ATABAÝ GAÝGISIZ (1887-1937) Tejeniň Mäne obasynda dünýä gelýär ve alty ýaşynda ýetim galyp başlangyç bilimi Tejendäki rus-ýerli mektebinde alýar. 1907-nji yýlda Daşkentdäki mugallymçylyk mektebini gutarýar ve 1907-12-nji yýllarda Maryda ve Bäherdende rus-ýerli mektebinde mugallymçylyk edýär. ýöne rus padeşahynyň magaryf vezirliginiň buýrugy bilen ol bu vezipesinden boşadylýar, ýagny mugallymçylyk işinden çykarylýar. 1912-17-nji yýllarda Mary bankynda işleýär ve Ojtober ynkylaby üstünlikli bolansoň Maryda Sovet häkimiýetini gurmak ve ony pugtalandyrmak ugrunda tutanýerli göreşýär. 1920-nji yýlyň Julyýna çenli Zakaspi velaýatynyň Inkylap Komitesiniň başlygynyň orunbasary, Türkistan Sovet Sosýalistik Jumhuriýetiniň ýer işleri Halk Komissary, şol yýlyň Septemberinde Halk Komissarlar Şurasynyň Başlygy vezipesine saýlanýar. Şol bir vagtda hem Fergana Frontynyň (jephesiniň) Inkylap Şurasynyň Başlygy bolýar. 1923-nji yýlyň June ayýnda Buhara Halk Sovet Jumhuriýetiniň Komissarlar Şurasynyň başlygynyň orunbasarlygyna bellenýär. 1924-nji yýlyň Ojtoberinden Türkmenistanyň İlkinji Hökümetiniň, 1925-nji yýlyň Februaryndan-da Türkmenistan Sovet Sosýalistik Jumhuriýetiniň Halk Komissarlar Şurasynyň Başlyklygyna saýlanýar ve ömrüniň ahyryna çenli-13 yýllap dynuvsyz şol vezipede işleýär. Gaýgysyz Atabaý 1922-nji yýlyň Ojtoberinden RSFSRňiň (Russiýa Sovet Federativ Sosýalistik Respublika-Jumhuriýeti) Milletler işler baradaky Halk Komissarlar tofarynyň agzasy edilip tassyklanýar (TSE.1-nji jilt-Aşgabat. 74) Şol yýlyň 18-nji Julyýnda Türküstün Merkezi İjraýa Komitetiniň 4-nji plenumynda eden çykyşynyň bir ýerinde G.Atabaý şeýle diýýär: Basmaçylyk biziň Türküstandaky belki-de bütin gündogardaky işimiziň asyl bahasyny görkezýän hadysadyr. İş ýüzünde basmaçylygyň, soňky 4 yýlyň dovamynda ýok edilmekden geçen gaýta has mövç alyp, Ferganada öňküden-de ösmegini, Samarkant ve Surhanderýa, türkmen oblastlaryna (velaýatlaryna) ýaýramagyny näme bilen düşündirmek bolar? Muny diňe bir zat bilen, ýagny biziň soňky 4 yýlda durmuşa geçiren ähli işlerimiziň ýerli ilatda asyrlaryň dovamynda kemala gelen ýaşayýş ukladyna (gurluşyna), däp-dessurlaryna ve durmuşyna büs-bütin terslin bolup çykandygy bilen düşündirmek bolar. Anyk ýagdaýlary äsgermezlik etmek, olary hasaba alyp bilmezlik, biziň umumy keselimizdir, bu bizi ýolbaşçynyň rolunda bolup çykan käbir goňşy ýurtlar bilen-de aramyzyň çylşyrymlaşmagyna getirdi. Soňra ol Buharada basmaçylygyň näme sebäpden ösýändigini düşündirip iň bir dindar ilatly mukaddes diýilýän Buharada biz Sovet häkimiýetini Taňra sögmekden, ulamalaryň namaz okan metçitlerini ýakmakdan, dini ýanamakdan başladyk. Şonuň üçinem bu günki gün dindar halkyň agramly bölegi biziň garşymyza çykdy, diýýär. Soňra G.Atabaý şeýle netije çykarýar: 4 yýlyň dovamynda biz bu hereketiň iň bärkisi häsiýetine-de dogry düşünip bilmedik ve gozgala-dygyna garamazdan, ony basmaçylyk diýip adlandyrdyk. Basmaçylyk diýmek terjime etseň Banditçiligi aňladýar ve bu nädogry kesgitleme-de bizi, meseläniň nädogry çözgüdine iterdi. Netijede biz bu hereketi 4 yýlyň içinde asla-hiç vagt, hiç bir jähtden çözüp bilmedik. Şol vagt G.Atabaý Türküstan Halk Komissarlar Sovetiniň Başlygy ve Türküstan Merkezi İjraýa Komitesiniň Prezidiumynyň ve Türküstan Kompartiýasynyň Merkezi Komitesiniň agzasydyr. Gaýgysyz Atabaý öz çykyşynyň başga bir ýerinde-de şeýle diýýär: Eger biz Hyva barada gürrüň açsak, onda bu ýerde-de niçik gaýgyly şovsuzlyga uçrandygymyz göze dürtüp dur. Ol, Hyvada Jüneýt Hanyň goşunyny, oňa duşmançylykly türkmen hanlary bolan Gulamalydyr Goşmämediň kömegi arkaly Bolşevik goşunlarynyň ýok edişi hakynda gürrüň berýär. Soňra bu iki hanyň Hyvadaky nazyrlar sovetine agza göterilişini, emma yz ýandan sovetdäki özbek agzalaryň Kastly hajyk-hujugyna gulak asyp ol hanlaryň ve olaryň ýakynlarynyň namartlyk bilen güpbasdy edilip öldürilişini (Gulamaly zordan gaçyp çykypdyr) gürrüň berýär. Bu ýerde G.Atabaý, plenuma gatnaşyçylaryň dykgatyny bir möhüm meselä çekýär, ýagny asyrlar boyý suv üstünde bäsdeşlik edip, yýgy-yýgydan çaknyşyp ýören adamlaryň gepine gidip, Sovet goşunlarynyň güýjini olaryň biriniň garşysyna ulanmagyň düýbünden adalatsyzlykdygyny gös-göni aýdýar. Has-da beteri, ol Gulamalyny yzarlap giden Bolşevistik goşunlaryň ýomut-Türkmenleriň parahat obalaryny oda berip, bigünä adamlary gyryp-gyrjayýşyny gynanç bilen gürrüň berýär. Netijede ol ýerden ilatyň ep-esli böleginiň suvsyz çölüň içi bilen müňlerçe menzil ýol geçip İrana göç edendigini belleýär (A.M.Velsapar). G.Atabayýň TK (b) P MK-niň (Türkmenistan Kommunistik "bolşevistik" Partiýasynyň Merkezi Komitetiniň) VII.Plenumynda (1937-nji yýlyň 18-23-nji Marty) sözlän sözüniň ýazgysy, 1930-nji yýllardaky jezalayýş järeleriniň tutaşyp başlan dövrüniň şaýatnamasydyr. Şol jezalayýş çäreliriniň odynda diňe Atabayýň özi däl, eýsem onuň barlyşyksyz garşydaşlarynyň hem köpüsi heläk boldy. 1937-nji yýlda esassyz jezalandyrylan türkmenleriň käbirleriniň adlary aşakda getirilýär: 1.G.Atabaý, 1887-1937 esassyz jezalandyryldy (1937), 1956-nji yýlda aklandy. 2.N.Aýtyogly-1895-1937 jezalandyryldy, ölenden soň aklandy. 3.G.Sähedogly-1905-1938 esassyz jezalandyryldy, 1957-nji yýlda aklandy. 4.A.Gulmuhammed-1900-1937 esassyz jezalandyryldy, ölenden soň aklandy. 5.D.Mämedogly-1902-1938 esassyz jezalandyryldy, 1957-nji yýlda aklandy. 6.O.Täçnazar-1904-1938 esassyz jezalandyryldy, 1959-nji yýlda aklandy. 7.A.Armydogly-1914-1938 esassyz jezalandyryldy,1988-nji yýlda aklandy. 8.A.Orazogly, esassyz jezalandyryldy, ölenden soň aklandy. 9.J....vezbaý, esassyz jezalandyryldy, ölenden soň aklandy. Gaýgysyz Atabaý, şol VII. Plenumda şeýle çykyş edip başlaýar: ýoldaşlar: ..... Gürrüň diňe bir apparatyň täze sistemasyny döretmek däl, gürrüň ýurdumyzyň tankydy ve öz-özüňi tankydy hemme vagtdakylardan has giň ulanmalydygyndan barýar. Biz diňe giňden ýaýbaňlandyrylan tankyt bilen, partiýamyzyň işçi synpynyň avangardy hökmünde aýgytly berkemegini gazanyp bileris. Biz tankydy ve öz-özü-i tankydy ornaşdyrmak hakda mesele goýmadyk bolsak bolşevikler bolup bilmezdik. Biz ilkinji nobatda ýolbaşçylarymyzyň kemçiliklerini tankytlamaly, çünki köp zat şoňa bagly, biz olarsyz üýtgedip gurmagy gazanyp bilmeris. Partiýa guramalarynyň bu üýtgedip gurulmagynyň Sovet organlaryny üýtgedip gurmak bilen hem utgaşýandygy öz-özünden düşnüklidir. Berdi Kerbaba ussad "Gaýgysyz Atabaý" adly öz taryhy dokumental romany bilen oňa ölmez-ýitmez ýadigärlik ýazyp galdyrdy. Romanyň ahyrragynda Atabaý, 1937-nji yýlda öz doganyndan-da ýakyn görýän dosty Abdurrezzagyň tussag edilendigi habaryna gaýgylanyp şeýle diýýär: "Häzir ülkede akyl kabul etmez üýtgeşiklik peýda boldy, sovet kanuny her ädimde basgylanyp, adatdan daşary bidüzgünlik gidýär. Häzir bigünä ejir çekýän adam on däl, ýüz däl, müňlerçe, şonuň üçin hem men öz pikirimi Moskva ýazdym, bidüzgünligiň günübirin ýok edilmegini talap etdim, şonuň üçin hem meni Moskva çagyrdylar, häzir uçýaryn." Hava, Gaýgysyz Atabayýň şol uçuşy bolýar ve ol öz vatanyna, halkynyň arasyna gaýdyp gelmeýär. Türkmenistanyň Halk Komissarlar Sovetiniň Başlygy G.Atabaý, şahsiýet kulty (sahsiýet parazlyk) zerarly gözlerden gayýp bolsa-da öz iliniň ýüreginden gayýp bolmady ve halk ony hemişe minnetdarlyk bilen ýatlady, ýatlar-da. onuň ve onuň ýaly namysjaň şehitlerimiziň ýatan ýerleri ýagty bolsun. http://www.turkmenhost.com/documents/Tyt/index.html

Köneler, dokmacy tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir