Ahyrýet ynanjy we aňyýetimi; gabry, dünýäniň aladaly durmuşyndan Jennede alyp barýan bir koridor ýaly görkezer..
Ölümiň syr doly bilinmeýänleri..
-
şakird
15 years ago
- ÖLÜM, ýokluk däldir.
Ahyrýet ynanjy we aňyýetimi; gabry, dünýäniň aladaly durmuşyndan Jennede alyp barýan bir koridor ýaly görkezer.. şeýlelikde, ölüm, çüýräp ýok bolup gitmek däl-de, diňe bir ýer üýtgetme, dünýädäki synagyň gutarmagy sebäpli wezipeden aýrylma bolup görüner… ýagşylyk we ýamanlyklaryň garşylygy ahyrýete goýlup, gowy adamlaryň nä derejede dogruçyldygy ölçelýär. Erbetlere-de, edýän erbet işlerini terk etmekleri üçin wagt berilýär. .
eger, ahyrýete imanyň geregi bolan Allatagala jogap bermek pikiri bolmasa, ‘güýçli bolanyňky dogrudyr’ kadasyna görä jogapkärçilik duýgusyny ýitirenler we ellerinde güýji bolanlar, hak we adalatyň tarapynda bolmazlar. Bular öz keýp we höweslerini ölçeg Kabul edip, dünýäni we sosial durmuşy Dowzaha öwrüp bilerler. Söýýän adamlarynyň ölüminden soňra gaty uly hasrat çekmek bilen bilelikde, ahyrýetde iman duýgusy bilen teselli tapar, depressiýadan gutular.
"Ol ölmek bilen ýok bolup gitmedi. Onuň bilen ýene-de duşuşyp görüşmek mümkinçiligim bar. Ebedi bir älemde, soňsuz we ölümsiz bir durmuşda täzeden we hiç wagt aýrylmajak şekilde duşuşaryn. Rabbim muny wada berýär, söz beripdir, Ol, sözünden dönmez" diýip teselli tapar.
-
şakird
15 years ago
- JOGAPKäRçILIK GAZANDYRAR
ÖlenDEN soňra Allah taraPYndan DIRELDILJEGINE IMAN EDEN WE DüNýä DURMUşynda eden ýagşylyk we ýamanlyklarynyň garşylygyny görjegine şeksiz-şüphesiz ynanan bir adam özüni Pygamberimiz(saw)’iň ahlak usulyna görä sazlar. Pygamber ahlagy bilen ahlaklanan adamlardan dörän bir jemgyýetde huzur we ynam bolar. Adamlar biri-birlerine ynanyp iş ederler, biri-birlerine ellerinden geldigiçe kömekleşerler. Ahyrýete iman, adama gaty mätäç bolan jogapkärçilik duýgusyny gazandyrýar.
Bu duýgy; özümize, Watanymyza, maşgalamyza, milletimize, adamlara, hat-da, haýwanlara garşy hem borçlarymyzy ýerine getirmegimizi gazandyrýar. Adamlar biri-birlerine ynanyp iş eder, biri-birlerine ellerinden geldigiçe kömekleşerler. Jezalandyrylmak gorkusy bilen başgalaryna zyýan bermekden, erbetlik we haksyzlyk etmekden gaça durarys. Gowy bolan adamlar dünýäde alyp bilmedik sylaglaryny ahyrýetde almak ynanjy bilen bagtly bolarlar. Hasrat çekmekden we depressiýadan gutulyp, sagdyn durmuşda ýaşarlar.
-
şakird
15 years ago
- GÖZÜňiZi Pul HyRSy BÜReMESİN
malyny artdyran bir adam näme etmeli? Dowamly Allatagala şükür etmeli, garyplary, mätäçlik çekýänleri gorap, olara arka durmaly. Hyrs we tama, gözleri kör eder. päk duýgularıy adamyň içinden söküp alar. Beden we ruhdan ybaret bolan ynsanda ruhuň yagny manewiýatyň yzy galmaz. gazanan ynsan berip bilmegi-de öwrenmelidir.
Allah’yň razylygyny, iň köp söýülýän zatlardan bermäge baglaýan dinimiz, şeýlelikde, ynsanlaryň tama we hyrs çukuryna düşmeleriniň öňüni almaga çalyşýar. Bu çukur, şeýle bir çuň we kirli hapalar bilen doly bir çukurdyr, oňa düşen ynsan dowzaha-da düşüp biler. Unutmalyň; Kabil, Habil’i hyrsyna yeňik düşüp öldüripdi. şeýlelikde, ýer-ýüzündäki ilkinji jenaýat, kanagatsyzlyk ýüzünden işlenipdi, diýip bileris.
Möwlana, Mesnevi’de şeýle diýýär: "Ogul! Bagyňy gopar we gutul. Haçana çenli altyn we kümüş bagyňda galarsyň? Deňizi bir käsä guýjak bolsaň näçeräk sygar? Diňe bir günlük ryzk mukdary. Hyrs we tama ehliniň gözi doýmaz. Emma, sedef(okeanlaryň içindäki içi göwherli rakuşka) kanagat edip ýapylmadykça içinde göwher bolmaz." Ynha, kanagatyň serpaýy budur. Takyk ýerinde we wagtynda kalbyny hyrsa garşy ýapyk tutan kanagat ehli, göwhere, ýagny, Allatagalanyň razylygyna gowuşjakdyr.
Pygamberimiz(saw), başga kölegäniň tapylmadyk gününde Jenab-y Hakk’yň kölegelendirjek ýedi toparyndan gürrüň edende ‘sag eliniň berenini sol eli duýmaýan kimseler’I de sanaýar.
-
şakird
15 years ago
- täze haýyrlara ylgaň!
Gurhan-y Kerim’de-de "Sadakalaryňyzy başa kakma we eza bilen boşa çıkarmaň." (Bakara, 2/264) buýrulýar. Jomartlygy bilen kömege ylgan, düşeni galdyran, ýalaňajy geýdiren, ajy doýuran, magnawy kemaly bilen özü-de doýan birine sorapdyrlar:
"munça haýyr we hasanat edýärkäňiz hiç men-menlige girmez, özüňizi kömek eden adamlaryňyzdan üstün görmezmisiňiz?” “ol nähili söz?” diýipdir. “hiç aşçynyň elindäki kepçe men adamlary doýurýaryn diýip men-menlik edip bilermi? Menem bir kepçe, Allatagala, yhsanyny gullaryna meniň bilen dagadýar." Mal bilen, bilim bilen, beden bilen bir kişä kömek etdiňiz, iň azyndan ýylgyrşyňyz bilen göwnüni aldyňyz; geçiň gidiň. Ol ýerde kän eglenmäň, başga haýyrlara ylgaň.
eden işleriňizi başgalaryna aýtmak beýlede dursun, özüňizem hiç ýerik bellemäň. Ne mal siziňki, ne ylym siziňki, ne-de bedeniňiz hakykatda size degişli. Bütin bu nygmatlaryň eýesi, jomartlygynda sizi sebäpkär eden bolsa, iň uly sylaga gowuşanlygyňyzdyr. Emma, özünizi O’nuň ýerine goýup “bu ýagşylyk menden” diýäýmäň..
-
dokmacy
15 years ago
- şakird, ýazanlaryň ýa-da terjime edenleriňe allaýalkasyn!
bir soragym bar weli eger mümkin bolsa
muhammetaga@gmail.com adresine bir mail atsana
sag bol
-
ecz
15 years ago
- ölümiň yokluk bolmadygyny subut edip bilersiňmi
-
muslimah
15 years ago
- wah shu olum diyse gorkyan mena,gorkmaly dal welin,olilerden gorkyan,yokardaky surady gorup tisginip gitdim goymang indi beyle surady :(
-
hoshowaz
15 years ago
ölümiň yokluk bolmadygyny subut edip bilersiňmi
hakykatdanam munun jogabyny gozleyan bolsan subut edip bolar. yone tersi bolsa onda olulerin yanyna baryp gaytsanam, dowzahy we behishdi gorsenem, hatda hudaytagalany gorsenem ynandyryp, subut edip bolmaz!!!
ecz | 2009-06-20 05:38:06
-
ozik
13 years ago
- $akird öran gowy yazylan tema eken!
