Türkmenistanyň Konstitusiýasy Türkmenistanyň halky bolan biz, öz ykbalymyzy kesgitlemek baradaky mizemez hukugymyza esaslanyp; Watanymyzyň häzirki hem geljekki ykbaly üçin jogapkärdigimizden ugur alyp; ata-babalarymyzyň agzybir, parahat we oňşukly ýaşamagy ündän wesýetlerine ygrarlydygymyzy beýan edip; milli gymmatlyklarymyzy we bähbitlerimizi gorap saklamagy, Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, özygtyýarlylygyny, hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny pugtalandyrmagy maksat edinip; her bir adamyň we raýatyň hukuklaryny hem azatlyklaryny kepillendirip, jemgyýetde raýatlyk asudalygyny we milli agzybirligi üpjün etmäge, halk häkimiýetiniň hem-de demokratik, hukuk we dünýewi döwletiň esaslaryny berkarar etmäge çalşyp, Türkmenistanyň Esasy Kanunyny - şu Konstitusiýany kabul edýäris. I bölüm. Türkmenistanyň konstitusion gurluşynyň esaslary 1-nji madda. Türkmenistan - demokratik, hukuk we dünýewi döwlet bolup, onda döwleti dolandyrmak prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýar. Türkmenistan öz çäginde hökmürowandyr we bütin häkimiýete eýedir, ol içeri we daşary syýasaty özbaşdak amala aşyrýar. Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygy we çägi bitewidir hem bölünmezdir. Döwlet Türkmenistanyň garaşsyzlygyny, çäk bütewiligini, konstitusion gurluşyny goraýar, kanunylygyň berjaý edilmegini hem hukuk tertibini üpjün edýär. Türkmenistan kanun esasynda hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýedir. Birleşen Milletler Guramasy Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky "Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy" Rezolýusiýasynda: "1. Türkmenistanyň yglan eden hemişelik bitaraplyk hukuk ýagdaýyny ykrar edýär we goldaýar; 2. Türkmenistanyň bu hukuk ýagdaýyna hormat goýmaga hem-de ony goldamaga, şeýle hem onuň garaşsyzlygyna, özygtyýarlylygyna we çäkleriniň bütewiligine hormat goýmaga Birleşen Milletler Guramasynyň agzalary bolan döwletleri çagyrýar.". Dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygy onuň içeri we daşary syýasatynyň esasy bolup durýar. 2-nji madda. Türkmenistanyň özygtyýarlylygyny halk amala aşyrýar, halk döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk gözbaşydyr. Türkmenistanyň halky öz häkimiýetini gös-göni ýa-da wekilçilikli edaralaryň üsti bilen amala aşyrýar. Halkyň hiç bir böleginiň, hiç bir guramanyň ýa-da aýry-aýry adamlaryň döwletde häkimiýeti eýelemäge haky ýokdur. 3-nji madda. Türkmenistanda jemgyýetiň we döwletiň iň gymmatly hazynasy adamdyr. Döwlet her bir raýatynyň öňünde jogapkärdir we şahsyýetiň erkin ösmegi üçin şertleriň döredilmegini üpjün edýär, raýatyň janyny, at-abraýyny, mertebesini we azatlygyny, şahsy eldegrilmesizligini, tebigy hem mizemez hukuklaryny goraýar. Her bir raýat öz üstüne Konstitusiýanyň we kanunlaryň ýükleýän borçlaryny ýerine ýetirmekde döwletiň öňünde jogapkärdir. 4-nji madda. Döwlet häkimiýeti häkimiýetleriň bölünişigi ýörelgesine esaslanyp kanun çykaryjy, ýerine ýetiriji hem-de kazyýet häkimiýetlerine bölünýär we biri-biri bilen sabyr-takatly işläp, özbaşdak hereket edýärler. 5-nji madda. Döwlet, onuň ähli edaralary we wezipeli adamlary hukuk hem konstitusion gurluş bilen baglydyr. Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy Kanunydyr. Onda berkidilen kadalar we düzgünler gös-göni hereket edýär. Konstitusiýa ters gelýän kanunlaryň we beýleki hukuk namalarynyň ýuridik güýji ýokdur. Döwlet syryny ýa-da kanun arkaly goralýan başga syrlary öz içine alýan kadalaşdyryjy hukuk namalaryndan başga, döwlet häkimiýet we dolandyryş, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalary çap etmek arkaly hemmeleriň dykgatyna ýetirilýär ýa-da başga usul bilen halka mälim edilýär. Adamyň we raýatyň hukuklaryna hem-de azatlyklaryna degişli kadalaşdyryjy hukuk namalary hemmeleriň dykgatyna ýetirilmese, özleriniň kabul edilen pursadyndan hereket etmeýärler. 6-njy madda. Türkmenistan dünýä bileleşiginiň doly hukukly subýekti bolup, daşary syýasatda hemişelik bitaraplyk, beýleki ýurtlaryň içerki işlerine gatyşmazlyk, güýç ulanmazlyk we harby bileleşiklere hem birleşmelere goşulmazlyk, sebitiň ýurtlary we dünýäniň ähli döwletleri bilen parahatçylykly, dostlukly we özara bähbitli gatnaşyklaryň ösmegine ýardam bermek ýörelgelerine eýerýär. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutýar. Eger-de Türkmenistanyň halkara şertnamasynda Türkmenistanyň kanunyndakydan başga kadalar bellenen bolsa, onda halkara şertnamasynyň kadalary ulanylýar. 7-nji madda. Türkmenistanyň öz raýatlygy bar. Raýatlyk kanuna laýyklykda berilýär, saklanylýar we ýitirilýär. Türkmenistanyň raýatyna başga döwletiň raýatlygy ykrar edilmeýär. Hiç kim raýatlygyndan ýa-da raýatlygyny üýtgetmek hukugyndan mahrum edilip bilinmez. Türkmenistanyň raýaty özge döwlete berlip ýa-da Türkmenistanyň çäginden kowlup çykarylyp, ýa onuň Watanyna gaýdyp gelmek hukugy çäklendirilip bilinmez. Türkmenistanyň raýatlaryna Türkmenistanyň çäginde-de, onuň çäginden daşarda-da döwletiň goragy we penakärligi kepillendirilýär. 8-nji madda. Daşary ýurt raýatlary we raýatlygy bolmadyk adamlar, Türkmenistanyň kanunçylygyna hem-de halkara şertnamalaryna laýyklykda Türkmenistanyň raýatlarynyňky ýaly hukuklardan we azatlyklardan peýdalanýarlar hem borçlary berjaý edýärler. Türkmenistan halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna laýyklykda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk adamlara kanunda bellenilen tertipde gaçybatalga berýär. 9-njy madda. Eýeçilik eldegrilmesizdir. Türkmenistan önümçilik serişdelerine, ýere, beýleki maddy hem intellektual gymmatlyklara hususy eýeçilik hukugyny berkarar edýär. Şonuň ýaly-da olar raýatlaryň birleşiklerine we döwlete degişli bolup biler. Diňe döwletiň eýeçiligi bolup durýan obýektler kanun esasynda bellenilýär. Döwlet eýeçiligiň ähli görnüşleriniň deň derejedäki goragyny kepillendirýär we olaryň ösmegi üçin deň şertleri döredýär. Kanun tarapyndan gadagan edilen usul bilen edinilen eýeçilikden başga eýeçiligiň muzdsuz alynmagyna ýol berilmeýär. Diňe kanunda göz öňünde tutulan halatlarda eýeçiligiň muzduny töläp, mejbury alynmagyna ýol berilýär. 10-njy madda. Türkmenistanyň ykdysadyýeti bazar gatnaşyklary ýörelgelerine esaslanýar. Döwlet telekeçiligi höweslendirỳär we goldaỳar, kiçi we orta işewürligiň ösmegine ỳardam berỳär. 11-nji madda. Döwlet milli taryhy-medeni mirasyň, tebigy gurşawyň abat saklanmagy, sosial we milli toparlaryň arasyndaky deňligiň üpjün edilmegi üçin jogapkärdir. Döwlet ylmy hem çeper döredijiligi, onuň oňyn netijeleriniň ýaýradylmagyny höweslendirýär, ylym, medeniýet, terbiýeçilik we bilim bermek, sport we syýahat babatda halkara gatnaşyklarynyň ösdürilmegine ýardam edýär. 12-nji madda. Döwlet dinleriň we dine uýmagyň erkinligini, olaryň kanun öňünde deňligini kepillendirýär. Dini guramalar döwletden aýrydyr we olaryň döwlet işlerine gatyşmagyna hem-de döwlet işlerini ýerine ýetirmegine ýol berilmeýär. Döwletiň bilim ulgamy dini guramalardan aýrydyr we ol dünýewi häsiýete eýedir. Her bir adam özüniň dine garaýşyny özbaşdak kesgitleýär, onuň ýeke özi ýa-da beýleki adamlar bilen bilelikde islän dinine uýmaga ýa-da hiç bir dine uýmazlyga, şonuň ýaly-da dine bolan garaýyşlary bilen baglanyşykly ynam-ygtykatlaryny beýan etmäge we ýaýratmaga, dini adatlary, däp-dessurlary berjaý etmäge gatnaşmaga haky bardyr. 13-nji madda. Türkmenistanyň döwlet özygtyýarlylygyny we howpsuzlygyny gorap saklamak üçin Ýaragly Güýçleri bardyr. 14-nji madda. Türkmen dili Türkmenistanyň döwlet dilidir. Türkmenistanyň ähli raýatlaryna öz ene dilini ulanmak hukugy kepillendirilýär. 15-nji madda. Türkmenistanyň özygtyýarly döwlet hökmündäki nyşanlary - Döwlet baýdagy, Döwlet tugrasy, Döwlet senasy bardyr. Baýdak, Tugra, Sena kanun esasynda kabul edilýär we goralýar. 16-njy madda. Türkmenistan dolandyryş-çäk gurluşy boýunça welaýatlardan, welaýat hukukly şäherlerden, etraplardan, etrap hukukly şäherlerden, etrapdaky şäherlerden, şäherçelerden, geňeşliklerden ybaratdyr. Bir ýa-da birnäçe obanyň çägi geňeşligi emele getirýär. 17-nji madda. Türkmenistanyň paýtagty Aşgabat şäheridir. II bölüm. Türkmenistanda adamyň we raýatyň hukuklary, azatlyklary hem borçlary 18-nji madda. Adamyň hukuklary hem azatlyklary eldegrilmesizdir we olary adamyň elinden alyp bolmaz. Konstitusiýada we kanunlarda görkezilen ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda adamy haýsydyr bir hukugyndan we azatlygyndan mahrum etmäge ýa-da hukuklaryny we azatlyklaryny çäklendirmäge hiç kimiň haky ýokdur. Adamyň belli bir hukuklarynyň we azatlyklarynyň Konstitusiýada we kanunlarda sanalyp geçilmegi onuň beýleki hukuklaryny we azatlyklaryny inkär etmek ýa-da kemsitmek üçin ulanylyp bilinmez. 19-njy madda. Türkmenistan adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem azatlyklarynyň deňligini, şeýle hem haýsy millete degişlidigine, teniniň reňkine, jynsyna, gelip çykyşyna, emläk hem wezipe ýagdaýyna, ýaşaýan ýerine, diline, dine garaýşyna, syýasy ygtykadyna, haýsy partiýa degişlidigine ýa-da hiç partiýa degişli däldigine garamazdan adamyň we raýatyň kanun öňündäki deňligini kepillendirýär. 20-nji madda. Türkmenistanda erkekler bilen aýallar deň raýatlyk hukuklaryna eýedirler. Deňhukuklylygyň jyns alamaty boýunça bozulmagy kanun esasynda jogapkärçilige getirýär. 21-nji madda. Hukuklaryň we azatlyklaryň amala aşyrylmagy beýleki adamlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, şonuň ýaly-da ahlak kadalaryny, kanunyň talaplaryny, jemgyýetçilik tertibini bozmaly däldir, milli howpsuzlyga zyýan ýetirmeli däldir. 22-nji madda. Her bir adam ýaşamaga we azat ömür sürmäge haklydyr. Hiç bir adam ýaşamaga bolan hukugyndan mahrum edilip bilinmez. Her bir adamyň erkin ýaşamaga bolan hukugy döwlet tarapyndan kanun esasynda goralýar. Türkmenistanda ölüm jezasy ýatyrylandyr. 23-nji madda. Kanunda takyk göz öňünde tutulandan başga halatlarda adam hukuklary çäklendirilip ýa-da özüne degişli hukuklaryndan mahrum edilip, oňa iş kesilip ýa-da jeza berlip bilinmez. Hiç kim gynamalara, rehimsizlik, zalymlyk bilen ýa-da adam mertebesini kemsidýän derejede el gatylmagyna ýa-da temmi bermeklige, şeýle hem onuň razylygy bolmasa, lukmançylyk (däri-derman we hekimçilik) synagyna ýa-da başga tejribelere sezewar edilip bilinmez. Raýat diňe kanunda takyk görkezilen esaslar bar bolan mahalynda kazyýetiň karary boýunça ýa-da prokuroryň sanksiýasy bilen tussag edilip bilner. Gaýra goýmak bolmaýan hem-de kanunda takyk görkezilen halatlarda ygtyýarly döwlet edaralary raýatlary wagtlaýyn tutup saklamaga haklydyrlar. 24-nji madda. Her bir raýatyň abadanlaşdyrylan ýaşaýyş jaýyny almakda ýa-da edinmekde we özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmakda döwletden goldaw almaga hukugy bardyr. Ýaşaýyş jaýy eldegrilmesizdir. Jaýda ýaşaýanlaryň razylygy ýa-da başga kanuny esaslar bolmasa, hiç kimiň jaýa girmäge ýa-da onuň eldegrilmesizligini başga bir ýol bilen bozmaga haky ýokdur. Adamyň we raýatyň öz ýaşaýyş jaýyny bikanun hyýanatçylykdan goramaga hukugy bardyr. Kanunda kesgitlenen esaslar bolmasa, hiç kim ýaşaýyş jaýyndan mahrum edilip bilinmez. 25-nji madda. Her bir adamyň öz şahsy durmuşyna eden-etdilikli gatyşylmagyndan, şonuň ýaly-da hat-habarlarynyň, telefon we beýleki aragatnaşyklarynyň syryny saklamak düzgünleriniň bozulmagyndan, öz namysyna we at-abraýyna hyýanat edilmeginden goranmaga hukugy bardyr. 26-njy madda. Her bir raýatyň Türkmenistanyň çäginde erkin gezmäge we ýaşajak ýerini saýlap almaga hukugy bardyr. Aýry-aýry ýerleriň çäklerine girmegiň, şol ýerlerde gezmegiň çäklendirilmegi diňe kanun esasynda kesgitlenip bilner. 27-nji madda. Nika ýaşyna ýeten erkek bilen aýal biri-biri bilen ylalaşyp, nikalaşmaga hem maşgala gurmaga hukugy bardyr. Maşgala gatnaşyklarynda är-aýalyň hukuklary deňdir. Ata-eneler ýa-da olaryň ornuny tutýan adamlar çagalaryny terbiýelemäge, olaryň saglygy, ösüşi, okuwy barada alada etmäge, olary zähmete taýýarlamaga, kanunlara, taryhy we milli däp-dessurlara hormat goýmak medeniýetini olaryň aňyna ornaşdyrmaga hukuklydyrlar we borçludyrlar. Kämillik ýaşyna ýeten çagalar öz ata-eneleri barada alada etmäge, olara kömek bermäge borçludyr. 28-nji madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ynam-ygtykatlaryna erkin eýermäge we olary erkin beýan etmäge, şeýle hem döwlet syryndan we kanun tarapyndan goralýan beýleki syrlardan başga maglumatlary almaga hukuklary bardyr. 29-njy madda. Raýatlara kanunçylykda bellenen tertipde ýygnaklary, ýygnanyşyklary we ýörişleri geçirmek azatlygy kepillendirilýär. 30-njy madda. Raýatlar Konstitusiýanyň we kanunlaryň çäklerinde hereket edýän syýasy partiýalary we gaýry jemgyýetçilik birleşiklerini döretmäge haklydyrlar. Konstitusion gurluşy zorluk bilen üýtgetmegi maksat edinýän, özleriniň alyp barýan işinde zorlugy ulanmaga ýol berýän, raýatlaryň konstitusion hukuklaryna we azatlyklaryna garşy çykyş edýän, urşy, teniniň reňki boýunça, milli, dini duşmançylygy wagyz edýän, halkyň saglygyna we ahlak sypatlaryna hyýanat edýän syýasy partiýalaryň, beýleki jemgyýetçilik, harbylaşdyrylan birleşikleriň, şeýle hem milli ýa-da dini alamatlar boýunça syýasy partiýalaryň döredilmegi we işlemegi gadagan edilýär. 31-nji madda. Her bir raýatyň jemgyýetiň we döwletiň işlerini dolandyrmaga gös-göni ýa-da erkin saýlanan wekilleriniň üsti bilen gatnaşmaga hukugy bardyr. 32-nji madda. Raýatlaryň döwlet häkimiýet edaralaryna saýlamaga we saýlanmaga hukugy bardyr. Türkmenistanyň raýatlarynyň öz ukybyna we hünär taýýarlygyna laýyklykda döwlet gullugynda işlemäge deň hukugy bardyr. 33-nji madda. Raýatlaryň zähmet çekmäge, öz islegine görä hünär, kär we iş ýerini saýlap almaga, sagdyn hem howpsuz zähmet şertlerine hukugy bardyr. Hakyna durup işleýän adamlaryň öz çeken zähmetiniň möçberine hem hiline laýyk gelýän hak almaga hukugy bardyr. Bu hakyň möçberi döwletiň bellän iň pes oňalga derejesinden az bolmaly däldir. 34-nji madda. Raýatlaryň dynç almaga hukugy bardyr we ol iş hepdesiniň çäklendirilen dowamlylygynyň bellenilmeginden, her ýylky tölegli zähmet rugsatlaryndan, her hepdede dynç günleriniň berilmeginden ybaratdyr. Döwlet adamlaryň dynç almagy hem-de işden boş wagtyny peýdalanmagy üçin amatly şertleri döredýär. 35-nji madda. Raýatlaryň saglygyny gorap saklamaga, şol sanda döwlet saglygy goraýyş edaralarynyň hyzmatyndan mugt peýdalanmaga hukugy bardyr. Tölegli lukmançylyk we tebipçilik hyzmatyny etmäge kanunda bellenilen esaslarda we tertipde ýol berilýär. 36-njy madda. Her bir adamyň amatly daşky gurşawa hukugy bardyr. Döwlet ýaşaýyş şertlerini goramak we gowulandyrmak, şeýle hem daşky gurşawy goramak we dikeltmek maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär. 37-nji madda. Raýatlaryň ýaşy boýunça, näsaglan, maýyp bolan, işe ukyplylygyny, ekleýjisini ýitiren we işsiz bolan halatynda durmuş üpjünçiliginden peýdalanmaga hukugy bardyr. Köp çagaly maşgalalara, ata-enesinden mahrum bolan çagalara, weteranlara we döwletiň ýa-da jemgyýetiň bähbitlerini goraýarka saglygyny ýitiren adamlara döwlet we jemgyýetçilik serişdelerinden goşmaça goldaw hem ýeňillikler berilýär. 38-nji madda. Her bir raýatyň bilim almaga hukugy bardyr. Umumy orta bilim hökmanydyr, her bir adam ony döwlet mekdeplerinde tölegsiz almaga haklydyr. Döwlet her bir adam üçin öz ukybyna görä hünär biliminiň elýeterli bolmagyny üpjün edýär. Döwlet we döwlete dahylsyz guramalaryň, raýatlaryň Türkmenistanyň kanunçylygy bilen bellenilen esasda we tertipde tölegli bilim beriş işini amala aşyrmaga hukugy bardyr. Döwlet hemme okuw jaýlary üçin bilimiň hökmany bolan standartlaryny belleýär. 39-njy madda. Türkmenistanyň raýatlarynyň öz çeper, ylmy we tehniki döredijiligini erkin alyp barmaga hukugy bardyr. Raýatlaryň ylmy, tehniki döredijilikde, çeperçilik, edebiýat hem medeniýet işinde awtorlyk hukuklary we bähbitleri kanun esasynda goralýar. Döwlet ylmyň, medeniýetiň, sungatyň, halk döredijiliginiň, sportuň we syýahatçylygyň ösmegine ýardam edýär. 40-njy madda. Adamyň we raýatyň öz hukuklaryny hem azatlyklaryny amala aşyrmagy, onuň jemgyýetiň we döwletiň öňündäki borçlaryny ýerine ýetirmegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Türkmenistanyň çäginde ýaşaýan ýa-da wagtlaýyn bolýan her bir adam Türkmenistanyň Konstitusiýasyny, kanunlaryny berjaý etmäge we milli däp-dessurlaryny hormatlamaga borçludyr. 41-nji madda. Türkmenistany goramak her bir raýatyň mukaddes borjudyr. Türkmenistanyň raýaty bolan her bir erkek adam üçin ählumumy harby borçlulyk bellenendir. 42-nji madda. Her bir adam kanunda bellenen tertipde hem möçberlerde döwlet salgytlaryny we gaýry tölegleri tölemäge borçludyr. 43-nji madda. Raýatlara adamyň we raýatyň at-abraýynyň hem mertebesiniň, Konstitusiýada hem-de kanunlarda göz öňünde tutulan şahsy we syýasy hukuklarynyň hem azatlyklarynyň kazyýet goragy kepillendirilýär. Döwlet edaralarynyň, jemgyýetçilik birleşikleriniň we wezipeli adamlaryň çözgütleri we hereketleri barada raýatlaryň kazyýete şikaýat etmäge hukugy bardyr. 44-nji madda. Raýatlaryň döwlet edaralarynyň, gaýry guramalaryň, olaryň işgärleriniň, şeýle hem aýry-aýry adamlaryň bikanun hereketleri zerarly özlerine maddy ýa-da ahlak taýdan zyýan ýetirilen mahalynda, kazyýet tertibinde onuň öweziniň dolunmagyny talap etmäge hukugy bardyr. 45-nji madda. Adam öz-özüne ýa-da ýakyn garyndaşlaryna garşy görkezme we düşündiriş bermäge mejbur edilip bilinmez. Psihiki ýa-da fiziki zorluk ulanmak, şeýle hem gaýry bikanun usullar bilen alnan subutnamalaryň ýuridik güýji ýokdur. 46-njy madda. Raýatyň ýagdaýyny ýaramazlaşdyrýan kanunyň yzyna täsir ediş güýji ýokdur. Amala aşyrylan pursadynda hukuk bozulmasy hökmünde ykrar edilmedik hereket üçin hiç kim jogapkärçilik çekip bilmez. 47-nji madda. Raýatlaryň şu Konstitusiýada göz öňünde tutulan hukuklarynyň hem azatlyklarynyň amala aşyrylmagy diňe adatdan daşary ýa-da harby ýagdaý şertlerinde Konstitusiýada we kanunlarda bellenen tertipde hem çäklerde wagtlaýyn togtadylyp bilner. III bölüm. Türkmenistanda häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň ulgamy I bap. Umumy düzgünler 48-nji madda. Türkmenistanda ýokary döwlet häkimiýetini we dolandyryşy Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Mejlisi, Türkmenistanyň Ministrler Kabineti, Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti amala aşyrýar. 49-njy madda. Ỳerli häkimiýeti welaýatlarda, welaýat hukukly şäherlerde, etraplarda, etrap hukukly şäherlerde ýerli wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralar amala aşyrýarlar, etrapdaky şäherlerde, şäherçelerde, geňeşliklerde bolsa ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary - Geňeşler. II bap. Türkmenistanyň Prezidenti 50-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti döwletiň we ýerine ýetiriji häkimiýetiň baştutanydyr, Türkmenistanyň iň ýokary wezipeli adamydyr, ol Türkmenistanyň döwlet garaşsyzlygynyň we bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň, ýurt bitewiliginiň, Konstitusiýany berjaý etmegiň we halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmegiň kepili hökmünde çykyş edýär. 51-nji madda. Türkmenistanda doglan, ýaşy kyrkdan pes bolmadyk we ýetmişden uly bolmadyk, döwlet dilini bilýän, soňky on bäş ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan hem-de döwlet edaralarynda, jemgyýetçilik birleşiklerinde, kärhanalarynda, edaralarynda, guramalarynda işläp gelýän Türkmenistanyň raýaty Türkmenistanyň Prezidentligine saýlanyp bilner. 52-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti gös-göni Türkmenistanyň halky tarapyndan bäş ýyl möhlete saýlanylýar we kasam kabul eden pursadyndan öz wezipesine girişýär. Türkmenistanyň Prezidentini saýlamagyň we onuň öz wezipesine girişmeginiň tertibi kanun arkaly kesgitlenilýär. 53-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti: 1) Konstitusiýany we kanunlary durmuşa geçirýär; 2) daşary syýasatyň amala aşyrylmagyna ýolbaşçylyk edýär, beýleki döwletler bilen gatnaşyklarda Türkmenistana wekilçilik edýär, Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki, döwletara we halkara guramalarynyň ýanyndaky ilçilerini we beýleki diplomatik wekillerini belleýär hem yzyna çagyrýar, daşary ýurt döwletleriniň diplomatik wekilleriniň ynanç hem yzyna çagyrylyş hatlaryny kabul edýär; 3) Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysydyr, ol Ỳaragly Güýçleriň ählumumy ýa-da bölekleýin mobilizasiýasyny geçirmek, Ýaragly Güýçleri ulanmak we söweşjeň ýagdaýa getirmek hakynda buýruk berýär, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň ýokary serkerdelerini belleýär; 4) hukuk ýagdaýy kanun esasynda kesgitlenýän Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşini döredýär we oňa ýolbaşçylyk edýär; 5) ýurdy syýasy, ykdysady, sosial taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryny we esasy ugurlaryny tassyklaýar; 6) Türkmenistanyň Döwlet býujetini hem onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty Mejlisiň garamagyna we tassyklamagyna berýär; 7) kanunlara gol çekýär, ylalaşmadyk ýagdaýynda, gaýra goýmak gadaganlygyny (wetosyny) ulanyp, närazy ýerlerini görkezmek bilen kanuny iki hepdeden gijä goýman, Mejlise täzeden ara alyp maslahatlaşmak we sese goýmak üçin gaýtarmaga haklydyr. Eger Mejlis deputatlaryň bellenen sanynyň azyndan üçden iki böleginiň ses bermegi bilen ozal kabul eden çözgüdini tassyklaýan bolsa, onda Türkmenistanyň Prezidenti şol kanuna gol çekýär. Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusiýa üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky kanunlar babatda gaýra goýmak gadaganlygyny (wetosyny) ulanmaga hukugy ýokdur; 8) Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi topary döredýär, onuň düzümine üýtgetmeler girizýär; 9) sala salşyklary geçirmegiň senesini belleýär, Mejlisiň maslahatyny möhletinden öň çagyrmaga haklydyr; 10) Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek, raýatlykdan çykarmak we gaçybatalga bermek hakyndaky meseleleri çözýär; 11) Türkmenistanyň ordenleri we beýleki döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, harby atlary, beýleki ýörite döwlet atlaryny we tapawutlandyryş atlaryny dakýar; 12) Mejlis bilen ylalaşyp, Ýokary kazyýetiň başlygyny, Baş prokurory, Içeri işler ministrini, Adalat ministrini wezipä belleýär we wezipeden boşadýar; 13) rehim etme hem-de günä geçme çärelerini amala aşyrýar; 14) raýatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek üçin Türkmenistanyň bütin çäginde ýa-da aýry-aýry ýerlerinde adatdan daşary ýagdaý düzgünini girizýär. Adatdan daşary ýagdaý düzgüni Türkmenistanyň kanuny bilen kadalaşdyrylýar; 15) Konstitusiýada we kanunlarda özüniň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär. 54-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň bütin çäginde hökmanylyk güýji bolan permanlary, kararlary we buýruklary çykarýar. 55-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti Mejlisiň deputaty bolup bilmez. 56-njy madda. Türkmenistanyň Prezidenti eldegrilmesizlik hukugyna eýedir. Onuň at-abraýy we mertebesi kanun bilen goralýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň we onuň maşgalasynyň üpjünçiligi, hyzmat edilişi we goragy döwletiň hasabyna amala aşyrylýar. 57-nji madda. Türkmenistanyň Prezidenti näsaglygy sebäpli öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmese, ol möhletinden öň wezipesinden boşadylyp bilner. Mejlis özüniň döredýän garaşsyz lukmançylyk toparynyň çykaran netijenamasy esasynda Türkmenistanyň Prezidentini möhletinden öň wezipesinden boşatmak hakynda çözgüt kabul edýär. Şol çözgüt Mejlisiň bellenen sandaky deputatlarynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär. Türkmenistanyň Prezidenti Konstitusiýany we kanunlary bozan halatynda, Türkmenistanyň Mejlisi Türkmenistanyň Prezidentine ynamsyzlyk bildirip biler. Türkmenistanyň Prezidentine ynam bildirmezlik hakyndaky meselä Mejlisiň bellenen sandaky deputatlarynyň azyndan üçden ikisiniň talap etmegine görä seretmek bolar. Türkmenistanyň Prezidentine ynam bildirmezlik hakyndaky çözgüt Türkmenistanyň Mejlisiniň bellenen sandaky deputatlarynyň dörtden üç böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär. Türkmenistanyň Prezidentini wezipesinden çetleşdirmek hakyndaky mesele ählihalk sala salşygyna goýulýar. 58-nji madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň Konstitusiýanyň 53-nji maddasynyň 2-nji, 11-nji, 13-nji bentlerinde göz öňünde tutulan özüniň Mejlisiň Başlygyna berlip bilinýän ygtyýarlyklaryndan beýleki ygtyýarlyklaryny başga döwlet edaralaryna ýa-da wezipeli adamlara bermäge haky ýokdur. Eger Türkmenistanyň Prezidenti haýsydyr bir sebäbe göra öz borçlaryny ýerine ýetirip bilmeýän bolsa, onda Prezident saýlanýança Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň biriniň üstüne ýüklenilýär. Şu ýagdaýda Prezidentiň saýlawlary onuň ygtyýarlyklarynyň Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirijä geçen gününden başlap, 60 günden gijä goýulman geçirilmelidir. Türkmenistanyň Prezidentiniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetiriji Prezidentlige dalaşgär bolup bilmez. III bap. Türkmenistanyň Mejlisi 59-njy madda. Türkmenistanyň Mejlisi (Parlament) kanun çykaryjy häkimiýeti amala aşyrýan iň ýokary wekilçilikli edaradyr. 60-njy madda. Mejlis 125 deputatdan ybarat bolup, olar saýlawçylarynyň sany takmynan deň bolan ýerli saýlaw okruglary boýunça bäş ýyl möhlete saýlanylýar. 61-nji madda. Mejlis aşakdaky halatlarda möhletinden öň ýatyrylyp bilner: 1) ählihalk sala salşygynyň çözgüdi esasynda; 2) Mejlisiň bellenen sandaky deputatlarynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden karary esasynda (öz-özüni ýatyrmagy); 3) alty aýyň dowamynda Mejlisiň ýolbaşçy düzümi düzülmedik mahalynda, Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan. 62-nji madda. Mejlis deputatlaryň ygtyýarlyklaryny özbaşdak kesgitleýär, olaryň arasyndan Mejlisiň Başlygyny, onuň orunbasaryny saýlaýar, komitetleri we toparlary düzýär. Mejlisiň öňki çagyrylyşynyň deputatlary Mejlisiň täze çagyrylyşynyň birinji maslahaty açylýança öz ygtyýarlyklaryny saklaýarlar. 63-nji madda. Mejlis: 1) kanunlary kabul edýär, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we kanunlara üýtgetmeler we goşmaçalar girizýär, olaryň ýerine ýetirilişine gözegçilik edýär hem-de olara resmi düşündirişler berýär; 2) Ministrler Kabinetiniň iş maksatnamasyny makullamak baradaky meselä garaýar; 3) Türkmenistanyň Döwlet býujetini we onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty tassyklamak baradaky meselelere garaýar; 4) ýurdy syýasy, ykdysady, sosial taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryna we maksatnamalaryna garaýar; 5) ählihalk sala salşyklaryny geçirmek hakyndaky meseleleri çözýär; 6) Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, welaýat, etrap, şäher wekilçilikli edaralarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär; 7) Türkmenistanyň Prezidentiniň teklibi boýunça Ýokary kazyýetiň başlygyny, Baş prokurory, Içeri işler ministrini, Adalat ministrini wezipä bellemek we olary wezipeden boşatmak baradaky meselelere garaýar; 8) döwlet sylaglaryny döredýär, Türkmenistanyň Prezidentini döwlet sylaglary bilen sylaglaýar, oňa harby atlary we tapawutlandyryş atlaryny dakýar; 9) döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň Konstitusiýa laýyklygyny ýa-da laýyk däldigini kesgitleýär; 10) halkara şertnamalaryny tassyklaýar we ýatyrýar; 11) Türkmenistanyň Döwlet serhedini we dolandyryş-çäk bölünişigini üýtgetmek meselelerini çözýär; 12) parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine garaýar; 13) Konstitusiýada we kanunlarda Mejlisiň ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýär. 64-nji madda. Mejlis aýry-aýry meseleler boýunça Türkmenistanyň Prezidentine kanun çykarmak hukugyny berip biler, soňra şol kanunlary tassyklamak baradaky meselä Mejlis tarapyndan hökman garalmalydyr. Mejlis aşakdaky meseleler boýunça kanun çykaryjylyk hukugyny hiç kime berip bilmez: 1) Konstitusiýany üýtgetmek; 2) jenaýat we dolandyryş kanunçylygy; 3) kazyýet önümçiligi. 65-nji madda. Kanun çykaryjylyk başlangyjyna bolan hukuk Türkmenistanyň Prezidentine, Mejlisiň deputatlaryna, Ministrler Kabinetine, Ỳokary kazyýete degişlidir. 66-njy madda. Mejlisiň deputatlarynyň Ministrler Kabinetine, ministrlere, beýleki döwlet edaralarynyň ýolbaşçylaryna resmi sowal bilen ýüz tutmaga, dilden hem hat üsti bilen sowal bermäge hukugy bardyr. 67-nji madda. Döwlet Mejlisiň her bir deputatyna onuň öz ygtyýarlyklaryny päsgelçiliksiz we netijeli amala aşyrmagy üçin ähli şertleriň döredilmegini, onuň hukuklarynyň we azatlyklarynyň, janynyň, at-abraýynyň we mertebesiniň, şeýle hem şahsy eldegrilmesizliginiň goraglylygyny kepillendirýär. 68-nji madda. Deputaty onuň deputatlyk ygtyýarlyklaryndan diňe Mejlis mahrum edip biler. Şu mesele boýunça çözgüt Mejlisiň deputatlarynyň bellenen sanynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul edilýär. Mejlisiň razylygy bolmasa, deputat jenaýat jogapkärçiligine çekilip, tussag edilip ýa-da başga hili ýol bilen azatlykdan mahrum edilip bilinmez. 69-njy madda. Mejlisiň deputaty şol bir wagtyň özünde Ministrler Kabinetiniň agzasy, häkim, arçyn, kazy, prokuror wezipelerini eýeläp bilmez. 70-nji madda. Mejlisiň Başlygy gizlin ses bermek bilen saýlanýar. Ol Mejlise hasabat berýär hem-de Mejlisiň bellenen sandaky deputatlarynyň üçden iki böleginden az bolmadyk sesleriniň köplügi bilen kabul eden çözgüdi boýunça wezipesinden boşadylyp bilner. Mejlisiň Başlygynyň orunbasary açyk ses bermek arkaly saýlanýar, ol Başlygyň tabşyrmagy boýunça onuň aýry-aýry wezipelerini ýerine ýetirýär, Mejlisiň Başlygynyň bolmadyk ýagdaýynda ýa-da öz ygtyýarlyklaryny ýerine ýetirmäge mümkinçiligi bolmasa, onuň wezipesini ýerine ýetirýär. 71-nji madda. Mejlisiň, onuň komitetleriniň we toparlarynyň, deputatlaryň iş tertibi hem-de olaryň wezipeleri we ygtyýarlyklary kanun bilen kesgitlenilýär. IV bap. Türkmenistanyň Ministrler Kabineti 72-nji madda. Ministrler Kabineti (Hökümet) ýerine ýetiriji we serenjam beriji edaradyr. Türkmenistanyň Prezidenti Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygydyr. 73-nji madda. Ministrler Kabinetiniň düzümine onuň Başlygynyň orunbasarlary, ministrler girýärler. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan Ministrler Kabinetiniň düzümine ýerine ýetiriji häkimiýetiň merkezi edaralarynyň ýolbaşçylary bolan beýleki adamlar hem girizilip bilner. Ministrler Kabineti Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan onuň öz wezipesine girişen gününden başlap bir aýyň dowamynda düzülýär we täze saýlanan Prezidentiň öňünde öz ygtyýarlyklaryny tabşyrýar. 74-nji madda. Ministrler Kabinetiniň mejlisleri Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan ýa-da onuň tabşyrmagy boýunça Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň biri tarapyndan geçirilýär. Ministrler Kabineti öz ygtyýarlyklarynyň çäginde ýerine ýetirilmegi hökmany bolan kararlary kabul edýär we buýruklary çykarýar. 75-nji madda. Ministrler Kabineti: 1) Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň we Türkmenistanyň Mejlisiniň namalarynyň ýerine ýetirilmegini guraýar; 2) raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmek hem goramak, eýeçiligi we jemgyýetçilik tertibini, milli howpsuzlygy goramak boýunça çäreleri amala aşyrýar; 3) döwletiň içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlary baradaky teklipleri, ýurdy ykdysady we sosial taydan ösdürmegiň maksatnamalaryny işläp taýýarlaýar hem-de olary Mejlisiň garamagyna berýär; 4) ykdysady we sosial taýdan ösüşiň döwlet tarapyndan dolandyrylmagyny amala aşyrýar; döwlet kärhanalaryny, edaralaryny we guramalaryny dolandyrmagy guraýar; tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylmagyny hem goralmagyny üpjün edýär; 5) pul we karz ulgamyny pugtalandyrmak boýunça çäreleri görýär; 6) zerur bolan halatynda Ministrler Kabinetiniň ýanynda komitetleri, baş müdirlikleri we beýleki pudaklaýyn dolandyryş edaralaryny döredýär; 7) daşary ykdysady işi amala aşyrýar, daşary ýurt döwletleri bilen medeni we gaýry gatnaşyklaryň ösdürilmegini üpjün edýär; 8) hökümet edaralarynyň, döwlet kärhanalarynyň we guramalarynyň işine ýolbaşçylyk edýär; ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş, şeýle hem ýerine ýetiriji ýerli häkimiýet edaralarynyň hukuk namalaryny ýatyrmaga haklydyr; 9) Türkmenistanyň Konstitusiýasynda, kanunlarynda we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalarynda öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen gaýry meseleleri çözýär. 76-njy madda. Ministrler Kabinetiniň ygtyýarlyklary, onuň iş tertibi, beýleki döwlet edaralary bilen gatnaşyklary kanun arkaly kesgitlenilýär. V bap. Ýerli häkimiýet edaralary 77-nji madda. Ýerli häkimiýet öz ygtyýarlyklarynyň çäginde hereket edýän wekilçilikli we ýerine ýetiriji edaralardan ybaratdyr. 78-nji madda. Türkmenistanyň kanunçylygynda kesgitlenen tertipde, welaýatda, welaýat hukukly şäherde, etrapda, etrap hukukly şäherde agzalary degişli dolandyryş-çäk birlikleriniň raýatlary tarapyndan dört ýyl möhlete saýlanýan wekilçilikli edaralar - halk maslahatlary döredilýär. 79-njy madda. Halk maslahatlary öz ygtyýarlyklaryna laýyklykda çäkleriň ykdysady, sosial we medeni taýdan ösüşiniň meselelerini çözmäge gatnaşýarlar. Halk maslahatlarynyň, olaryň agzalarynyň wezipeleri we ygtyýarlyklary, olaryň işiniň hem-de beýleki häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň tertibi kanun arkaly kesgitlenilýär. 80-nji madda. Ýerlerde ýerine ýetiriji häkimiýeti: welaýatlarda - welaýat häkimleri, şäherlerde - şäher häkimleri, etraplarda - etrap häkimleri amala aşyrýarlar. 81-nji madda. Häkimler Türkmenistanyň Prezidentiniň ýerlerdäki wekilleridir, olar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan wezipä bellenilýär we wezipeden boşadylýar hem-de oňa hasabat berýärler. 82-nji madda. Häkimler ýerlerde dolandyryş edaralarynyň işine ýolbaşçylyk edýärler, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler. Häkimler öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde garamagyndaky ýerlerde ýerine ýetirilmegi hökmany bolan kararlary kabul edýärler. 83-nji madda. Häkimleriň wezipeleri we ygtyýarlyklary, olaryň işiniň hem-de beýleki häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşyklarynyň tertibi kanun arkaly kesgitlenilýär. IV bölüm. Ýerli öz-özüňi dolandyryş 84-nji madda. Ýerli öz-özüňi dolandyryş ulgamyny Geňeşler we ýerli jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralary emele getirýärler. Geňeşler etrapdaky şäherleriň, şäherçeleriň, geňeşlikleriň çäklerinde halk häkimiýetiniň wekilçilikli edaralarydyr. Geňeş agzalary gös-göni raýatlar tarapyndan üç ýyl möhlete saýlanylýar. 85-nji madda. Geňeş öz işlerinde özbaşdakdyr. Ol häkimiýet we dolandyryş edaralary bilen özara gatnaşyklaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrýar. 86-njy madda. Geňeşler: 1) öz çäklerini ykdysady, sosial hem medeni taýdan ösdürmegiň esasy ugurlaryny kesgitleýärler; 2) býujeti düzýärler we tassyklaýarlar, onuň ýerine ýetirilişi hakyndaky hasabaty taýýarlaýarlar; 3) ýerli ýygymlary we olary almagyň tertibini belleýärler; 4) tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak we daşky gurşawy goramak boýunça çäreleri kesgitleýärler; 5) kanun tarapyndan öz ygtyýarlyklaryna degişli edilen beýleki meseleleri çözýärler. Geňeşler öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde garamagyndaky ýerlerde ýerine ýetirilmegi hökmany bolan çözgütleri kabul edýärler. 87-nji madda. Geňeş öz agzalarynyň arasyndan Geňeşiň işine ýolbaşçylyk edýän we oňa hasabat berýän arçyny saýlaýar. Arçynlar Geňeşleriň çözgütleriniň, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynyň namalarynyň ýerine ýetirilmegini üpjün edýärler, şeýle hem ýerli ähmiýeti bolan beýleki meseleleri çözýärler. 88-nji madda. Geňeşleriň, beýleki jemgyýetçilik öz-özüňi dolandyryş edaralarynyň iş tertibi kanun bilen kesgitlenilýär. V bölüm. Saýlaw ulgamy, sala salşyk 89-njy madda. Türkmenistanyň Prezidentiniň, Mejlisiň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlary ählumumy we deň saýlawlardyr. Türkmenistanyň on sekiz ýaşy dolan raýatlarynyň saýlamaga hukugy bardyr, her saýlawçynyň bir sesi bar. Saýlawlara kazyýet tarapyndan kämillik ukyby ýok diýlip ykrar edilen raýatlar, azatlykdan mahrum ediliş ýerlerinde jeza çekýän adamlar gatnaşmaýarlar. Beýleki halatlarda raýatlaryň saýlaw hukuklarynyň çäklendirilmegine ýol berilmeýär we kanunçylykda kesgitlenen jogapkärçilige getirýär. 90-njy madda. Saýlawlar gününe çenli ýigrimi bäş ýaşy dolan we soňky on ýylyň dowamynda Türkmenistanda hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň raýaty Mejlisiň deputatlygyna saýlanyp bilner. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlygyna, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar Türkmenistanyň kanunlarynda kesgitlenilýär. 91-nji madda. Saýlawlar göni saýlawlardyr we saýlanylýanlar raýatlar tarapyndan gös-göni saýlanýarlar. 92-nji madda. Saýlawlarda ses bermek gizlindir, ses berlende saýlawçylaryň öz erk-islegini beýan edişine gözegçilik edilmegine ýol berilmeýär. 93-nji madda. Dalaşgärleri hödürlemek hukugy syýasy partiýalara, jemgyýetçilik birleşiklerine we raýatlaryň toparlaryna degişlidir hem-de Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda amala aşyrylýar. 94-nji madda. Döwlet we jemgyýetçilik durmuşyna degişli möhüm meseleleri çözmek üçin ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirilip bilner. Sala salşygyň netijesinde kabul edilen çözgütler diňe sala salşyk arkaly ýatyrylyp ýa-da üýtgedilip bilner. 95-nji madda. Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň bellenen sanynyň azyndan üçden iki böleginiň teklip etmegi ýa-da saýlaw hukukly raýatlaryň azyndan iki ýüz elli müňüsiniň teklip etmegi boýunça ählihalk sala salşygyny geçirmek baradaky çözgüdi kabul etmek hukugy Türkmenistanyň Mejlisine degişlidir. 96-njy madda. Öz başlangyjy boýunça ýa-da degişli çäkde ýaşaýan saýlawçylaryň azyndan dörtden bir böleginiň teklip etmegi boýunça ýerli sala salşyklary geçirmegi bellemek hukugy Geňeşe degişlidir. 97-nji madda. Sala salşyklar ählumumy, deň, göni we gizlin ses bermek arkaly geçirilýär. Sala salşyklara Türkmenistanyň saýlaw hukugyna eýe bolan raýatlary gatnaşýar. 98-nji madda. Saýlawlary, ählihalk we ýerli sala salşyklary geçirmegiň tertibi kanun bilen kesgitlenilýär. Saýlawlar we sala salşyklar adatdan daşary ýagdaý döwründe geçirilmeýär. VI bölüm. Kazyýet häkimiýeti 99-njy madda. Türkmenistanda kazyýet häkimiýeti diňe kazyýetlere degişlidir. Kazyýet häkimiýeti raýatlaryň hukuklaryny we azatlyklaryny, kanun arkaly goralýan döwlet hem jemgyýetçilik bähbitlerini goramaga niýetlenendir. 100-nji madda. Kazyýet häkimiýeti Türkmenistanyň Ýokary kazyýeti we kanunda göz öňünde tutulan beýleki kazyýetler tarapyndan amala aşyrylýar. Adatdan daşary kazyýetleriň we kazyýetiň ygtyýarlyklary berlen gaýry düzümleriň döredilmegine ýol berilmeýär. 101-nji madda. Kazylar garaşsyzdyrlar, olar diňe kanuna tabyndyrlar we özleriniň içki ynam-ygtykadyna gollanýarlar. Kazylaryň işine hiç kimiň gatyşmagyna ýol berilmeýär, oňa gatyşylmagy kanunda bellenilen jogapkärçilige getirýär. Kazylaryň eldegrilmesizligi kanun bilen kepillendirilýär. 102-nji madda. Kazylar Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan bellenilýär. Kazylary bellemegiň we boşatmagyň tertibi, ygtyýarlyklarynyň möhletleri kanun bilen kesgitlenilýär. Ygtyýarlyklarynyň möhleti tamamlanmazdan öň kazy wezipesinden diňe kanunda görkezilen esaslara görä boşadylyp bilner. 103-nji madda. Kazylar mugallymçylyk we ylmy-barlag işlerinden özge hak tölenilýän haýsydyr bir başga wezipäni eýeläp bilmezler. 104-nji madda. Işlere kazyýetlerde kollegial garalýar, kanunda göz öňünde tutulan halatlarda bolsa kazynyň bir özi garaýar. 105-nji madda. Kazyýetlerde işler açyk seljerilýär. Işiň ýapyk mejlisde seredilmegine diňe kanunda göz öňünde tutulan ýagdaýlarda, kazyýet önümçiliginiň ähli düzgünlerini berjaý etmek bilen ýol berilýär. 106-njy madda. Kazyýet önümçiligi döwlet dilinde ýöredilýär. Işe gatnaşýan we kazyýet önümçiliginiň dilini bilmeýän adamlara terjimeçiniň kömek etmeginde işiň materiallary bilen tanyşmak hem-de kazyýet hereketlerine gatnaşmak, şeýle hem kazyýet mejlisinde ene dilinde çykyş etmek hukugy üpjün edilýär. 107-nji madda. Adyl kazyýetlik taraplaryň deňligi we bäsleşigi esasynda amala aşyrylýar. Taraplaryň Türkmenistanyň kazyýetleriniň çykaran çözgütleri, hökümleri we beýleki kararlary barada şikaýat etmäge hukugy bardyr. 108-nji madda. Professional ýuridik kömegi almak hukugy kazyýet önümçiliginiň islendik tapgyrynda ykrar edilýär. Raýatlara we guramalara ýuridik kömegi adwokatlar, beýleki adamlar we guramalar berýärler. 109-njy madda. Kazyýetleriň ygtyýarlyklary, olary döretmegiň we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenilýär. VII bölüm. Prokuratura 110-njy madda. Türkmenistanyň kanunlarynyň, Türkmenistanyň Prezidentiniň, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň namalarynyň, Türkmenistanyň Mejlisiniň kararlarynyň takyk we birmeňzeş berjaý edilişine gözegçilik Türkmenistanyň Baş prokuroryna hem-de oňa tabyn prokurorlara ýüklenilýär. Prokuror kazyýetlerde işleriň garalmagyna kanunda bellenen esaslarda hem-de tertipde gatnaşýar. 111-nji madda. Prokuratura operatiw-agtaryş işiniň kanunylygyna hem-de jenaýat işleriniň derňelişine gözegçilik edýär. 112-nji madda. Prokuratura edaralarynyň ýeke-täk merkezleşdirilen ulgamyna Türkmenistanyň Baş prokurory ýolbaşçylyk edýär. Prokurorlary wezipä bellemegiň we wezipeden boşatmagyň tertibi, ygtyýarlyklarynyň möhletleri kanun bilen kesgitlenilýär. 113-nji madda. Türkmenistanyň Baş prokurory hem oňa tabyn prokurorlar öz ygtyýarlyklaryny amala aşyranlarynda diňe kanuny gollanýarlar. 114-nji madda. Prokuratura edaralarynyň ygtyýarlyklary, olary döretmegiň we işiniň tertibi kanun bilen kesgitlenilýär. VIII bölüm. Jemleýji düzgünler 115-nji madda. Kanunlar, döwlet edaralarynyň we wezipeli adamlaryň beýleki hukuk namalary Konstitusiýanyň esasynda we şoňa laýyklykda kabul edilýär. Konstitusiýada we kanunlarda görkezilýän düzgünler biri-birine gabat gelmedik halatynda Konstitusiýanyň düzgünleri hereket edýär. 116-njy madda. Konstitusiýanyň döwleti dolandyrmagyň prezident respublikasy görnüşinde amala aşyrylýandygy hakyndaky düzgünleri üýtgedilip bilinmez. 117-nji madda. Konstitusiýany üýtgetmek hakyndaky Kanun, eger Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň bellenen sanynyň azyndan üçden iki bölegi ýa-da ählihalk sala salşygyna gatnaşan Türkmenistanyň raýatlarynyň ýarysyndan köpüsi oňa ses beren bolsa, ol kabul edilen diýlip hasap edilýär. Türkmenistanyň Gurbanguly Prezidenti Berdimuhamedow Aşgabat şäheri. 2008-nji ýylyň 26-njy sentýabry.

Köneler, Lider tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir