http://turkmenler.org/pdf/Owezberdi.pdf İl ogly, şahyr hem žurnalist Saparmyrat Öwezberdi Aradan çykdy (22.02.1939 Bäherden-19.06.2009 Waşington) Şu hepdäniñ anna güni Waşingtondan ajy bir habar gowuşdy. Uzaga çeken keselden soñ, şahyrymyz, žurnalistimiz Saparmyrat Öwezberdiniñ dünýänden gaýdandygy hakynda ogly Bahtyýar telefon arkalay aýtdy.Bu gussaly habary eşidinimde, depänden sowuk suw guýulan ýaly boldy. Ol her gezek telefon edende, ýa-da hat ýazanda heniz-heniz ölüme boýun egmejegini aýdardy. Nädersiñ ajal şahyrymyza maý bermän, ony elimizden alyp gitdi.

Köneler, talyplarcom tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir