Bir ýerde okadym we ýazaýyn diýdim (esasanam erkin666 agzamyz üçin!) Orsiýetiň Birinji Ýaýlym kanalynda kosmosa uçan kosmonawtlar barada bir habar seretdim. Ol habarda ors kosmonawtlar kosmosda bolmaklaryna garamazdan Prawoslaw Hrystyýanlykda mukaddes hasaplanýan ‘Pasha’ baýramyny kaýutada belländiklerini, hatda Orsiýetiň merkezi patriarhy bilen telefonda gürleşendiklerini metbugat ýazgysynda dile getirdiler. Bu waka maňa elbetde iki zady ýatlatdy. Birinjisi, wagtynda Sowet hökümetiniň propagandasy hökmünde Gagariniň metbugata “Men kosmosda Hudaýy görmedim(!)” diýen sözleridi. Muňa döwrüň iň uly alymlaryndan biri eserlerinde şeýle jogap berýär: “Sen näme, Hudaýy kosmosda uçýan barondu öýtdüňmi?” Ikinji bir zat hem bolsa, Karl Marks we Engels ýaly materialistleriň, yzyndan Sowet hökümetiniň 21-nji asra girmezden öň, dünýäniň üçden ikisi ýaly uly bölegi materialist, hatda aterist bolar diýip çaklaýardylar. Emma bu sanyň belli bir ýyllar arasynda köpelip, soňam bolsa yza gaýdyşlyk başlandygy herkime mälim. Materilizmiň gurujylarynyň çaklamalarynyň uly bölegi bilen bilelikde, bu çaklamalary hem ýalňyş bolup çykdy. Şu wagt dünýä dine, ynanja tarap has köp ymtylyp ugrady. Materializmiň çökendiginiň başga bir nyşany bolsa, Mel Gibosnuň ýaňy ýakynda çykaran “(Hz) Isanyň Çilesi” filmine bolan gyzyklanmadyr. Film hrystyýan ynançlary esasynda düşürülmegine garamazdan, dürli hrystyýan toparlary arasynda herhili jedele ýol açdy. Emma ýene-de adamlaryň din bilen meşgullanmagy, jahanyň Marksyň çaklan ugruna gitmeýişidir. Bu filmiň çykmagy musulmanlar üçin Hz Isa (as) Pygamberiň hekaýasy baradaky Mukaddes Kuranda beýan edilen wariantyny aýdyp galmana bir pursat döretdi. Musulmanlara görä Hezreti Isa haçda asylmady, ol zulumlary çekmedi. Oňa meňzeş biriniň asylandygy Nisa Süresiniň 157-nji aýatynda dile getirilýär. Golywudyň hem soňky döwürlerde ruhyýete tarap egilişiň bardygyna göz ýetirýäs. Diýmek ynanç adamyň ruhy zerurlulygy. Adamzat şu döwür ejizligini has-da oňat aňýar. Beýle ýagdaý bolsa, şu wagtky dürli bolup geçýän kynçylyklara garamazdan dünýäniň gowulyga, adamçylyga, ahlaka, ynsanlyga, ýardamsöýerlige tarap barýandygynyň subutnamasy bolsa gerek.

Köneler, SerJon tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir