dostlar gayrat edin, mana halk arasynda kop aydylyan gosgylardan goyberin? meselem: bagt paylansa uc baylygy ilki al, ylgap baryp saglygy hem erki al, yany bilen cuval cuval gulki al galan zat tapylar, onam goyup git. dost paylansa aber diyip gyssanma berilen son yagsy sozun gysganma, gerek bolsa yeke gozun gysganma.... arman dowamyny bilemok, su ve suna menzes manyly gosgulary yazmagynyzy sorayaryn....
soyyan gosgylarymyz
-
Feya
15 years ago
- gozelligi sor bagryna oykenine
soyülsen soy, soyulmesen suykenme
-
Feya
15 years ago
- kime aytmaly? :)
shulam gowja:
Kämil bolup, aklym ýetdi bir zada:
Mydam köñül arzuwyna ýetme ýok.
Bir gezek söýmek bar ýagty dünýäde,
Ýaşamagam iki gezek berlenok.
-
BURGUT
15 years ago
- feya bet goshgylary tapyang!!!
-
mevlana
15 years ago
- başarsan köplügün içine garyş
tanyşdan dost tutun yatlardan tanyş
jigulin içinde gözleme durmuş
köplük bilen awtobusa münüp git
-
Feya
15 years ago
- Sen meniñ bagtymmy ýa meniñ gaýgym?
Bagtymmy?
Gaýgymmy?
Ony kim bilýär.
Seslen sen, seslen sen, eý meniñ söýgim,
Saña oñat sözler aýdasym gelýär.
***
Ine, adamzadyñ iñ zerur bagty:
Söýgi bet pygyldan çykýandyr üstün.
Siz şeýle bir söýüñ, şeýle söýüliñ,
Goý, gökde ýyldyzlañ gözleri gitsin.
-
mevlana
15 years ago
- bu nakyldyr adamzat sen bu mekana geldin
owal atan bilinden syzyp nahana geldin
atadan ena gecip bir katra gana geldin
enede surat bolup bu şirin jana geldin
emip enan süydini gundalyp dona geldin
-
mevlana
15 years ago
- YAGŞYLYKDA ÖZÜN İLE TANADAN
ALKYŞ ALYP DEREJESİ ZOR BOLAR
YAMAN BOLUP YAGŞYLYGY UNUDAN
ÖZ YZZATYN GİDİR İTDEN HOR BOLAR
-
BURGUT
15 years ago
- wagt geler dogan-dogandan gecher
demirler ganatlap asmanda uchar
zenanlar dik durup al sherap icher
her oyde bir tamdyr bolar yaranlar
-
dereksiz
15 years ago
- mena magtymgulyny gaty gowy goryan we shonun goshgularyny sisze yetireyin birini
paş eder seni
içki syryň aýtma her bir namarda,
syryň ile ýaýyp, paş eder seni.
ogry-kezzap bilen obadaş bolma,
malyňdan aýyryp, aç eder seni!
sam-sam adam bilen oturma, turma,
zynhar, namart bilen sen söhbet gurma,
gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme,
barsaň, depesine täç eder seni!
bir goç ýigit näzenine ýar bolsa,
jemalyny bir görmäge zar bolsa,
aralykda bir şum rakyp bar bolsa,
Ýagşy dostuň bilen öç eder seni.
sopular ýaňylyp aýtmaz senany,
säher tursaň, geçgeý barça günäni,
aýtmawer gybat söz, etme zynany,
dowzahyň oduna duş eder seni!
magtymguly, ile ýaýdyň nesihat,
zynhar, ýaman bilen bolmagyn ülpet,
huda berse sagadatly bir perzent,
garrygan çagyňda ýaş eder seni
-
Feya
15 years ago
- halayan goshgulamyn biri:
GEÇERMI
Gözel gyza aşyk bolan goç ýigit
Perwana deý oda ýanman geçermi?
Ýar lebinden posa alan goç ýigit,
Ýar şanyna gazal ýazman geçermi?
Bu dünýä dünýäsi begenjiň, yşkyň,
Söýene-bahar-ýaz, söýmeze-gyşdyr.
Aşyk bolan magşugyna gowuşsyn,
Ýar ýaryny ýada salman geçermi?
Hakydamda yşka düşen ýyllarym
Ysgap gülüň müşki-enwer bulguryn,
Dergähinde serhoş bolan dilberim,
Hak aşyklar bada alman geçermi?
Ýar gitdi gursakda perýady galdy,
Guba gazsyz yşkyň derýasy galdy
Ýardan jyda salan ykbal ykbalmy?
Mejnun syryn ile ýaýman geçermi?
Jigerimde ýar lebiniň dagy bar,
Gursagymda aglanmadyk agy bar.
Saparmyrat zybanymda ady bar,
Heý gursakda galan arman geçermi?!
(Saparmyrat Turkmenbashy)
-
Adybeg
15 years ago
Gözel gyza aşyk bolan goç ýigit
Perwana deý oda ýanman geçermi?
Ýar lebinden posa alan goç ýigit,
Ýar şanyna gazal ýazman geçermi?
gözel gyza aşyk bolan şol yigit
talyplarda gazal aytman geçer mi
yar suratyn görmesede ol yigit
gözel gyzyn lak atmanjyk durarmy
-
dokmacy
15 years ago
- saparmyrat göter iliň derdini,
il depesine götermeýär her kimi,
ömrüň berdiň,sen ýene-de bergili,
bu dünýäde merdem ýaşa,merdem geç.
S.türkmenbaşy türkmen halkynyň lideri
-
Feya
15 years ago
- Solan ýalydyr *
Sahylar şat bolar myhman gelende
Jahyla ýaraşar oýnap, gülende,
Adam ogly segsen ýaşa gelende,
Görseňiz, gyzyl gül solan ýalydyr.
Birniçe adam bar, ýygar teňňäni,
Özüňe taý görmän gezer öňňäni,
Namysly goç ýigit alsa ýeňňäni, -
Elmydam agasy ölen ýalydyr.
Ýene birisi bar, derwüşler başy,
Bedeni ak bolar, meledir daşy,
Säher nalyşynda gözünde ýaşy,
Dowzah-uçmahyny bilen ýalydyr.
Magtymguly okap, kitabyn açsa,
Kyrk çilten ýygnanyp, şerabyn içse,
Mal tapan goç ýigit zürýatsyz geçse,
Elmydam yzynda talaň ýalydyr.
* Goşgynyň birinji bendi ýok!
-
Feya
15 years ago
- GARŞYLAÑ GYZLARY
Owadan, siz, gyzlar, gözel siz, gyzlar,
Siz gülleñ eýesi, guşlañ eýesi.
Hüşermäñ, oglanlar, göriplik etmäñ,
Gözellik gyzlaryñ baky mirasy.
Görýäs biz olary uzak ýollarda,
Görýäris zavodlañ gyzgyn sehinde.
Görýäris asmanda, görýäris suwda,
Şadyýan gözlerin gyzlañ her günde.
Gyzlar baş daraýar aýnañ öñünde,
Gün äpet göwresin sallanda ýere.
Goý, olar beslensin, goý, beslenmesin,
Deñemäñ görklerin göwhere-zere.
Gün gizlenýär äpet gomlañ teýinde,
Barýar gyzlar köçelerden howlugyp.
Baýyrlañ üstümi, köprüleñ gerşi,
Parhy ýok, oglanlar, garşylañ gülüp.
Garşylañ siz syr saklaman ýürekde,
Boluñ siz näzijek gyzlañ eýesi.
Düşüniñ, oglanlar, aýañ gyzlary,
Gözellik gyzlaryñ baky mirasy.
-
Feya
15 years ago
- TÜRKMEN OGLANY
Garañkylyk sowlup gitdi bireýýäm,
Parlak Gün lowurdap şöhlesin saçdy.
Kanalmyzyñ köprüsiniñ üstünden
Kombinzonly türkmen oglany geçdi.
Güldürip owadan goýun gözlerin,
Daş köprüden bäri bakan pillesi,
Ol gözler şeýle bir jadylap meni,
Dikildi ýüregme yşgyñ güllesi.
Töwerege aralaşyp ümsümlik,
Bulutlar seýl etdi mawy asmanda,
Ýüregimi ýesir edip ýüregne,
Özüm gitdim, ýürek galdy şol ýanda.
-
Feya
15 years ago
- GÖZLEDIM SENI
Bahar güller açanda,
Saýrap, guşlar uçanda,
Güneş nurun saçanda,
Janym, gözledim seni.
Ýodalardan, ýollardan,
Uzak-uzak illerden,
Gülälekli gollardan,
Gülüm, gözledim seni.
Bakdym belent daglara,
Serçemenli baglara,
- Gel, läläm, gara maña! –
Diýip, yzladym seni.
Ýürek aglar gün-günden,
Aý gyz, gizlenme menden.
Gara gözleñ içinden
Saýlap gözledim seni.
-
mevlana
15 years ago
- ine hakyky gosgy
Ekiz taýy ýaly jorasy bilen,
Jümjüme gülleriň arasy bilen
Jümjüme ýaglykly bir gözel gelýär
Jümjüme köýnekli jorasy bilen.
Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,
Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.
“Gyzym, uýam” diýip, lak ataýmasaň,
Lak atmagam indi bize howuply.
Gyzlaryň birisi – duran bir keýik
Köwşüniň ökjesi ne pes, ne beýik
Megerem, dünýäde iň bagtly oglan-
Şol keýik gözlere ýar boljak ýigit.
Menem synlap durun çekilip gyra.
Gyzlar meňzäp gelýär swetofor-çyra.
Çabytlary gyzyl, ýaglyklary gök –
Ýol ýapyk hem açyk – bagtyňa görä.
Gyzlaň biri – çynar, birisi – derek.
Görmäge göz gerek, söýmäge ýürek.
Wah, gözem, ýüregem ýeterlik weli,
On sekiz gerek, wah, on sekiz gerek!
Ikisem uz basyp duralga geldi
Birisi pyňkyryp, bir zada güldi.
Saňa güldümikä? (Aý, ýa-ha saňa,
Ýa-da bir seň ýala güleni belli!)
Asmana seretdim. Gün eýýäm peýşin.
Onýanüa gaýradan göründi maşyn.
Duralga ýetäýmän, gyzlaň gaşynda
Togtatdy, baş egip gözellik üçin.
Mündüler. Gyzlardan galmadym menem.
Aý, näme, dynç günüm, gezjek bir sellem.
Aý, onsoňam, şeýle gözeller bilen
Garşy däl uçmaga kosmosa çenlem…
Awtobus togtady. Aüyldy işik.
Reňbe-reň müň gözel, müň ýigit üýşüp,
“Watan” teatrnyň öňünde durlar,
Deň ýarysy magşuk, deň ýary aşyk.
Ýüregimi alyp özleri bilen,
Kereşmesi bilen, näzleri bilen,
Gyzlaryň ikisem maşyndan düşdi –
Menem böküp düşdüm yzlary bilen.
Gyzlaň ikisi-de gyzyl çabytly,
Çabytlaň gapdaly keşde sowutly.
Birden iki gözel dörde öwrüldi –
Hersiniň gapdaly gerçek ýigitli.
Tanapdyr ýigitler gyzlaryň gowsun.
Göreçler göreje atyşdy owsun.
Bir ýigid-ä hasam ýeserje eken –
Kemputdan doldurdy bir çabdyň jübsün.
Onýança-da açdy gapysyn “Watan”…
Kemput iýýän gyzyň golundan tutan
Bir görsem öz oglum, öz Nazar oglum…
Guwan şahyr guwan,
Utan şahyr,
UTAN!
Feya 15 years ago- "gamlanma gyz, uyajygym gam cekme,
bilip bolmaz ykbalyny öňünden,
bu howlukmac yigitlere at dakma,
kim gecenok oz bagtynyn deňinden!
tekepbir bol!cykyp bolmaz gaya dek,
sada bol aylaryn dogushy yaly,
sheyle yigitlet bar,olar bar entek,
sen dek gayalarda olaň hyýaly!!!"
(g.ezizow)