Dostum mahal-mahal ýanyma gelýär,
Gürleşýäs. Gülüşýäs. Işlerimiz düz.
Ol mensiz ýeke gün oňup bilmeýär.
Men bolsa onsuz.

Meniň ähli syrym dostuma aýan.
Olam syryn gizläp, aldanok meni.
Ol meni özümden oňat tanaýar.
Men bolsa ony.

Aýrylşýas, «Hat ýazyp duraryn hökman!»
Oňa wada berýän. Ol bolsa maňa.
Soň ol maňa ýazyp durmaz beýle kän.
Men bolsa oňa.

Emma günleň biri, bilip bilmeýän,
Bu uly durmuşda bolsa maňa kyn,
Ol meň üçin başyn goýar bigüman.
A men oň üçin.

Ol maňa elmydam düşüner dogry,
Kemçiligim bilen dogramaz meni,
Ýalňyşsam darar-da goýbär dogumly.
Men bolsa ony.

Ine güýz. Ol güýz deý paýhasly barýar.
Wepalydyr. Dök ýürekde baryňy. Hawa.
Meniň şeýleräjik dostum bar!
A sizde barmy?
Gurbannazar Ezizow

Edebiýat, Söhbet Abdullaýew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir