Şu topraga göbek gany damyp, gaýry ülkelerde Watanymyzyň abraýyny, mertebesini beýgeldýänler barmak büküp sanardan köp. Ýönekeýje mysal, Gurban Berdiýewi alalyň. Ol futbol bilen düýbünden arasy ýok, futboldan asla başy çykmaýan adamlaryň, gör, näçesine «Rubin» ýa-da «Rostow» diýdiren adam... Bu onuň üstünligi bilen baglymyka? Hawa. Ýöne belli bir derejede. Munuň şeýle bolmagy, aslynda, Gurban Berdiýewiň häsiýetiniň agrasdygy, sowukganlydygy, paýhaslydygy.., bir söz bilen aýdanyňda, türkmendigi bilen bagly. Şu häsiýetler bolmadyk bolsa, belki, Barselona (Barselona 1:2 Rubin, 20.10.2009 ý, UEFA Çempionlar ligasy), Bawariýa (Rostow 3:2 Bawariýa, 23.11.2016 ý, UEFA Çempionlar ligasy), Çelsi (Rubin 3:2 Çelsi, 11.04.2013 ý, UEFA Ýewropa ligasy), Atletika Madrid (Atletika Madrid 0:2 Rubin, 14.02.2013 ý, UEFA Ýewropa ligasy), Inter (Rubin 3:0 Inter, 22.11.2012 ý, UEFA Ýewropa ligasy), Tottenham (Rubin 1:0 Tottenham, 03.11.2011 ý, UEFA Ýewropa ligasy), Aýaks (Rostow 4:1 Aýaks, 24.08.2016 ý, UEFA Çempionlar ligasy), Anderleht (Anderleht 0:2 Rostow, 03.08.2016 ý, UEFA Çempionlar ligasy) ýaly ägirt uly toparlar rus futbol toparlaryndan ýeňlişe sezewar bolmagyň nämedigini bilmezdiler. Ýöne biziň ýüreklerimizi gozgaýan zat bu üstünlikler däl-de, şol üstünlikleriň ýany bilen pasyrdaýan Türkmen baýdagy! Hany, onsoň janköýerlik etme-dä, etmäbilseň! Şu günki ýaly ýadymda, Slawiýa Praga futbol toparynyň düzüminde ildeşimiz, futbol milli ýygyndymyzyň ýarym goragçysy Ruslan Mingazow Çehiýanyň 1-nji ligasynyň çempionlygyny gazananda, Türkmen baýdagy çeh stadionyna ýalkym saçypdy...
Elbetde, ýokardaky ady agzalan iki şahs futbol hakynda gürrüň açylanda, türkmen topragynda kemal tapan zehinleriň içinde atlary ilkinjileriň hatarynda tutulmaly adamlar. Gürrüňiň ugruny başa-baş söweş sungatyna gönükdirsek welin, Döwletjan Ýagşymyradowa taý tapylmasa gerek. Bu at eýýäm okyjylar köpçüligine tanyş. Sebäbi gysga wagtyň içinde özüne esli janköýerleri çekip bilen pälwan ýigit bi. Galyberse-de, her bir tutluşygyna Türkmen baýdagynyň astynda çykýan, ýeňiş gazansa, «Alynyň a:ly meýdanyna» türkmen Baýdagynyň şuglasyny salýan pälwana, sportuň bu görnüşi bilen ha gyzyklan, ha gyzyklanma, janköýerlik etmezlik mümkin däl.
Bilşimiz ýaly, dünýäde başa-baş söweş ugrundan tutluşyklary guraýan birnäçe meşhur guramalar bar. Olardan ACB (Absolute Championship Berkut), ACA (Absolute Championship Akhmat) ýaly guramalar hem derejesi boýunça öňdeligi eýeleýärler. 1989-njy ýylda Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda doglan pälwan ýigidimiz Döwletjan Ýagşymyradow ýarym agyr agram derejesinde ady agzalan guramalaryň ikisiniň hem çempiony bolup durýar.
Heniz çagalyk ýyllarynda sportuň karate, kikboks görnüşlerini ele alan Döwletjan 2009-njy ýylda Ukrainanyň Harkow şäherine okuwa gidýär. Okuwynyň gapdalyndan sport bilen meşgullanmagyny hem dowam etdirýär. Şeýlelikde, Döwletjanyň yhlasy myrat tapyp, talyp döwürlerinde sportuň grepling, pankration we fri-faýt görnüşlerinden Ukrainanyň Harkow welaýatynyň çempionlygyny gazanýar. Bu çempionlyklar iri başa-baş söweş guramalaryndan teklipleriň gelmegine ýol açýar. Şeýdip, Döwletjanyň başa-baş söweş ugrunda professional karýerasy Ukrainanyň başa-baş söweşleri guraýan «Oplot» guramasy bilen şertnama baglaşmagy esasynda başlaýar. Şu başlangyçlardan gözbaş alyp gaýdýan karýera, bu pälwany abraýly ACB, ACA guramalaryna çenli getirýär. Pälwanymyz ACB-da wagty Ukrainanyň «Kars» toparynyň, häzirki wagtda bolsa «Alabay fight club» toparynyň adyndan çykyş edýär.
Abraýly guramalarda çykyş etmek bilen, birnäçe tutluşyklary geçiren ýigidimiz olaryň tas hemmesini diýen ýaly ýeňiş bilen tamamlap, indi tutluşmaly garşydaşlarynyň hem kalbynda howsala döretmegi başardy. Hasam beter, bu ýagdaý 2017-nji ýylyň noýabrynda daniýaly pälwan, ozal UFC, M-1 ýaly iri guramalarda çykyş eden Ýoahim Kristenseni garaşylmadyk ýagdaýda «nokaut» arkaly ýeňlişe sezewar edeninden soň, hakykat ýüzünde ýerini tapdy. Soňky sekiz tutluşygyny yzygider ýeňen Döwletjan häzirki wagtda ýarym agyr derejedäki pälwanlaryň öňüni çekýär.
14.12.2019 ý.. Bu senede pälwanymyz tejribeli rus pälwany Alekseý Butorin bilen çempionlygyny goramak ugrunda tutluşyga çykdy. Aslynda, türgenleşik döwründe sag tirseginden şikes alsa-da, janköýerleriniň ynamyny puja çykarmadyk ýanbermezek pälwan, eminleriň gelen netijesi boýunça ýeňşini baýram etdi. Duşuşykdan soň, pälwanyň özünden nokautly ýa-da wagtyndan öň ýeňşe garaşan janköýerlerinden ötünç soramagy has-da täsirli boldy. Muňa onuň özüne jogapkärçiligi duýýanlygy diýip düşünse bolar. Pälwan ýigidimiz bir interwýusynda şeýle diýýär: «Men her gezek tutluşyga çykanymda, ýeňilmekden gorkman çykýardym, sebäbi ýeňilmekden hiçhili jogapkärçilik çekemokdym. A indi bolsa, ýagdaý düýbünden başgaça. Janköýerlerim köpeldikçe, jogapkärçilik şonça-da artýan eken».
Döwletjanyň başa-baş söweşde esasy stil aýratynlygy bolup, takyk we güýçli urgular has öňe çykýar. Şol sebäpli-de, professional karýerasynda «18-5-1» şahsy rekordy saklaýan pälwan 18 ýeňşiniň 11-sini nokaut bilen gazandy.
...Meniň birzada pisindim oturýar. Ýokarda ady agzalanlardan Gurban Berdiýew bolsun, Ruslan Mingazow... ýa Döwletjan Ýagşymyradowyň özi bolsun, iň jogapkärli, iň üstünlikli, iň şowly pursatlarynda dünýäniň haýsy künjünde bolmagyna garamazdan, ýaşyl Tugumyzy alnyna togap edip, ony şol ýeňişleriniň, üstünlikleriniň simwolyna öwürýärler. Bularyň kalplarynyň Watan söýgüsi bilen püre-pürdügini arkaýyn aýtmak bolar.
Şeýle bolanda, pespäl, kiçigöwünli türkmen türgeniniň geljekde mundanam abraýly söweş guramalarynda çykyş etjekdigine ynanýarsyň. Asyl, bu Döwletjanyň öňde goýýan baş maksatlarynyň içinde-de ýer alýar. Häzirki wagtda pälwanymyz şol maksadyň bosagasynda dur diýsegem, hakykatdan daş düşmeris. Onsoň, näme, bize-de UFC, Bellator ýaly guramalaryň duşuşyklarynda, mawy ekranyň başynda öz ildeşimize janköýerlik edäýmek galýar.
Eserdeň, göroglypisint, syrdam, tüýs türkmen ýigitlerine mahsus agyr häsiýetli ýigidimiziň muny başarjagyna ynanýarys! Haçan, nirededigine garamazdan, egninde ýaşyl Tugumyz bilen janköýerleriň ynamyny göterýän Döwletjan Ýagşymyradowyň eli adyl eminler netijesi esasynda elmydama howada galgap dursun!
Döwletjan Ýagşymyradow barada…
-
Yylgyn
3 years ago
- Doglan ýeri Carjew onun doganlary sporta gyzykdyryar .Palwan ýany 5-6ýasynda trnowka edip baslayar .Onun sport zaly Carjewin Lenin kalhozynda yerlesyar . Her yyl tomus men sol sport zala gatnayan govy mumkincilik bar .YONE ONUN TRENERININ AYTMAGYNA GORA OL ULY AKTAGONA CYKJAK BOLSA BAYDAGY CALYSMALY YA DA YZYGIDETLI ULY BOYLAY ALYP BARMALY DIYYAR
NAMEDE BOLSA NACE KYNCYLYK GELSEDE BAYDAGYMYZY PARLATMAK UCIN ELINDE BARYNY EDYAR
Pegas 3 years ago- "Bellator"-daky birinji şowsuzlygy üçin ruhdan düşmezligini umyt edýän. Karýerasynda üstünlikleriniň höwri köp bolsun. Jany sag bolsun.