IDEALLIDER-den gyzykly soraglar 14.

66) Uzyn-uzyn bu ýoluň,
Başyna çykan barmyka?
Çäk-gyraksyz bu deňziň,
Düýbüne ýeten barmyka?
Düýbüne ýetip bu suwdan
Ganyp içen barmyka?
============================
67) Geň galmaly bir it bar,
Aýagy ýok, ýöremeýär.
Şol itden rugsatsyz,
Adam öýe girmeýär!?
============================
68) Kirpijik ýagyşda, ylgap barýar. Ol-bolmaşynada kikirdäpjik gülýär? Kirpijik nämçün gülýär?
============================
69) Demiriň üsdüne gar ýagdy, soň ýagyş ýagdy, soň köp wagt geçdi. Onsaň demiriň familiýasy näme?
============================
70) Duşenbe, sişenbe, çarşenbe, penşenbe, anna, şenbe ýekşenbe atlary hem 1,2,3 we ş.m. atlary aýtman bäş günüň adyny aýdyň.

Toplan: IDEALLIDER.

Soraglaryň aňsady hem bar, kynyragy hem bar. Emma bu bölüm dynç beriji bölüm. Ýagny bu bölümden soň uzak wagtlap soraglar goýulmaz. Uzak wagt bolsa jogaby bilenleriň ady durar🙂👍

Sorag-jogap, IDEALLIDER2 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir