Menem söýdüm söýülmedik juwany, Menden başga bagtly baryn bilmedim, Ýöne mydam Aý astynda dostlarmyň Söýgi hakda söhbetini diňledim. Menem bagtly boldum ýagty dünýäde, Menden başga bagtly baryn bilmedim. Ýöne ot başynda dünýäni undup, Bagtlylaryň söhbetini diňledim. Ýok, men muny bilgeşleýin edemok, Adamlara gulak asman bilmedim. Begendim, gynandym, söýdüm, ýigrendim. Elmydama özgeleri diňledim. Indi bilenimden ýazýaryn aýdym, Öz-özümden monça bolýan, ýeňleýän, Ýöne sähralara çykamda, ýene Özgäň düzen aýdymyny diňleýän.
Menem söýdüm …
-
dereksiz
15 years ago
- hay dost shu soygi diyilende chepimden tutyadarey haha
-
98765
15 years ago
- dereksiz
senem yandynmy söygüden?:((
-
dereksiz
15 years ago
- hahahaha ay yoklay dash etsin soymawerayin...oylenem son soyewereyin allajan......oz gelinjigimi soyjek bolany....
-
98765
15 years ago
- ay molodes dogry aytyaň.
;yitme; diyip movzuk açypsyň velin senem
gelniňi daşary yurtlara göyberip yitiräyme.
käbir yerde uly gürleyäň velin.
gaty göräýme oyun etyandirin ok.:)
-
dereksiz
15 years ago
- yokla gaty goremok, nesip bolsa gelinigimi nirde bolsam bileje bolaryn...men name uly gurledimmikamay, nirde uly gurledimkam
-
98765
15 years ago
- sen /usher/ diyilen agzany tanayaňmy?
soňky vagtlar gelenok öyütyän görünenok
velin.
-
dereksiz
15 years ago
- hawa ol men dostuma, ol eli degyan daldir, yogsama aralarda bardy, ishe yerleshen bolaymasa...
-
98765
15 years ago
- oooo aralarda tm-da-dy.
okuvyny gutardymy näme?
-
dereksiz
15 years ago
- 98765 | kyyamat temamda chalarak tanyshdyraysan diyipsin menem dini temany tanyshlyga owurmayin diyip barik yazdym, men ukrda okayan, adymam atajan, dereksiz dalde...
-
dereksiz
15 years ago
oooo aralarda tm-da-dy.
okuvyny gutardymy näme?
98765 | 2009-10-13 13:21:01
yok okap yor, yone okuwun dashyndan ishleya oytyan
-
SerJon
15 years ago
- Hane hemmamiz soyga gecelin, atajan bulajak bolyanmy yene soygumizi ha ha ha haaaaaaa???
-
Victor
15 years ago
- yeke soz b.n aydanynda ,super,. yone soygi yok diyyanlere jogap: ylym ynanylmasy gyn zatdyr, islan alymynyza soran! soygi ynanylmasy gyn zatdyr. islan ashygynyza soran! Yaratyjy ynanylmasy gyn zatdyr, islan musulmanynyza sorayyn! -serjon sen nirede okayan? t.ndamy yada dasary yurtda?
-
dereksiz
15 years ago
- Dost temany bulajak da,gayrat edin adamlar,oglan bn gyzyn arasyndaky soyguni agzaman,agzan dine durmush guranyndan doreyan soyguni,ondan barde yashlyk soygusi geldi gecherdir
-
Victor
15 years ago
- eger yazanlarym gownunize yaramadyk bolsa otunc sorayaryn! niyetim temany bulamak dal, bilyanimi siz b.n paylashmak. DEREKSIZ paylashara bashga zat tapmadyn my diyme, meninem kawagtlar dereksiz zatlary yazmaga hakym bardyra? oyun edyan! )
-
dereksiz
15 years ago
- hahahah victor dereksiz zatlary dereksiz temalar achylar shonda basy ber....
-
SerJon
15 years ago
-serjon sen nirede okayan? t.ndamy yada dasary yurtda?
Victor | 2009-10-13 22:28:23
Dost, men Ukrainada okayan,2-nji kurs, Finansist!
-
dereksiz
15 years ago
- shu gowy goshgy yone soygi dal okayyn
Kysmat
Sen ýere gül ekseň, garaş gülüňe
Ýere tiken atsaň, gögerer tiken.
Bu kada bolupdyr ýylyň-ýylyna.
Ýere näme atsaň, şo çykar eken.
G.Ezizow
Sen ýere gül ekseň, garaş gülüňe
Bahar gelen wagty gögerer ine,
Bu gözel gülleriň arasy bile
Seň eken gülüňem, boý alar ine.
Ene toprak gögerder, atan tohmuňy
Ýere tiken atsaň, gögerer tiken.
Ýöne şol atan tikeniň birgün seniň
Ýüregňe batjagyn bilmeli eken
Daýhan bende eken hasylyn alar,
Adam hem edenin egninde çeker,
Bu kada bolupdyr ýylyň -ýylyna,
Bu kada asyrlap dowamam eder.
Kysmat diýilen zat; meňzär topraga,
Eden işiň miwesini alarsyň,
Ýere arpa ekip, bugdaý oran ýok,
Ýere näme atsaň, şo çykar eken.
-
dereksiz
15 years ago
- ine kerim agan goshgulary ine soygi
“Söýgi näme?”
“Söýgi näme?” diýip soradym Taldan.
Ol diýdi: “Söýgimi gidirip goldan,
Örtenip, miwesiz galdym men, guzym.
Indi miwäm ýok-da,
Boýum bar uzyn”.
“Söýgi näme?” diýip soradym Hozdan.
Hoz diýdi: “Ýeňilip bir ajap gyzdan,
Gabygym gatady, çürüşdi maňzym.
Ondan beýlesinem
Özüň bil, oglum!”
“Söýgi näme?” diýdim bi gara Garga.
Ol diýdi: “Sataşyp yşk diýen ugra,
Garalyp galdym men: bişirdi hazan.
Edil pamyk ýaly
Ak guşdum ozal”.
“Söýgi näme?” diýip ýüzlendim Serçä.
Ol diýdi: “Entedip gijeden gijä,
Agrammy mysgala getirdi yşlym.
Men ozal dünýäde
Iň uly guşdum”.
“Söýgi näme?” diýdim zynjyrly Dälä.
(Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!)
Däli jogap berdi elhenç ses bilen:
“Men, men, men…
Ynha, Söýgi men!..”
“Söýgi näme?” diýdim bir ajap Gyza.
Ol iki elini uzatdy yza,
Diýdi: “Söýgi meniň edebim, haýam.
Ýogsa şol ýigidi
Guçardym eýýäm!”
“Söýgi näme?” diýdim Şahyra garap.
Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap.
Diýdi: “Sorag bar-da, jogap ýok yşka,
Jogap bir başgadyr,
Söýgi bir başga!”
-
dereksiz
15 years ago
- shu gosguny gowja okan manysyna seredin
“Gaýtarma”
Begenerdik atasy öýne gelende,
Gynanardyk gaýyn öýne gaýdanda,
Obamyzda bir gaýtarma gyz bardy,
Onda-da ne gaýtarma!
Görmegeýdi. Asyllydy. Alçakdy.
Ykbal bu üç bagty berenok hemmä.
(Kä ikisin berip, birin berenok,
Käte birin berse, ikisin kemýä).
Onda şu baýlyklaň üçüsem bardy.
Ady dilindedi uludan-kiçiň.
Deň-duşlary üçin uýa bolsa ol,
Ejedi biz ýaly uşaklar üçin.
Käte kemput berip, käte gant berip,
Käte bolsa paýlap kendirli nabat,
Dilimizem, göwnümizem tapardy.
Dili-de nabatdy, ady-da Nabat.
Duldegşir goňşudyk. Olaryň öýi
Käriziň sagynda. Biziňkem çepde.
Garahassalykmy, mamamy, mergi –
O mahal her dürli keselem köpdi.
Ony dul goýupdy şo dertleň biri.
Üç ýyllap ýas tutdy başy çabytly.
Şondan bäri atasynyň öýünde.
Ol-a bir betbagtdy
Bizem bagtly.
Begenerdik atasy öýne gelende,
Gynanardyk gaýyn öýne gaýdanda.
Ynha indi ýarylyber “begen-de”
Ol gaýtarma, ol ömürlik gaýtarma!
Atasam hiç kime berenok ony.
Berjegem däl. Özem edenok meýil.
Otyr ol ak öýüň törüni saklap,
(Şeýdip diňe bagry ýaraly göýül
Oturýandyr bir oturan ýurdunda)
Iň uzak örüsi – käriz, ýeke tut.
…Ýene-de geldi ol eşik ýuwmaga,
Çabdynyň jübüsi durşuna kemput.
Edil şo mahalam bir daýaw çopan
Sowdy eşegini ýabyň boýuna.
Eňegin basdy-da käriz suwuna,
Ýene “gur-roww!” diýip, gitdi ugruna.
- Aýu, oglan, Muhtar, kemeriň galdy! -
Çopanyň yzyndan ylgady Nabat.
Näme bolanyna düşünmän galdyk –
Aýylganç gümpüldi edildi şo bat.
Ýene bir gümpüldi… Gyzyň dogany
Elinde tüpeňi, bilinde hatar,
Awdan gelýän eken. Gapdalna baksa –
Gürleşip duranmyş Nabatdyr Muhtar.
Edil şo demde-de gysylýar mäşe.
Nabat ýykylypdyr ilkinji okdan.
Çakmak çekilende ikinji sapar,
Eşekden dag ýaly gaýdypdyr çopan.
..Müňkürlik diýen zat
Hemişe şeýdip
Ykrar etjek bolýar öz dogrulygny.
Dogra ýalan, ýagşa ýamandyr öýdüp,
Käte atýar şeýdip
Öz doganyny
-
SerJon
15 years ago
- yoklay, kerim aga cozyalay!
-
dereksiz
15 years ago
- shu goshga oz pikirlerinizi aydaysanyz
-
kerkili
15 years ago
- diysen govy goshgy ...
-
dereksiz
15 years ago
- Diymesemem gowy goshgy,shu goshgyda name diyiljek bolyaka
-
Feya
15 years ago
- "gaytarma" gowy goshgy. diyjek bolyany: hich bir zadyn anygyna yetman netije chykarman. ol birinin janynyn sonuna yetmek bilen gutaryp biler. sabyrly bolup sonuna yetin, gyzmalyk etman! gaty gowy manyly goshgy!
-
dereksiz
15 years ago
- Hawa sonuna gaty gynandymay,oz doganyny atanyna
SerJon 15 years ago- gysga hem bet manyly goshgy!