Amerikadaky „Kanzas“ uniwersitetiniň sungat eserleri muzeýinde şeýleräk tejribe geçirilipdir. Ýagny diwaryň reňkini ak we mele reňklere üýtgedip bolar ýaly sazlapdyrlar. Diwaryň reňki ak bolanda adamlar muzeýiň içinde ýuwaş hereket edipdirler. Olar muzeýiň içinde uzak wagt bolup, köp ýerini aýlanyp görüpdirler. Diwaryň reňki mele edilende bolsa, adamlar muzeýiň içinde tiz hereket edip, has az ýerini aýlanyp görüpdirler hem-de tizräk muzeýden çykmak bilen bolupdyrlar. Şonuň üçin hem dünýäde tiztagam restoranlarynyň hemmesiniň oturgyçlary mele reňkde, diwarlarynyň reňki hem mele-gülgüne garyşan reňkde bolýar. Tiztagam ýerleriniň hiç haýsysynyň diwary ak reňkde bolmaýar.
Reňkleriň täsiri
-
dokmacy
15 years ago
- örän gowy materýal ýazypsyň, berekella!
-
98765
15 years ago
- şakird.
şu vagt senin açan movzuklaryn
hemmesini okap gördüm velin
barysy göçürme, öz kelläň bn yazsana bir
zatlar.bizem kopyalap goyup bilyaris
şu tayik.
-
DangerOus
15 years ago
- www.zamantm.com
Bu maglumatlary şu wagt gördüňmi, bular ööň çykda zaman gazete.
-
Jara
15 years ago
- sakird sag bol gaty govi yazipsin!!!
sen yazgina dovam et it uyrer kerven gecher diyipdirler...
gelelim gadirli 98765 adly agza bu tayda esasi zat peydali mowzuklar achmak isle kellan bar bolsa oz kellan bilen onu bsharip bilmesenem kopyala goy maksat tazelikler tasin zatlari shutayda paylashmak sen name ettinde edenlerin ishine at dakyan hayish peydali mowzuklar achmani ogrenmedik bolsan ogrenenlere hormat goymani ogren!!!
size prikaz beremmok hakimda yok dine hayish etyan islesen et islemesen bileninden galma gadirli 98765 atli agza....
-
chopan
15 years ago
- universitetdaki mollumam köp diyyaday kakdirip mele renk geyme diyip. govi tarabi kan eken bolsadam!
-
hasrat
15 years ago
- yaman gowy sakirt! sen yazmagyny dawam et! acyp zamandana okamok. in bolmanda su yerde okayyn
-
muslimah
15 years ago
- shakird maglumatlar uchin sag bol,shol zaman gozeti menema okamok,ya okamana wagtam yok,sheydip gyzykly maglumat tapsang barede oklay,sening achan mowzuklaryngy gyzyk bilen okayan.
rengk barada:mene bir dalde kop rengk gowy goryan,sezona bagly :P mesele gyshda gara we seriy rengk(tm che bilemok name diyilyar) tomusda bolsa achyk rengkleri halayan mesele ak, achyk gok we sh m
-
muslimah
15 years ago
- hehe
-
muslimah
15 years ago
- sheyle oydyan :)
-
muslimah
15 years ago
- ^ kim ol?
-
muslimah
15 years ago
- ha,belki,mena gormedim hali
-
Komendant2
15 years ago
- Zamandan chilinipdir. Bu saýt gazet dal hoow. Bu tayy forum. Jedeller arkaly beynini osdurmeli.
-
Fat4l!ty
15 years ago
- dost, paylashim uchin sagbol..
şakird.
senden dine sheyle jogap chykar..ondan gowy jogaba garashmak, akmaklyk..
şu vagt senin açan movzuklaryn
hemmesini okap gördüm velin
barysy göçürme, öz kelläň bn yazsana bir
zatlar.bizem kopyalap goyup bilyaris
şu tayik.98765 | 2009-05-20 06:59:49
Zamandan chilinipdir. Bu saýt gazet dal hoow. Bu tayy forum. Jedeller arkaly beynini osdurmeli.Komendant2 | 2009-05-21 00:22:28
ashagyndaky yazlan saytyn adyny gorenok oydyan.. chilinipmish..
şakird 15 years ago- Mele reňk şol bir wagtyň özünde rahat reňk hökmünde kabul edilýär, ýagny adamlaryň özlerini rahat alyp barmaklaryna täsir edýär. Mysal üçin, adamlary arkaýynlyk bilen gürletmegi başarýan meşhur alypbaryjy Larry Kingi telewizorda her gezek mele penjekli, mele galstukly görmek bolýardy.
Mele reňk topragyň reňkidir, mele reňkde geýnen adam beýlekileriň ünsüni özüne çekip bilmeýär. Şonuň üçinem şereketlere iş gürleşmäge baranyňyzda ýa-da işewürleriň ýygnagyna gatnaşanyňyzda mele reňkde geýinmäň.
Gyzyl reňk işdäňi açýar. Üns berseňiz, dünýä belli iýmit firmalarynyň hemmesiniň logosy gyzyl reňkdedir. Muňa mysal hökmünde “Koka Kola”, “Ülker”, “Burger King” ýa-da şulara meňzeş ýüzlerçe firmalary görkezmek bolar. Gyzyl reňk gan basyşyny ýokarlandyryp, damarlarda ganyň aýlanyşygyny tizleşdirýär.
„Öküzler näme üçin gyzyl reňk görse topulýarlar?“ diýip soraýarlar. Maýmynlardan başga ähli haýwanlar diýen ýaly ak-gara görýärler. Ýagny öküzler hem reňk saýgarmaýarlar. Olar gyzyl reňke däl-de, özlerine topulan goýy reňkli mata garşy topulýarlar (Bu ýerde Ispaniýadaky geçirilýän oýun hakda gürrüň edilýär.)
Ýaşyl reňk adama ynam berýär. Şonuň üçin banklaryň logolarynda iň köp ulanylýan iki reňkiň biri ýaşyldyr. Ýatyş otagy üçin ýaşyl reňk rahatlandyryjy bolýar. Ýaşyl reňk täze pikirleri oýlap tapmaga ýardam edýär. Aşpezleriň oýlap tapyjylygyny güýçlendirmek üçin günbatar ýurtlarynda myhmanhanalaryň aşhanasynyň diwarlaryny ýaşyl reňke boýaýan ekenler. Hassahanalar hem logosynda we binanyň içini bezemekde ýaşyl reňki ulanýarlar. Sebäbi ýaşyl reňkiň rahatlandyryjy häsiýeti bar, şol bir wagtyň özünde tebigaty iň köp ýatladýan ýaşyl reňkdir. Alymlar ýaşyl ýerlerde adamlarda aşgazan agyrysy has az bolýandygyny ýüze çykarypdyrlar.
Gara reňk güýji we hyjuwy aňladýar. Gara reňk köp ýurtlarda matamyň nyşany hökmünde ulanylsa, Ýaponiýada şatlygyň nyşany hökmünde ulanylýar.
Ünsüňi jemlemäge iň köp kömek edýän reňk gara reňkdir. Eýnşteýn ünsüni jemläp bilmek üçin tutulary gara reňkli, günüň ýagtysy düşmeýän otaga girip, pikir edýän eken.
Gök reňk gan basyşyny peseldýär. Onuň rahatlandyryjy, ýuwaşladyjy häsiýeti bar. Amerikada geçirilen bir tejribede mekdebiň ak we pyrtykal reňkdäki diwarlaryny gök reňke boýapdyrlar. Şondan soňra çagalaryň bezzatlygynyň azalandygyna göz ýetiripdirler.
Gök, esasan hem goýy gök soňsuzlygy, abraýy we öndümliligi ýatladýar. Şol sebäpden dünýädäki firmalaryň ýarysyndan gowragy logolarynda gök reňki ulanýarlar.
Gülgüne reňkli eşik geýen adama hyzmatlary üçin pul tölämizde özümizi has arkaýyn duýýandygymyzy alymlar ýüze çykarypdyrlar. Angliýada „Buts“, „Marks and Spensers“ ýaly uly söwda merkezlerinde hyzmat edýän işgärleriň ählisi gülgüne reňkli köýnek geýýärler.
Sary reňk wagtlaýynlygy we ünsi çekijiligi aňladýar. Şonuň üçin hem bütin dünýäde taksileriň reňki sarydyr. Ünsi çeksin hem-de wagtlaýyndygy bilinsin diýip şeýdýärler. Maşynlary kireýine berýän firmalaryň logolary hem sary bolýar. Olar sary reňkiň üsti bilen „Wagtlaýynçadyr, yzyna getirmegi unutmaň!“ diýmekçi bolýar. Şol sebäpden dünýädäki banklaryň hiç haýsysy logosynda adaty sary reňki ulanmaýar. Sebäbi puluň wagtlaýyn däl, hemişelik bolmagyny isleýärler.
Ak reňk durnuklylygy, dowamlylygy we tämizligi aňladýar (ýada salýar).
Ynha, reňkleriň täsiri barada gysgajyk maglumatlar şulardan ybarat.
zamantm.com