salam agzalar. TRT-niñ bütin türk dünýäsine niýetlenen “Avaz” telekanaly açyldy.Täze telekanalyñ adyny Türkiýäniñ prezidenti Abdylla Gül yglan etdi we bu waka türk dünäsinde bitwilige, ruhy birlige tarap ädilen bir ädim hökmünde baha berdi. Azeri barýar, özbek barýar, gazak bilen gyrgyz barýar, türkmen “Avazyñ” açylyşyna şarkyçy iberip bilmeýär, bu aýyp dälmi?”Türkmen döwleti näme üçin Türkiýä şarkyçy (aýdymçy) ýollamady?”“Hany, “dünýä açyljak” diýmänmidiler?”“Açyk gapylar bolsa, ilki türk dünýäsine açylmaly dälmi?” “Dogrudanam, türkmen häkimiýetleri TRT-niñ “Avaz” kanalynyñ açylyşyna bagşy ibermäge Kremlden gorkan bolmasynlar?” Men bu soragy özüme berdim. “Pantürkçi, Turançy” diýip ýok edilen adamlaryñ ogullary, agtyklary ahyryn biz! Gözümiziñ ody alnan-a!” “Ony diýseñ, azerileriñ gözüniñ ody alynmadymy?” Meniñ içden özüme beren jogabym bilen beýnimiñ beýleki ýarymy ylalaşmady. Men özümiñkini delillendirmäge çalyşdym: “Azerileri biz bilen deñeme, olar öñem bizden öñdedi, häzirem. Üstesine ilki öz içlerindäki häkimiýet göreşi, soñ Garabag urşy zerarly olaryñ añ-düşünjesi has giñedi. Biziñ düşünjämiz bolsa “Ruhnama” bilen müşdügiñ çygryna çenli daraldy.” “Türkmen ýene Meskewiñ penjesine düşmese ýagşy, men täze prezidenti gowşak görýän

Köneler, oguzata tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir