Doss nasyň barmay?
-
sukomoto
14 years ago
- nas çilimi goýmaga kömek edýär. tüssesi bolmansoň zyýansyzrak. ýöne köçä tüýkürmeli däl.
-
Farida
14 years ago
- nasy atman hem cilimi goyup bolya sukomoto,,gaty gorman velin name sizem nas atyanyzmy?? yonekeyje sorag??
-
prikolgeldi
14 years ago
- nas kän zyyanly dalow, emma keyplije zat bara, farida atyp görmedinmi, atyp görow son beydip yazmarsyn bara
-
sukomoto
14 years ago
- yok men nas atamok yone cilimi goymaga komek edyar diyip esitdim. zyyany az diyyar.
barde yaponiyada nas wobse yok.
cilim magazinden sorap gorsem, nasy tanamady, namay ol diyip sorayarlar.
-
kelle
14 years ago
- Turkmenmay olar
-
kelle
14 years ago
- mas nameden taynlanyar bilyanizmi
-
sukomoto
14 years ago
- arassa zadow ol. ýag goşulýar temmäkä.
-
prikolgeldi
14 years ago
- towugyn bokundan diyjek bolyanmy doss, yalan ol
-
jankaka
14 years ago
- siz atan bolsanyz bolya yoldash beylekilere hokman dal nas atmak nahili keypi barka chaydan gowymyka
-
Farabi
14 years ago
-
bygja
14 years ago
- ha ha ha siza gaty owadan surat tapypsynyzay tuweleme 2 sany adam kimay adamlar ???
-
Katarldovlet
14 years ago
- Dünýäniñ keýpi nasdyr!
-
arapreyhan
14 years ago
- Katarldovlet.
dost nirelay sen..
-
nashyja
14 years ago
- Bah pikkem yitday
Farida 14 years ago- NAS ATAN(Magtymguly)
Göýä bu dünýäge, geldiň, gelmediň,
Kül ýygar sen mydam işiň, nas atan.
Şerigat ýolundan habar almadyň,
Galar dowzah içre läşiň, nas atan.
Temmäki diýp her işige ýortar sen,
Çala owup, üç mysgaldan tartar sen,
Bir sümgürip, ýanbaşyňa sürter sen,
Haram bolar üst-u başyň nas atan.
Namaza duraňda, üstüňe akar,
Anýň üçin müň ýyl dowzahda ýakar,
“Weýl” diýgen jaýda tütüniň çykar,
kabul bolmaz gözde ýaşyň, nas atan.
Ýagşy-ýaman eden işin “hak eder”,
Nas atanlar galampurun çak eder,
Akar durar, üsti-başyň poh eder,
Senden gaçar deni-duşuň, nas atan.
Gözüňi ýaşardyp, mähriň gandyrar,
Gelse humar, imanyňy ýandyrar,
Tagam iýseň, tabagyňy doldurar,
Murdar bolar içen aşyň, nas atan.
Her adamy görseň, gizläp gaçar sen,
Burnuňdam dem gelmez, agzyň açar sen,
Keýpi gelse, ogul-gyzdan geçer sen,
Haýran bolar oba-goňşyň, nas atan.
Kyrkyňa baraňda, beýniňe çykar,
Bu şirin janyňy dowzahda ýakar,
Çakjaňy ot eýläp, burnuňa dakar,
Zehmiňden döküler dişiň, nas atan.
Magtymguly, ölenden soň bilerler,
Jynaza okamaý, burnuň dilerler,
Sakar diýgen jaýa seni salarlar,
Nara döner içiň-daşyň, nas atan.