üçin ilki bilen onda hasaba alynmaly. Suratda görnüşi ýaly ilki bilen öz gepleýän diliňizi saýlamaly, soňra bolsa öw­renmek isleýän diliňizi belli edip, “Начать” düwmesine basmaly. Derslerde şekiller hem-de ses ýazgylary ula­nylmak arkaly islendik dil öwrenmek örän aň­satdyr. Her dersiň ahyrynda dersi berkitmek üçin berilýän meseleler bolsa oýun görnüşin­de bolup, diýseň gyzyklydyr. Bu saýtyň ýene-de bir oňaýly tarapy, ol hem, dürli ýurtlaryň raýatlary bir-birlerine kömek edip bilmegidir.

Köneler, Laplandiya tarapyndan 9 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir