Hemmäňize salam dostlar! Meselem siz aýdaly, bir websaýt eýýesi! Saýtyňyza günde ortaça 50-100 adam girýär!

Siz bu girişlerden peýda gazanyp bilmeýäňiz! Şol sanda gazanyp hem bolýar! Elbetde muňa reklama berijiler ýa-da şäriklik programmalarynda gazanmak mükin!

Olar size näme üçin pul tölär?!

1. Reklamalaryň görülmelerine

2. Reklama basyşlara

3. Şäriklik salgysyndan açylan hasaplara

Indi herisine aýratyn durup geçsek.

1. Reklama görülmeleri üçin näçe gazanyp bileris?!

Aýdaly siziň saýtyňyza hergün 100 host girýär! Her hostyňyzam 10 sahypa tomaşa etýär!

100*10=1000 sahypa görülme. Esasan siziň girdejiňiz saýtyňyza girilýän ýurtlara baglylykda üýtgäp biler! Meselem saýtyňyza Turkiýadan, Russiýadan, Amerikadan kän girişler bolsa diýmek girdejiňiz, has ýokarlanar.

Meselem meniň saýtlarymdan(aýtjakdäl atlaryny :) reklama bolýa) günde 0.50$-den 1.50$ aralygynda işleýän. Saýtlaryma esasan Türkmenistandan 80-90 adam girýär, Turkiýadan 30-40 adam, Russiýadan 10-15 adam. Meniň saýtlarymda günlik sahypa görülmeler, ortaça 8000-9000 sahypa görülmeler. Mowzugyň suratynda meniň näçe gazanýanymy görüp bilersiňiz :)

2. Reklama basyşlara bolanda nähili bolýar?!

Siziň sahypaňyzda çykýan reklama basyşlara sahypa görülmelerden kän pul tölenilýär! Ýagny 1 basyşa ortaça 0.01$-0.05$ tölenilýär! Elbetde bu basyşlar hem ýurlara baglylykda üýtgäp bilýär! Meselem reklama basyşlar Turkiýadan bolsa 0.10$-0.50$ bolup biler! Russiýadan bolsa 0.75$-1.00$ hem bolup biler! Häzirki wagtda iň ýokary görkeziji, Birleşen Arap Emirliklerinde we Amerikada! Bularyň görkezijileri tahmynan her basyşa 50$-100$ bolup biler!

Esasan reklama basyşlarda, reklama basyjyny şol reklama bolan gyzyklanmasy görkezilmegi gerek. Egerde ýalan basyşlar, özüňiziň reklamalarňyza basmak, reklamalara basmaga adamlary mejbur etmek sizi şäriklik programmadan blok edilmegiňiz ýada umuman hasabyňyzyň öçürilmegine getirip biler!

3. Şäriklik salgysyndan açylan hasaplara!

Siz haçanda hasap açanyňyzda size degişli şäriklik ssylkasy berilýär we şol ssylkany basyp, şäriklik programmasyndan hasap açylsa we şol hasap bellibir şertleri berjaý edende size belli bir möçberde hasabyňyza pul geçirilýär!

Indi netijä gelsek, siz saýtdan peýda göreňizokmy?! Diýmek entäk saýtyňyzyň reklamasy ýetenok! Saýty ösürmek barada doly ýene bir mowzuk açaryn! Munda siziň SEO tarapdan bilimiňiz bolsa hiçhili, saýty ösdürmekde kynçylygyňyz bolmaz.

Öz düzen websaýtlarňyzda hiç-haçan başka websaýtlary reklama ediji habarlary ýazmazlygy maslahat berýäris! Sebäbi siziň ulanyjyňyzyň kemelmegine getirip biler! Eliňizden gelse başkalaň saýtynda öz saýtyňyzy reklama ediň!

Indi iň ynamly şäriklik programmalaryna gelsek, meň ýokarda aýdanlarymyň barysy Google Adsense kontekstni reklama saýtyna degişlidi!

Ünüs bilen okanyňyz üçin minnetdar! Hormat bilen AkmyradoffSoft!

Çeşme: https://bloglar.ru/news/580-erkin-reklama-doskasy-nirede.html

Täzelikler, AkmyradoffSoft tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir