älemlere rahmet bolup goýberilen pygamberimiziň (s.a.w.) sözleri aradan asyrlar geçmesine garamazdan, adamlara ýol görkezmäge dowam edýär. ynsanlaryň iň uly duşmany bolan we duşmanlygyny-da kyýamata çenli dowam etdirjek bolan şeýtany özümizden uzaklaşdyrmak aslynda gaty aňsat. her gün öýden çykanda okajagymyz bir doga şeýtanlary bizden uzaklaşdyrar. ine, pygamberimiziň (s.a.s.) her säher öýünden çykan wagty okan we sahabalaryna-da okamagyny maslahat beren ol dogany içinde saklaýan hadys-y şerif: bir adam ertir öýünden çykanda şe‎ýle doga etse: “bismillah, tewekkeltü alallah, la hawle wela kuwwete illa billah”(allahyň ady bilen, allaha töwekgel et (ýapyş, daýan her ýerde), hiç güýç we kuwwat ýokdur megerem diňe bir allahyňky bardyr.) bu ýagdaýda oňa şeýle diýiler: sen hidaýet üzeresiň, bu doga saňa kafidir (ýeterlikdir) we sen goranjaksyň. şeýtanlar-da ondan uzaklaşar. ebu dawud

Köneler, şakird tarapyndan 14 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir