ynsany bezeýän oňat häsiýetlerden biri bolan pespällik, erbet gylyk hasaplanýan misginsokarlyk bilen görnüşde meňzeş ýaly bolsa-da, aslyýetinde aýrybaşga zatlardyr. agraslyk bilen ulumsylyk meňzeş ýaly görünse-de bir-birinden düýbünden tapawutly häsiýetlerdir. hut şonuň ýaly-da, pygamber ahlagy bolan tygşytlylyk hem husytlyk, gysgançlyk we bahyllyk ýaly ýigrenilýän häsiyetlerden düýpgöter tapawutlanýandyr. bu hakykaty tassyklaýan bir wakany mysal getireliň: halyf hezreti omaryň iň uly ogly we sahabalaryň iň meşhurlaryndan biri bolan abdullah ibni-omar bir gün bazara çykýar. sahabalardan biri ymamyň ýönekeýje bir zady satyn almak üçin kyrk köpügiň üstünde satygçy bilen uzak wagtlap söwdalaşyp, çekeleşip duranyny görýär. ol öz ýanyndan, külli yslam dünýäsiniň halyfy bolan hezreti omaryň oglunyň bu ýagdaýyny husytlygy zerarlydyr öýdýär. ymamyň ozone duýdurman yzyna düşüp, onuň soňraky hereketlerini synlaýar. hezreti abdullah bazarlyk işini tamamlap, öýüne tarap ýola düşýär. öýüne ýetibereninde, gapysynyň agzynda bir garybyň garaşyp duranyny görýär. ymam onuň ýanynda sähel salym eglenip, öýüne girip gidýär. soňra-da öýüniň ikinji gapysyndan çykyp ugraberjek bolanda, ol ýerde-de bir garybyň garaşyp duranyny görýär. onuň ýanynda-da bir pursatlyk eglenip, ýoluny dowam edýär. uzagrakdan ony synlap duran sahaba bilesigelijilik bilen ol garyp bendeleriň ýanyna baryp: - ymam ýaňy siziň ýanyňyzda aýak çekip, näme etdi? – diýip soraýar. olaryň ikisi-de: - ýüz tylla teňňe berdi – diýýär. sahaba öz ýanyndan: - eý, allajan! bazarda kyrk köpügiň üstünde uly dawa edýär. soňra-da, iki ýüz tylla teňňäni hiç hili gypynç etmezden berip goýberýär. bu nä hikmet boldy? – diýip oýlanýar. hezreti abdullah ibn omar bilen gabatlaşanlarynda ondan: - eý, ymam, şu işiň syryny bir düşündir, bazarda eýle, öýüň ýanynda beýle hereket etmegiň hikmeti näme? – diýip soraýar. ymam: - bazarda şeýle hereket etmegim tygşytlylyk düşünjäm, bazar ýeriniň kadasy bolan söwdalaşyp, mümkin boldugyça arzan almak dessury sebäplidir. husytlyk ýa-da gysgançlyk zerarly däldir. öýümdäki gören ýagdaýyň bolsa, köňül ýumşaklygynyň netijesidir.
Tygşytlylyk bilen husytlyk bir zat däldir…
-
şakird
15 years ago
- pygamberimiziň (s.a.w.) aýdany: “tygşytlylyk
– eklenjiň, ýagşy gylyk – diniň ýarysydyr”.
-
şakird
15 years ago
- "her kim elinde baryny düz saklasyn. bu döwürde ile mätäç bolan adamlar ilki bilen dinini satýar" - sufýan sewri...
-
şakird
15 years ago
- “eger ykbal saňa saglyk
donuny geydiren bolsa,
süýji we ýakymly durmuş
boş goýmadyk bolsa seni,
asuda ýaşa dünýäde,
batma sen biderek gama,
menzejek bolmagyn hergiz,
bisarpa pul sowýanlara.
isrip edilen ojakda,
garyplyk ýükün ýazdyrar.
olar ykbalyň geýdiren
donuna görä tozdurar” – abul atahyýa
-
şakird
15 years ago
- “baýlyk her bir adamyň özi, namysy, ýüzi we dili üçin ajaýyp bezegdir. garyplyk – bu äsgerilmelik gapysy bolup, onuň açary ýaltalyk bilen biperwaýlykdyr. oňa-muňa mätäç etmezligi üçin, bir alladan ýardam isle, halal gazanç etmäni hem unutma. şonda sen bu zatlaryň hakykatyna anyk düşünersiň”- abul atahyýa
-
guest
15 years ago
- TUWELEME !
-
atabeg
15 years ago
- sadaka belany gaytarar, toba gunani yuwar. bu hekayatdan bize owrenere zat kan. berekella!
-
jigit
15 years ago
- gati dogri belleyan shakird iktisadin bereketi
-
DoJiGat
15 years ago
- SALAM SHAKIRD!!!
-Sagbol köp minnetdar men hem goşulyan...senden ALLAH(j.j)razy bolsun...Tüweleme gowy yazypsyn...yazsan yene okarys...gocurup aljakdyryn hemmanizin yazanynyzy...Okanlarada sagbolun...SAGLYKLY we SAHAWATLY ÖMÜR yar BOLSUN!!!...
-
123456789
15 years ago
- Meň okuýyjylara zat öwretmäge hetdim ýok ýöne şakirde sagblsun aýtmak isledim. Nickiň gowy eken şakird
şakird 15 years ago- ebu hanife hezretleri bu mesele bilen baglanyşykly şeýle diýýär:
“haýyr-yhsanda isrip bolmaýşy ýaly, isripde-de hiç hili haýyr ýokdur".