Tarakanlar 250 million ýyldan bäri ýaşaýandyklaryna garamazdan, hiç hili mutasiýa (ösümliklerde, haýwanlarda täze alamatlaryň duýdansyz ýüze çykmagy) sezewar bolmandyrlar. * * * Käşiriň reňkini karotin (käşirde, ýumurtga sarysynda, süýtde bolýan mämişi-sary pigment) berýär. * * * Hindistanda bir ýylyň dowamynda dogulýan çagalaryň sany Awstraliýanyň jemi ilatyndan kändir. * * * Ynsan bir ädim öňe ädende, bedeniniň 54 myşsasy hereketde bolýar. * * * Beýnimiziň 80 göterimi suwdur. * * * Beýnimiziň ortaça agramy 1,3 kilograma barabardyr. * * * 1987-nji ýylda Amerikanyň howaýollarynyň ýolagçylara berýän ertirlik naharyndan galýan ýekeje zeýtundan 40 müň amerikan dollary möçberinde peýda galypdyr. * * * Aýylaryň hinleriniň agzy hemişe demirgazyk tarapda bolýar. * * * Tarakanlar kellesi aýrylandan soňam 9 güne çenli ýaşap bilýärler. * * * Bir kg limonda we bir kg ýertudanada bar bolan şekeriň mukdary des-deňdir. * * * Ummanyň çuň ýerinde demir böleginiň düýbe çökmesi üçin bir sagatdan gowrak wagt gerek. * * * Şu wagta çenli ölçenen iň uly buzdagynyň (aýsberg) uzynlygy 322 kilometre, ini bolsa 96 kilometre deňdir. * * * Telefonlar üçin niýetlenen salgy ýazylýan kitapçanyň ilkinjisine 50 kişiniň salgysy ýerleşýärdi. * * * Dünýäde iň tiz ösýän ösümlik bambuk agajydyr. Bambuk agajy bir günüň dowamynda 90 santimetre çenli ösüp bilýär.
Bulary bilýärmisiňiz?!
-
Rowshen-Jm
15 years ago
- bet soraga tapýañow
-
kerkili
15 years ago
- hi4 myshsada hereket edenok :)
-
dereksiz
15 years ago
- ay prikolmyrat onda myshsalar name etjegini bilman duraymasalarow
DoJiGat 15 years ago- * * *
Ynsan bir ädim öňe ädende, bedeniniň 54 myşsasy hereketde bolýar.
iki ädim yza ädende näçe myşsasy hereketde bolyar onsoň?
prikolmyrat | 2009-12-26 00:25:50
basga nahili sorag czkzp biler----