Türk dünýäsiniň Çingiz atasy aradan çykdy. Dünýä belli ýazyjy, türki dilli halklaryň “Çingiz ata” diýip ýüzlenýän adamy, “Asyrdanam uzaga çeken gün”, “Çapgy ýassygy”, “Kassandranyň tagmasy“ romanlarynyň awtory Çingiz Aýtmatow hepdäniň Ýaşgüni Germaniýanyň Nürnberg şäherindäki hassahanada segsen ýaşynyň dolmagyna alty aý galanda aradan çykdy. Aýtmatow hassahana Magtymguly aýynyň 16-syna “böwrek ýetmezçiligi“ sebäpli ýerleşdirilipdi we şondan bäri ol emeli dem alyş enjamlaryna bagly ýagdaýda galypdy. Ýaşgüni onuň saglyk ýagdaýy hasam erbetleşip, has çynlakaý ýagdaýa geçdi. Birazdan soň bolsa, ýazyjy aradan çykdy. Gyrgyz ýazyjysy Çingiz Aýtmatowyň “Asyrdanam uzaga çeken gün” (“Boranly ýarym duralga” 1980), “Jemile”, “Ýlkinji mugallym”, “Ak gämi” (1970), “Çapgy ýassygy” (1986), “Kassandranyň tagmasy”, “Daglar ýumrulanda (Ebedi gelinlik)” (2006), “Deňziň kenarynda ýortýan ala köpek” ýaly eserleri dünýäniň ähli ýerinde söýlüp okalýan eserlerdir. Türkmen edebiýatynyň uly dosty Çingiz Aýtmatowyň eserleriniň köpüsi türkmen diline terjime edildi.
çingiz aytmatov aradan çykdy
-
raju
15 years ago
- Cingiz aytmatow hakykatdanam gowy adamdy onun eserleri orta aziyada dal eysem yewropadada okalyardy
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Beýik adam eken. Indi onuñ kitaplary ýadygärlik bolup galar. Gowy kitaplar ýazýardy. Menem okap görüpdim.
-
turkiye
15 years ago
- yaman erbet gynandym. şu saýtda siziň sayaňyzda hemme täzelikleri eşityän.
-
oguzata
15 years ago
- Mekany jennet bolsyn.Ben kop soýýaryn.
-
turkiye
15 years ago
- dogry aydyaň "yatan yeri yagty bolsun".
-
turkiye
15 years ago
- /oguzata geldiňmi.
-
oguzata
15 years ago
- hawa
grasshopper 15 years ago- dost on aradan cykanyna pocti yarym yyldanam gowurak wagt boldy dalmay?