Mekdep ýyllaryňyzda belki köpiňizde bolandyr: biri bilen öz pikiriňizi, ideýaňyzy paýlaşansyňyzdyr. Soňam "Aý özüňden hokga çykarmasanaýt..." ýa da "Akyl satma injik" we ş.m. sözleri eşidendiňizdir. Hokga sözi türkmençede ýalňyşmasam "täzelik" manysyny hem berýär, ýagny öwrenişileniň daşynda bir zat orta atmak, bizde hokga hasaplanylýar. Sizi bilmedim ýöne meniň pikirimçe biz "hokga çykarma" diýip birbirimizi yza tesdirenimiz üçin yza galýarysmykak diýýän. Barybir ösen ýurtlar bilen yzagalanlaryň arasyndaky esas tapawut hem munda dälmidir!? Ösen döwletler wagtynda akylly raýatlarynyň hokga çykarmagy üçin bütin şertleri döredipdir. Höweslendiripdir we laboratoriýalar gurup beripdir. Munuň netijesinde isaak newton çykypdyr we "newton fizikasyny" döredipdir, eýnşteýn çykypdyr we "görälilik teoriýasyny" orta atyp bilipdir. ýene de puşkin, tolstoý, ýewklid, el-biruni horezmi ýaly hokgabazlary tanadyk biz. ýöne şu hakykady hem görmezlikden gelmäliň! ýerlikli we mantykly bir hokga çykarmagy, pikir orta atmagy bilimli adamlar başarypdyr. Bilgi. ýerýüzünde tükenmeýän we paýlaşyldykça köpelýän ýeketäk resurs. Bu ýagdaýda bilgini önemsäli we milletimiziň hokga çykaryp bilmegi üçin, bilimiň artdyrylyp bilmegi üçin öňinçä özümiz bilgileneli soňam iň ýakynlarymyzdan başlap bilgilendireli, bilime höweslendireli. başgalarynyňam pikirlerine (eger bideregem bolsa) sarpa goýalyň! kemsitmäliň! Bu şekilde öseliň! Höküm edilen däl, höküm eden bir milletiň raýatlary bolalyň!
Hokga çykaralyňmy?...
-
saylanan2
15 years ago
- Hokga sozi turkmen dilinde tazelik manysyny bermese-de -hokga-durli durli tilsimler -hokgabaz bolsa shol tilsimleri basharyan oyunchy diymegi anladyar. Indi Tilsimler name? Tilsim sozi pars sozi bolup(telesm) yagny jady diymekligi anladyar.Umuman hokga-telesm sozunin turkmenchesidir diyip biljek.Hokga chykarmak bolsa - adamyn jadyly hereketleri chykarmak diyidigidir.
Men BTR sonky sozlerine goshulyan. yagny bizin hokga chykarmaga ukyply yashlarymyz bar. Olaryn chykaryan hokgalary netijesinde tilsimleri basharyanlygy netijesinde biz kop yerlere beyikliklere yetip bileris. Biz hich wagt kosmos korablynyn -samolyotyn -kompyuterin umuman osen tehnikanyn tilsimdigini ya-da hokgadygyny red edip bilmeris. Hokgabazson sonlar adamlaryn gozuni bashyny aylayan (fokusnik) dushunjesini berip otrisatel hasiyete eye bolupdyr.Emma aslynda shol hokgabazlaryn bitiren ishlerine ser salsak- olar bizin shu gunki tehnikamyzyn bashlangychlaryny bashlan ekeni.
BTR shular yaly temajagazlary her wagt tapaweri. Men gysga yazdym emma dushunersiniz diyen umydym bar.
-
Bayram-Jm
15 years ago
-
amanmyrat
15 years ago
- ay gaty gowy yazaypsyn,
yone muny bizin obadaky 7.kocede yasayan Babysh Gulaga dushundirjek bolsan doganyna pushman etdirer
-
btp
15 years ago
- :D , aý eger taýagam bolsa her kimiň düşünýän bir dili bardyrla dostum...
-
amanmyrat
15 years ago
- yone olam-a dogry
-
ýadan.
15 years ago
- "hokga" çykaryana, yagny, tazeçil,dörediji adamlarymyza şert döretmek gaty bir möhümem däl. olara böwet bolunmasa, pasgel berilmese şol ing uly goltgy.altymyrada, gurbannazar ezize,tokar togura we ş.m. talantlara şert döredildimi.yok. olar mümkin bolmadyk şertlerden mümkinçilik agtardylar. yöne hemma beyle gayrat berilmeyar.şonung üçin çaklendirilmese yene-de şeyle talantlar yüze çykjagyna ynanyan.
tersine şert döredilse hantamaçylyk bolar. onsong döredilen şerti hokgaçylar özlerine berilen peşgeş sayarlar. bar gujur gayratyny şol şerting öwezini dolmaga,gaytarga sarp ederler.
-
btp
15 years ago
- yadan men siziň pikirleriňiziň kabi yerlerine goşulmaýan, biziň bürokratlaryň şertleri döredip, owganystandaky, türkmensahradaky, stawropoldaky we başga nirede biz bar bolsak hemme yerdaki zehinli türkmenleri türkmenistana getirip yetişdirmeli, garaz türkmenistanyň hemme yerinde sport, saz, matematika fizika ýaly "zat"'lara ýatgyn yaşlarymyzyň gerekli zatlara, mekdeplere, instrumentlere, maddiyata yetişip bilmeklerini üpjün etmeli biz, şeytsek utarys, yogsam dünya olimpiyadalarynda altyn medal gazanmak ýat bolar bize, sagbol...
-
ýadan.
15 years ago
- sening ol diyyaning jemgyyetçilik esasda amala aşyrylmaly.men sening diyyaning tersini diyyan. ol türkmenleri yurda getirip yetişdirmeli dal. olary we bizingkileri daşary yurtlaryng abrayly yokary okuw jaylarynda okatmaly. hakyky bilim alar yaly etmeli. ana şondan song watana getirip yurt üçin işletmeli.
onsongam biz altyn asyrda yaşayas, garbanymyz altyn bolup durka sen altyn medalyng gürrüngini edyang.
-
hakykat1
15 years ago
- hakyky tema.
Bayram-Jm 15 years ago- berekella muhammet! tüýs ýürejigim bolupsyñ. Ine menem okuwymda bir hogka çykaryp sorag orta atýan welin "sen öz ishiñ bilen bol, okuwyñy okaber" (biziñ planlarymyz) diýip ruhdan gaçyrýalar. Bizde bir pikir orta atsañ derrew tersiñe gidip, ýalñyshlaryñy gözleýärler.
Meniñ pikirimçe bul sowet döwründen galan häsiýetmikä diýýän.