Salam agzalar we myhmanlar! "syrkawlyk" barada aýratyn mowzuk açylman ekeni şu wagda deňiç bärde ýa-da men görüp bilmedim. Geliň, bärde azyragam syrkawlyk barada gürrüň edeliň! 1- Syrkawlyk näme? 2- Näçe dürli syrkawlyklary bilýärsiňiz? 3- Olaryň yşaratlary nähili? 4- Özüňizi syrkawkaňyz nähili duýýarsyňyz? 5- Olaryň çäreleri näme?! 6- Syrkawkaňyz günlik durmuşyňyzda üýtgeşmelr bolýarmy we nä derejede?! Şu we şuňa meňzeş zatlar barada pikir alyşaýsak! Sag boluň! PS: Bugün mowzuk açma rekordymy goýdum öýdýän - jemi 4 :P
Syrkawlyk haly
-
ata
15 years ago
- şu ynsan hassa/näsag/syrkaw bolanda, özüni örän ejiz duýýar we goldawa mätäç hem bolup bilýär kä ýa-da köp halatlarda.
Birem, hassa adam has hem özüni gowy hasaba çekip, Biribara ýakynlaşyberýär. Gözel ahlak we ynanç taýdanam kämilleşiberýän ýaly. Doga-dilegleri hem artýan ýaly. Haçanda özüne gelende, bu zatlarda azalma bar ýaly.
Şu ýagdaý barada öňem-ä 1 ýazgy goýupdym, tapan wagtym paýlaşaýaryn-da, enşallah.
Siziňem pikirleriňiz bardyr, şu ýagdaýda sizem paýlaşyp duryň!
-
ata
15 years ago
- Bäh, şu wagdam asgyrdym bar-a :)
men-ä ertiriň wagty girenligi sebäpli, ertiri okap, ýatmana jypýandyryn :)
Sag bolup we bagtly boluň, adamlar :D
-
usher
15 years ago
- ata limona hayr etmeli dermanyali..
-
ata
15 years ago
- hawa, sag bol, usher!
men ýöredim!
-
usher
15 years ago
- biram bara donuz virusy gorkuzyalay kan adamyn janyny alli eyyam,,
-
chopan
15 years ago
* ata
* 8 jogap
* 62 okalan
* 2009-07-12 18:03:18
dostum beylekilerina bilemok welin şu diş agirisi yikyan eken adami. şonun üçin dostlar çalarak agirdimi göni dişça jirmali.
1-aslinda sagligimizin gadirini saglikda bilmeli, bolmasa sirkawlanson aladasi gati kan bolmali. sirkawlamajak bolup elimizden gelenini etmeli.
Erbet ýagyş ýagdy 2 günläp yzly-yzyna. Şonda gowja buýupdyryn öýdýän daşarda ýöräp gelýärkäm. Soňam gowja üsti-başymy guratman gezipdirinmi. Gije ýatyp, irden turdym welin, burnumy çekip duryn. Soňky 2 gün heläk etdi meni şu burun. Hem asgyryp geçdim, hem-de burnumy arassalap, hatda, burnym gyzaryp gitdi bar-a köp tämizlemekden ýaňa
ata | 2009-07-12 18:07:21
beytsek bolmanam kesellaris, adam diyilen zat demir dal, hatda demirem yoyulyar.
2-belli wgtlarda doktori görüp durmali. esasanam diş(6 ayda bir aylanmali doktorin yanina).
3-birem kesellan wagtin, özi geçip gider diymeli dal. doktorin yanina.
4-kesellan adamlar bilyan birilerinden kömek almali, bolmasa sonki döwürlerde yaman samadelni doktorlar köpelipdir.
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Syrkawlygy ýeñjek bolsañyz ol hakda pikir etmeli däl. Ruslar "samownusheniýa" diýýäler. Meselem "men kesel" diýip ýöreseñ hakykatdanam öziñi kesel ýaly duýýarsyñ.
Men kelle agyry diýen zadyñ nämediginem unutdym. Sebäbi kelläm agyran ýagdaýynda bir çilimjik otlap, kelle agyry barada dälde bashga zatlar hakda pikir etýän. (alada, okuw, söýgi, ertir näme etmeli?). Kellämiñ agyrýanyny ýatdanam çykarýan.
Iñ esasy zat sport bilen meshgullanmaly. Endik edip bilseñ günde ertirine 30 minut ylgamaly.
Ýene bir bellemeli zat, alada etmeli däl. Gaýgylanmak, aldada etmek ýürek keseline, aýak rewmotizimine, ashgazan ýazwasyna getirip bilýär.
Shonuñ üçin durmush gül ýaly diýip optimist bolup ýashabermeli. :)
-
mejnun_i
15 years ago
- mowzuk bilen baglanşygy yok yöne yenede sizden şu diş barada bir zat soramakçy.Menin bir dişim ta litseyin birinji yylyndan bari gapdaldan çykdy.İnda dymam ulaldy weli adam yaly gülüp bolonok.Gaty helak edya.Garaz şu dişimi natmeli?kimisi sogurt ayyryp taşla diyyar,kimisem o gapdaldan çykan dişini dalde onun içindaki dişi al we gapdaldan çykan dişinem sim bilen düzlt diyyarler weli haysyny etmek has amatly ka?Bilyanleriniz,tejribeliniz maslahatlarynyza garaşyan.
-
Studentka
15 years ago
- Mezhnun_i,
pikirimche gapdaldan chykan dishini ayyrtsan gowy bolar...sebabi ony ayyrman, ashakdakyny ayyryp we beylekini dogurlajak bolup brace (breket) geysenem yerleshyan yeri bir bolmanson gownune layyk dogurlanmazmyka diyyan.
P.S. ay muny agzalaryn ichinde dentist bar bolsa jogap beraymeseler..
Turkmenistanda brace geyyan barmyka? Menin bir klasdashym inchejik sim geyyadi welin, ony min 1-2 yyl saklamaly oydyan, chykaryp goyup yorsenem'a bolyan daldir(?) shonka dogurlanmandyr...
Sonam brace'ler barde ha yaman gymmat $1000-5000 aralykda..dishin yagdayyna bagly..
-
Studentka
15 years ago
kelläm agyran ýagdaýynda bir çilimjik otlap, kelle agyry barada dälde bashga zatlar hakda pikir etýän.
P.S. onda her kellesi agyran bir chilimjik otlap chekaymelidirda?
Ay men onda gunume bir pachka chekmeli bolyan, baa bula kyn dushjek :)
ata 15 years ago- neme, men-ä ýokardaky soraglara jogap bermezden burun, öz ýagdaýym barada aýdaýyn:
2-3 günlükde, şu tomusyň jokrama yssysynda üşäpdirin-aý :D Muny nädip başarananyma özümem haýran :)
Erbet ýagyş ýagdy 2 günläp yzly-yzyna. Şonda gowja buýupdyryn öýdýän daşarda ýöräp gelýärkäm. Soňam gowja üsti-başymy guratman gezipdirinmi. Gije ýatyp, irden turdym welin, burnumy çekip duryn. Soňky 2 gün heläk etdi meni şu burun. Hem asgyryp geçdim, hem-de burnumy arassalap, hatda, burnym gyzaryp gitdi bar-a köp tämizlemekden ýaňa :)
Men-ä çäre hökmünde derman içmedim. "Men çopanda öz-özem geçip giderlaý" diýip arkaýyn :D Ýöne bally we limonly gyzgyn çaý-a içýän köpräk şu günlerde.