“Forbes” žurnalynyň ygtyýarlylary sanawy taý­ýarlaýan wagtlarynda 4 sany garaýşy göz öňünde tutandyklaryny malim etdiler. ABŞ-da çap edilýän “Forbes” žurnaly “dünýä­niň iň güýçli adamlarynyň” sanawyny mälim etdi. Žurnalyň ilkinji sapar çap eden sanawyna gö­rä, dünýäniň iň güýçli adamy ABŞ-nyň prezi­denti Barak Obama hasaplanýan bolsa, ikinji orunda Hytaýyň döwlet baştutany Hu Szintao we üçünji orunda bolsa Russiýanyň hökümet başlygy Wladimir Putin barýar. Sanawa jemi 67 adam girizildi. “Forbes” žurnalynyň ygtyýarlylary sanawy taýýarlaýan wagtlarynda 4 sany garaý­şy göz öňünde tutandyklaryny, ol garaýyşlaryň sanawa girizilen adamlaryň täsir eden adamlarynyň sany, öz täsir ediş çäklerinden daşgary hem güýjüni ýetirip bil­ýändikleri, ähmiýetli maliýe çeşmeleriniň gözegçiligini ellerinde saklaýandyklary ýa-da bu çeşmelere täsir edip bilýändikleri we güýçlerini neneňsi täsirli ulanyp bil­ýändiklerinden ybaratdygyny mälim etdiler. Sanawyň ilkinji onlugy şeýle: 1. ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama, 2. Hytaýyň döwlet baştutany Hu Szintao, 3. Russiýanyň hökümet başlygy Wladimir Putin, 4. ABŞ-nyň Merkezi bankynyň başlygy Ben S. Bernanke, 5. “Googleniň” esaslandyryjysy amerikaly Sergeý Brin we Larry Peýç 6. “Telmex Mexiconyň” başlygy meksikaly tütjar Karlos Slim Helu, 7. Amerikalyı Rupert Murdok, 8. “Wal-Mart” söwda merkezleriniň ýokary dolandyryjysy Maýkl T. Duke, 9. Saud Arabystanynyň şasy Abdullah bin Adbulaziz Al Saud, 10. “Microsofty” esaslandyryjy Bill Geýts. Sanawda Italiýanyň hökümet başlygy Silwio Berluskoni 12-nji orunda, Germaniýa­nyň hökümet başlygy Angela Merkel 15-nji orunda, ABŞ-nyň daşary işler ministri Hillari Klinton 17-nji orunda, Angliýanyň hökümet başlygy Gordon Brown 29-njy orunda, ABŞ-nyň 42-nji prezidenti Bill Klinton 31-nji orunda, Eýranyň dini lideri aýatolla Homeýni 40-njy orunda, Russiýanyň prezidenti Dmitriý Medwedew 43-nji orunda, Ysraýylyň hökümet başlygy Binýamin Netanýahu 46-njy orunda, Fransiýa­nyň prezidenti Nikolas Sarkozi 56-njy orunda we Wenesuelanyň prezidenti Hugo Çawes 67-nji orunda barýar.

Köneler, Laplandiya tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir