MAŞGALA_#2-nji bölüm.

Soň Merjen Rüsteme:
-nä beýle dikanlap seredýäňle, birzat barmy?
-ýok, ýöne seredýän.
-näme üçin?
-beýle gözelligi öň görmedigim üçin.
-diýip, sözini dowam etdirdi:
-seniň öýüňe gideli!
-aýtdyma, öýümiň puly tölenmedik.
-gideli, galanyny göribiris!
-bolýa, baş üstüne, Jenap –diýip ýylgyrdy.

Gün gijigip ugranda bular Merjeniň öýüne gitdiler. Baran wagtlary öýüň eýesi geldi we Merjene gygyrmaga başlady:
-sende ynsap ýokmy, öýüň kireýni tölemeýäniňe näçe wagt bolanyny bilýäňmi, indi gözüň ýaşyna bakmaryn, öýden goş-golamyň bilen gümiňi çekdirin!
Rüstem:
-durun köşeşiň, ilki bir salamlaşalyň, soň öý meselesini gürleşibiris.
-dagy-duwyňy bilemok, ýaňky aýdyşym ýaly.
-öýe näçe tölemeli?
-2050 manat tölemeli.
-hmm, alyň onda 2050 manat! –diýip puly uzatdy.
-öý eýesi haýran galdy, puly alyp hiç zat diýmän olara ýol açdy.
Bu bolan zatlara Merjen begenjinden ýaňa ganat baglap uçasy geldi. Ol Rüsteme minnetdarlyk bildirip, öýe girmegi teklip etdi. Öýe girdiler, Merjen Rüsteme kofe taýýarlady we onuň bilen gürleşmäge başlady.
-Rüstem seniň maşgalaň ýokmy?
-maşgalam bar-dy, emma indi ýok.
-o nähili bolýa, düşünmedimle?
-men maşgalamy on ýyl mundan ozal terk etdim.
-näme üçin?
-Merjen gowsy maňa şol günleri ýatlatmasana.
-äý bolýa-da... –diýip ulydan dem aldy. Birsalym dymyşlyk boldy, emma bu dymyşlygy Merjen bozdy:
-Rüstem!
-hä?
-bir zat sorajak, emma başga zada çekme.
-sora hany!
-sen näme üçin maňa beýle kömek etdiň?
Bu hälden bäri Rüstemiň gozgamaga çekinip otyran meselesidi. Ol bir salym dymdy-da:
-haýsy erkek gyza azar berenlerinde seredip durup biler?
-oňa düşündim, öýümiň kireýni näme sebäpden tölediň, şonça pulyňy sarp edip?..

#dowamy_bar.

Awtor: Mr.WriTer

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir