“Söýgi näme?” Söýgi näme?” diýip soradym Taldan. Ol diýdi: “Söýgimi gidirip goldan, Örtenip, miwesiz galdym men, guzym. Indi miwäm ýok-da, Boýum bar uzyn”. “Söýgi näme?” diýip soradym Hozdan. Hoz diýdi: “Ýeňilip bir ajap gyzdan, Gabygym gatady, çürüşdi maňzym. Ondan beýlesinem Özüň bil, oglum!” “Söýgi näme?” diýdim bi gara Garga. Ol diýdi: “Sataşyp yşk diýen ugra, Garalyp galdym men: bişirdi hazan. Edil pamyk ýaly Ak guşdum ozal”. “Söýgi näme?” diýip ýüzlendim Serçä. Ol diýdi: “Entedip gijeden gijä, Agrammy mysgala getirdi yşlym. Men ozal dünýäde Iň uly guşdum”. “Söýgi näme?” diýdim zynjyrly Dälä. (Pikirini bilmek aýyp zat däl-ä!) Däli jogap berdi elhenç ses bilen: “Men, men, men… Ynha, Söýgi men!..” “Söýgi näme?” diýdim bir ajap Gyza. Ol iki elini uzatdy yza, Diýdi: “Söýgi meniň edebim, haýam. Ýogsa şol ýigidi Guçardym eýýäm!” “Söýgi näme?” diýdim Şahyra garap. Şahyr bir ýylgyrdy kellesin yrap. Diýdi: “Sorag bar-da, jogap ýok yşka, Jogap bir başgadyr, Söýgi bir başga!”
“Söýgi näme?”
-
yewropa
15 years ago
- shunun yali turkmen goshgularyny eshidenimde diysen buysanyan hemde guwanyan gaty gowy sada dilde yazilan goshgy sarpalarym bolsun sana yatan yerin yagty bolsun kerim aga...
-
ýadan.
15 years ago
- juwanlykda kämil söýüň, juwanlar
oýun edip girmäň yşkyň goýnuna
ýogsa durmuş şeýle silterlär weli
eliň degmez söýgi-söýgi oýnuna
-
ýadan.
15 years ago
- sen meň "hakykatym", ey meniň söýgim
joşly göwnüm seni juda söýüpdir
"hakykat" gap-çanak yuwyan pursatam
ajaýypdyr,ýönekeýdir beýikdir
-
ýadan.
15 years ago
- Söýgi günleriniñ adaty, ine:
Her günüñ – açyşdyr,
her günüñ – şatdyr.
Onuñ algebrasyn çözersiñ. Ýene
Birini ýazansyñ, ikisem ýatda.
Meniñ söýgim şeýle kämil çykypdyr,
Eger sen dönäýen bolsañam daşa,
Söýgim gursagyña girip, diýerdi:
“Sen meni ýaratdyñ. Indem sen ýaşa!”
Bir gösem-ä, saña elim ýetenok.
Bir görsemem, ruhumda sen, sen golaý.
Bir özüme gökde ýyldyz az ýaly,
Ikimize welin, ýeterlik olar.
Ýatlama-da sary, gussa-da sary.
Yşk lezzeti köñli guçýar günsaýy.
-
ýadan.
15 years ago
- Dogmajak ýalydyr güni hem aýy,
Aşyk ýigit aýra düşse ýaryndan,
Ýöne gam çekmekde, heý, many barmy?
Bu ýeke-täk ýolmy ýollañ baryndan?
Söýgi hasrat däldir.
Ýürekde dörän,
Hiç mahal guramaz baldakdyr baldak.
Men söýgini belent göterdim örän,
Misli maña tabşyrylan al baýdak.
Men ölerin.
Şeýdip mazarym dörär.
(Alaç barmy – tebigatyñ emri bu).
Söýgim gelip mazaryma büdürär
Hem bir ädim uzaldar meñ ömrümi.
Söýgim gözýaş döker üstümde günde,
Her hal säher tüm çetinden jyklanda.
-
ýadan.
15 years ago
- Ähli duşan hem duşmadyk ykballañ
Dünýesidir biziñ ümmülmez dünýä.
Duşanlary – bir ýassykda uklarlar,
Duşmadyga – bir ýassyk az görünýä.
Şu gün köçämizden bir gözel geçdi.
Kim ol? Ady näme? Gelipdir nirden?
Ol saña şeýle bir gaty meñzeşdi,
Señ adyñy tutman saklandym zordan.
Sen sesimi eşden bolsañ eger-de,
Ýüregñi gyýardy ol misli päki.
Men nirde ýansam-da, doñsam-da nirde,
Seniñ rahatlygyñ bozmaryn baky.
Seniñ rahatlygyñ bar bolsa eger,
Üstünden lowurdap tylla Gün dogar.
-
ýadan.
15 years ago
- Ine, adamzadyñ iñ zerur bagty:
Söýgi bet pygyldan çykýandyr üstün.
Siz şeýle bir söýüñ, şeýle söýüliñ,
Goý, gökde ýyldyzlañ gözleri gitsin.
Söýüp – peslik, pislik köküni gyryñ!
Söýgi bilen söýüñ! A söýgi giñdir.
Her hal geçmişimden ýokdur ahmyrym,
Çünki meñ geçmişim – seniñ söýgiñdir.
Seniñ aýdyp ýetişmedik sözleriñ,
Ýañakda gijeden yz galan halyñ,
Seniñ meni gözläp ýören gözleriñ –
Şudur ähli geçen, geljek ykbalym.
Gör, eýýäm iñrige gark bolupdyr ýer,
Ömrüñ agajyndan düşüp dur günler.
-
Feya
15 years ago
- yadan. siz goshgylar bilen gyzyklanyan bolsanyz on goshgylar barada kop tema achyldy, we sho yerden kop goshgylary tapyp bilersiniz!
-
ýadan.
15 years ago
- aladaň üçin sag bol. ýöne şol açylan sahypalardan habarym bardy. aglaba bölegine menem goşulypdym.
bu ýerde gürrüng goşgy barada däl-de söýgi temasyna degişli pikirler we goşgular barada.
şol maksat bilen ajaýyp şahyrymyz gurbannazar eziziň goşgy setirlerini ýerleşdirdim. bu goşgularda söýgi atly duýgynyň gaty kämil bolmalydygy barada gyzykly we tasin, möhüm we peýdaly pikirler bar.
ine muňa bir mysal:
Söýgi hasrat däldir.
Ýürekde dörän,
Hiç mahal guramaz baldakdyr baldak.
Men söýgini belent göterdim örän,
Misli maña tabşyrylan al baýdak.
ýa-da
sen meň "hakykatym", ey meniň söýgim
joşly göwnüm seni juda söýüpdir
"hakykat" gap-çanak yuwyan pursatam
ajaýypdyr,ýönekeýdir beýikdir
-
bygja
15 years ago
- yadan sen yadamankan goshgylany goyayda?
-
Kardem
15 years ago
- Men heçen az güyz hakynda ylmy iş yazyp yörkäm inetde 1 qoşqa okadym. Şu waqt şol qoşqyny qözleyän weln hiç tapamok. Şahyry ya yazylmandr ya-da men üns bermedm. Goşgy 1 qyz b/n oqlanyn aydyşyqy qörnüşnde yazylypdyr. Oqlan näçe yalbarsa-da qyz näz edyär. İn sonunda oqlan bar umydymy üzyän diyende qyz üzmerin diyyär. Eqer sizem şol qoşqa duş qelsenz qayrat edip yazayyn-da thanks!
-
Kardem
15 years ago
- Men heçen az güyz hakynda ylmy iş yazyp yörkäm inetde 1 qoşqa okadym. Şu waqt şol qoşqyny qözleyän weln hiç tapamok. Şahyry ya yazylmandr ya-da men üns bermedm. Goşgy 1 qyz b/n oqlanyn aydyşyqy qörnüşnde yazylypdyr. Oqlan näçe yalbarsa-da qyz näz edyär. İn sonunda oqlan bar umydymy üzyän diyende qyz üzmerin diyyär. Eqer sizem şol qoşqa duş qelsenz qayrat edip yazayyn-da thanks!
-
Kardem
15 years ago
- Baqyşlan heçen az däl-de qeçen ay bolmaly telefonda yazamson qaryşypdyr.
-
balocka
15 years ago
- Menem goshulayyn lirikanyza.Men G.Ezizowyn goshgusyndan yazayyn,dorudanda sheyle goshgulary okanda kalbyn heyjana gelyar
Seni soydum,soyup bir gez beygeldim
Senisoydum has ginedi bu dunyam
Oz yenles gylygma gazaply boldum
Oz durmush ornuma indi dushunyan
Kim men jogap tapman bu gunlere cen
Seni soyup kimdigini bildim men
Yenil gopdum bashymdaky oyme dek
Diydim ejiz bu dunyade soymedik
Seni soyup goz yetirdim bir zada
Kyncylyk yok ,
Ejizlik bar dunyade...
-
DG
13 years ago
- Da$ go$gular,okap hezil etdim.
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- söygi olam bir gudrat
-
Auditor
13 years ago
- Howa perijik dogry aytyan
-
p0e0r0i0j0i0k
13 years ago
- da da da
bygja 15 years ago- salam sen K.gurbennepesowyn goshgysyny yazdyn oytyan ?