-
Adgjmptw
13 years ago
- Howwa...
-
Yusupbeg
13 years ago
- ölüm adamlara ýeterlik wagyzdyr. Pyýgamberimiz Muhammet SAW aýtdy: "Men size iki zat goýup gidýän biri gürleýär ikinjisi gürlänok. Gürleýan zat Kurany Kerimdir, gürlemeýän zat ölümdir."
Каю гула ажалнын вагты етсе,
Гутулмаз хер ниче ким хиле этсе.
Олум шерабындан гуярлар агзына ютсан ютмасан,
Горде узадып гоярлар ятсан ятмасан.
бай ятмажак болуп чабаланарсын. перишделер гелип йузуни кыбладан овурип гойберерлер, дири вагтын кыбланы танамасан олу вагтын сен кыбла асыл хем герек дал.
-
Bahbit
13 years ago
- .
-
guljagaza
13 years ago
- şakird хер бир ынсан оленден сон ол дунйеде наме соралжакдыр илки б.н ???????
şakird 15 years ago- şeýlelikde, ölüm, çüýräp ýok bolup gitmek däl-de, diňe bir ýer üýtgetme, dünýädäki synagyň gutarmagy sebäpli wezipeden aýrylma bolup görüner…
Ölenden soňra Allatagala tarapyndan täzeden ýaradylyp direldiljegimiz we ölümsiz bolup ýaşajagymyz älemdir ahyrýet. Direljek günümize-de ahyrýet güni ýa-da mahşar güni diýilýär. Ahyrýet gününden öň kyýamatyň gopmak hadysasy bolup geçer. Kyýamatyň gopmasyndan soňra adamlar Allatagala tarapyndan ikinji gezek direldilip, eden ýagşylyk we ýamanlyklarynyň garşylygyny almak üçin Allatagala’nyň huzurynda toplanarlar. Rabbimiz üçin ynsanlar ölenden soňra olary direltmek örän aňsatdyr. Beýik Möwla muny Gurhan-y Kerim’de şeýle bildirýär:
"Mahluklary ilki ýokdan ýaradan, ölümden soňra-da direlden O’dur. Bu direltme O’ňa görä örän aňsatdyr. Göklerde we ýerde iň beýik sypatlar O’nuňkydy. Hakykatdanam Ol mutlak galipdyr, tam höküm we hikmet sahibidir." (Rum süresi, 27. aýat)
Dünyäde her gün milýonlarça jandary ýoktan bar eden ylahy gudrata ýene ýokdan ýaradan ynsany ölümden soňra ikinji gezek nädip ýaradyp biler? diýlip bilnermi? Gözümiziň öňünde gyşyň akja sahypasyny öwrüp bahar we ýazyň ýaşyl ýapragyny açyp ýer-ýüzi kitabyny iň gözel şekilde ýazan, her agajyň, her ösümligiň programmasyny onuň kiçijek tohumynda gizläp goran Allatagala, ölen adamlaryň ruhlaryny nädip gorar diýlip bilnermi?
Dünýäni we sansyz-sajaksyz atmosferalary, ýyldyzlary gudrat elinde top ýaly pyrlaýan, tesbih monjuklary ýaly aýlaýan Jenab-y Hakk’yň hiç bir kynçylyksyz ýaradan ynsanlaryny täzeden direltmeginde O’nuň üçin hiç hili kynçylyk bolup bilmez. Bahar möwsüminde bütin ösümlikleri we gülleri ýaratmak, O’nuň gudratyna ýekeje güli ýaratmak ýaly aňsatdyr. Hiç bir zat O’nuň gudratyna kyn düşmez.