Balhda yashan pirleriñ biri wagtal-wagtal adamlary uyshurip, wagyz-undew eder eken. Ol: "Mende Allanyñ bardygyny subut edyan 100 sany delil bar. Geliñ, owredeyin" diyp, yorite sapak berer eken. Emma shol yere tazelikde goçup baran bir yash yigidiñ onuñ maslahatyna barmayandygyny pire aydypdyrlar. Pir bu yigidi oyune getirmek uçin her hili usullar ulanyp gorupdir, emma ol oz okuwy, ylym-bilimi bilen meshgul bolup yorupdir. Ahyry piriñ ozi yigidiñ huzuryna barypdyr. Onuñ name uçin oz sohbetlerine gatnashmayandygyny, ozunde Allanyñ hakykatyny subut edyan 100 deliliñ bardygyny aydypdyr. Yigit edep bilen jogap beripdir: "Hormatly pir, delil shubhani aradan ayyrmak uçin gerek. Mende bolsa Allanyñ barlygyna hiç hili shubhe yok, shonuñ uçin bu zadyñ maña ahmiyeti yok. Men ozume gerekli zatlary owrenmek isleyarin" diyipdir. Taryhçylar bu yigidiñ Nejmeddin Kubradygyny oz eserlerinde yatlapdyrlar.

Halallyk Kyssalary.

Bilim, soho tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir