salam! elleship salamlashmak nirden nadip gelip chykypdyr?
Elleship salamlashmak
-
Feya
15 years ago
- nirden gelip chykanyny anyk bilemok, yone gadym zamandan gelyanini bilyan.
hemem perizat dogry bellapdir, gyz bilen oglanyn elleshmesi bolanok. joram bilen baryarkam joramyn tanyshy gabat gelse elleship ellerini uzadyp salam beryarler men garashmamson "alda salamy" ya "mugtdyr" diyen bolsuhyarlar. men ozum elleship yormamson son men bir hili bolanymy bilip mana ulumsymysh oydyarler. dogrymy aytsama obada kop gabat geldim shu hili yagdaya.
-
gulnaz
15 years ago
- salamlar!!! menem perizat we feyan aydanyna goshulyan, oglan bilen gyzyn elleship salamlashmasyny halamok.
-
ozik
15 years ago
- Hemmanize SALAM!!
Hakykat gowy tema achypsyng dost!! Elleship salamlashmagyng nireden gelip chykyanyna bilemok!! Yone shu sahypadaky gyzlaram, Oylanmada dogry bellap gechipdir!! GYZ B.N OGLANYNG ELLESHIP SALAMLASHMAGY DUYBUNDEN BOLANOK!!
-
dereksiz
15 years ago
- tuweleme hich kim bilenok nirden gelip chykanyny menem sholara goshulyan yone elleship salamlashmak yagny ozunden ulular bn bu bir sylagyn alamatymyka diyyan
-
Panturkist
15 years ago
- gyz bilen elleship salamlashmagyny hichili ters goremok mena. elleship salamlashany bilen shewheti oyanyan bolsa men oňa diyere sozum yok(izwrashenec). yone bolmayan zadym, nahar iyip otyrkan elini uzatsalar, obychno salam diyyan-de elini bosh goyyan, elleshemok. sonam naharda elleshilenok diyip dushundiryan, kakamyzdan alan terbiyamiz.
-
Panturkist
15 years ago
- yone ayal mashgala bilen salamlashsalar dine yeňlerini uzadya turkmen adamlar, yashlaryn beydyania goremok yone ;)
-
chopan
15 years ago
- elleşip salamlaşmak garşindaki adama silag hormatin manisi. birem elleşen vagtin adamlan arasinda ruhi taydan hem habrlaşma bolyar öydyan. hani kabir yaşulilar elleşen vagtiniz derrev bahanizi beryarler. elleşmek birem birek birege inam beryar.
-
hakykat1
15 years ago
- salam baryna! salamlashmak barada kabir maglumatlara gora menin eshdishim yagny onler wapshe gadym zamanlar iki topar bolup urshanlarynda olar ellerinde yaragyn yokduguny subt etmek u/n elleship ellerinin boshduguny gorkesipdirler,a turkmenler gyzlar bn elleshmek barada oglanlar oz garyndashlary bn yakyn doganlary bn elleship salamlashyarlar ,yone bu hasiyet hazir 8-nji klasdan son obichni gyzlar bn hem elleshilyan duzgune gechip gitdi.bar bilyan maglumatlarym shulardan ybarat.
-
oguz
15 years ago
- haywanlar koklasha koklasha anlasher
insanlar konesha konesha anlasher
ber da alla hawayi namaceyn yaratmesh
-
gaplan
15 years ago
- ESSALAMU ALEYKUM AGZALAR! HAKYKAT DOST GOWY TEMA ACHYPSYN.SALAMLASHMAK MESELESINDE(MAHREM WE NAMAHREM)DIYEN ZAT BAR. YSLAMDA NAMEHREMLERIN B/N ELLESHIP SALAMLASHMAGA RUGSAT BERILMEYAR. ONSONOM BIZDE KOPLENCH MAREKA YA-DA KOPCHULIGE BARSALAR SALAWMALEKIMLER DIYIP SALAM BERILYAR. MENA SHUNY DURS GOREMOK. TURKMENISTANDA BILEMOK YONE YEWROPA YURTLARYNDA OKAYAN KABIR OGLANLAR OZ ARASYNDA ELLESHMANI OPUSHIP SALAMLASHYARLAR. BU OGLANLARA GELISHENOK.GOWY GORUSHYANMI?-SUYJI SOZLER B/N ELLESHIP SALAMLASH!!!GATYRAK GIDAYDIM OTUNCH SORAYARYN!
-
muslimah
15 years ago
TURKMENISTANDA BILEMOK YONE YEWROPA YURTLARYNDA OKAYAN KABIR OGLANLAR OZ ARASYNDA ELLESHMANI OPUSHIP SALAMLASHYARLAR. BU OGLANLARA GELISHENOK.GOWY GORUSHYANMI?-SUYJI SOZLER B/N ELLESHIP SALAMLASH!!!GATYRAK GIDAYDIM OTUNCH SORAYARYN!
gaplan | 2009-06-10 10:53:20
bah,indi gyzlarmy diyseng oglanlaram opuship salamlashyan boldumyka?mena shu gyzlar opuship salamlashsada halamok,alachsyz badyny gaytarmayyn diyip sheydyan,bolmasa dinge elleshmek bilen onf\gsa gowa bordy,oglanlar bilen wopshe gyzlar elleshmegini makul goremok
-
hakykat1
15 years ago
- olam yewropeyski salamlashma bolyandyr turkmenlerem shol yewropa bolmagyn aladasynda hazir.
-
Adybeg
15 years ago
- öpüşüp salamlaşman hou ....donuz gribi bolayman son :D :D
-
hakykat1
15 years ago
- yewropada sheylemish yone aziyada beyle dal hali yewropada okayanlar shu tomusda gelip yokashdyraymasa:)
-
merdanmr
15 years ago
- "Salamlaşmak
Öňem biri beýleki birine saglyk-amanlyk soraşmak niýeti bilen „Amanmy?“ diýenmişin. O-da „Ýok! Men Baýram! Aman yzymdan gelýär“ diýip jogap berenmiş.
Şeýle oňaýsyz ýagdaýa düşmezlik üçin salamlaşmak edebi barada kä bir zatlary öwrenip bilerdik. Salamlaşmagy bilýänler bolsa bilýänlerini berkitdigi bolar.
-----------------------------------------
Ilki bilen salamlaşmagyň nämedigini bileliň. Salamlaşmak arkaly adamlar bir-birlerine saglyk we esenlik arzuw edýärler.
Köpçiligiň içine barlanynda salam berip barmaly. Köpçiligiň içinden biri oturanlaryň adyndan siziň salamyňyza jogap berse, onda siziň salamyňyz alyndygy bolar. Eger-de hiç biri Allanyň buýrugy hökmünde beren salamyňyzy almasa, hemmesi günäkär bolar.
Diňe adamlara däl öýlere-de salam berilýär. Ilki bilen öý eýeleriniň hukuklaryny hormatlap, öýe girmäge rugsat soramaly, rugsat berlenden soňra öýe salam berip girmeli.
Salam bermek birek-birege hormat goýmakdyr, sylanyşygy-söýgini ýaýratmakdyr. Muhammet Pygamberimiz Jennete girmek üçin imanyň gerekdigini, imanly bolmak üçin hem birek-biregi söýmegi-hormatlamalydygyny öwredýär. Ol “…biri-biriňizi söýdürjek bir zady öwredeýinmi? Araňyzda salamy ýaýyň" diýip ündeýär.
Salamlaşmagyň iň gözel görnüşi "Es-selamu aleýkum" diýmekdir. Salam berlen kişi bolsa "We aleýkum-selam" diýip jogap bermelidir. Türkmenlerimiz bu sözleri „Es-salowmaleýkim“, „Waleýkim-salam“ diýip biraz üýtgedibräk aýdýar.
Salam bereniňde şu aýratynlyklara üns bermelidir:
1. Ulagly barýan pyýada barýana, ýöräp barýan oturana, kiçi ula, azlyk köplüge salam bermelidir,
2. Tanasaň-tanamasaň adamlara salam bermek iň laýygydyr, emma gynansagam, uly mähelleli ýerlerde muny berjaý etmek kyn. Şonuň üçin diňe tanaýanlaryňa, gatnaşyk saklaýanlaryňa salam berseň hem ýeterlikdir.
3. Aýal adam erkek kişä salam berip bilýär we salamyny hem alyp bilýär. Ýöne, salam berende we alanda aýallar diňe garyndaşyna ýa-da zerurlyk bolan ýagdaýda özgelere-de salam bermelidir.
4. Häzirki döwürde aýallar salamlaşanlarynda diňe "salam" ýa-da "salamälik" diýýärler. Emma, bolmalysy şeýledir: eger bir aýal bir aýala salam berjek bolsa: "Selamü aleýki", birnäçe aýala salam berjek bolsa: "Es-selamu-aleýkunne" diýmeli. Aýal-erkek garyşyk ýa-da diňe erkeklere salam berjek bolsa: "Es-selamu-aleýkum" diýmeli.
5. Öz öýüňize gireniňizde, öýde hiç kim bolmasa-da salam bermelidir. Şeýle etsek Pygamberimiziň öwredişi ýaly içerimize bereket geler.
6. Musulman däl adamlar bilen görşülende "Salam hidaýete eýerenlere bolsun" diýip salam bermek iň laýygydyr. Eger şeýdip salam bermek olary ynjytjak bolsa, onda olaryň salam berşi ýaly salamlaşmak has laýygydyr. Mysal üçin “Здравствуйте!”, “Привет!”, “Good morning!”, “Hello!” we ş.m.
7. Hajathana we hammam ýaly hapa ýerdäkilere salam berilmeýär.
Salamda elleşmek
"Elleşiň, kalbyňyzdaky kine aýrylsyn, sowgat beriň, biri-biriňize söýgi döresin, araňyzdaky duşmançylyk aýrylsyn" diýen hadys salamlaşmakdan soň elleşmegiň gerekdigini görkezýär.
Elleşilende iki eliň bilen salamlaşmalydyr. Ýöne ýeke eliň bilen salamlaşylsa-da zyýany ýok.
Aýallar bilen elleşmek ýalňyşdyr. Aýal ýaş bolsa we erbet pikirler döredip biljek ýagdaýda bolsa, onuň bilen elleşmek haramdyr. Ýöne garry aýallar bilen elleşmek bolýar.
Nahar iýlip oturylan bolsa, wajyp bir meseläniň maslahaty gidip duran ýerde ýeke-eke elleşip çykmak dogry däldir.
Ine dostlar, salamlaşmak edebi şeýleräk. Saglykda we esenlikde galyň!"
perizat 15 years ago- salam hakykat!!! bilemok onung nireden gelip chykanyny velin yone bir zady halamok gyz bn oglan elleship salashmasyny!! bolyar oglan oglan bn elleship salamlashybersin onga garshylygym yok!!!
sen nahili pikir edyang???