Diýeliň: awtobus, ýeňil awtomobil we ş.m. ýaly haçanam bolsa durup biljek ulag bilen ýa-da gämi, otly, uçar ýaly islän wagtyňyz durup bilmejek ulaglar bilen syýahata çykdyňyz.
Ulagda namaz okamagyň şerti
-
bond
15 years ago
- poyezde kybla tarap uytgap duryar mashyndada sheyle awtobusdada sheyle shonun u/n ugur gorkezilmeyarmika diyip men chaklayan men chaklayan yol uytgese uguram uytgeyar ,yone bu menin pikirim ,shonun uchin gadyrdan doganlar transportda kybla tarapy tapmak kyn bolarmyka diyyan ylaytada samalyot,awtobus ,poyezd ,bagshlarsynyz menin bu yazanlarynm nadogry bolmagy mimkin ,eger transport ugryny uytget mese sowulmasa,ya yalnmy?
-
bond
15 years ago
- shakirt dogry yol yoga hemme yolam sowulyar men shony diyjek boldum sen seredersin kybla tarapa yone yol dogry bolmasa name etmeli shonun u/n transportda ol kybla tarapa saretmek kan zerur dalmika diyyan.labyzly okanynyz u/n sagbolun.
-
muslimah
15 years ago
- bond,soragyna jogap:eger mumkinchilik bolsa kybla tarapa seredip namazyny okamaly,eger shol mumkinchilik bolmasada namazyny okabermeli,we eger namazy okap bashlanynda kybla tarap seredip okayakan mashyn/otly kybladan beylak sowulsada namazyny dowam edibermeli,ashakda fatwanyn bir bolegi(inlische bolsada)
As far as praying on board means of transportation is concerned, then it is possible to pray there so long as the necessary conditions of prayer are fulfilled, or else one can wait until one gets out of the vehicle. If waiting means that the time for the prayer will pass, then you should pray in the best way that you can. Let us assume, for example, that you are in a car or train where there is no place to pray, you cannot stop and pray at the side of the road, and the time for that prayer is running out. In such a situation, the Muslim should pray in the best way that he can, even if he is sitting in his seat and even if he is not facing the qiblah, because Allaah says (interpretation of the meaning): "So keep your duty to Allaah and fear Him as much as you can…" [al-Taghaabun 64:16], and because the Prophet (peace and blessings of Allaah be upon him) said: "If I have commanded you to do something, do as much of it as you can." (Reported by al-Bukhaari, al-Fath, no. 7288)
-
bond
15 years ago
- transportda kybla seretmek hokman dal ,hokman bolsada seredip bolmayar yol uytgeyar,yone okamaly dogry.
-
enayja
14 years ago
- transportda kybla seretmek hokman dal ,hokman bolsada seredip bolmayar yol uytgeyar,yone okamaly dogry.bond | 2009-02-26 03:52:23
o nahili hokman dalmish? hokman shola, kybla tarap bakmagam namazyng parzlaryndan dami eysem???
-
enayja
14 years ago
- Egindeshler, aranyzda shuny bilyan bamy?
-
Toty
14 years ago
- Enayja namazy ulagda okañda parz däl samalyot gündogara baryan sen ony nädip üytgetjek
-
enayja
14 years ago
- Sen samalyody uytgetmeyanga, ozung ugrungy uytgedersingdä
-
sukomoto
14 years ago
- samolýot ugruny üýtgeten wagty senem ugruňy üýtgedip, gönülenmeli.
-
enayja
14 years ago
- Ay borda, barde bilen yok oydyan
şakird 15 years ago- Meselem: Awtobus, agyr maşyn, taksi ýaly kysmyndan bolan islendik wagt durup bilmek mümkinçiligi bolan ulaglarda syýahat edýän bolsaňyz, namazyň wagty geçmänkä sürüjiden ybadatyňyzy ýerine ýetirmek üçin oňaýly bir ýerde durmagyny haýyş edip bilersiňiz. Eger sürüji siziň sözüňizi diňläp, wagty geçmänkä, oňaýly bir ýerde durup, siziň namazyňyzy okamagyňyz üçin mümkinçilik berse, ýagşy. Düşüp, çalt namazyňyzy okap, derrewem awtobusa gaýdyp gelersiňiz.
Howlukmaçlyk bilen diýenimiň sebäbi awtobusda garaşýanlaryň sabyrlary tükenýänçä garaşdyryp, olaryň namaz okaýanlar barada erbet pikir etmeklerine sebäp bolunmasa gowy.
Eger awtobus ýa-da taksiniň eýesi siziň namaz okamagyňyz üçin rugsat bermän, namazyň wagty geçmänkä, oňaýly bir ýerde durmak teklibiňizi kabul etmese, günä siziň üstüňizden aýrylýandyr. Mundan soňra size öňden bar bolan täretiňiz bilen oturgyjyň üstünde oturan ýeriňizde namazyňyzy okamak galýar. Bu yerde dykgat edilmeli bir zat, oturan ýeriňizden mümkin boldugyça kybla tarap öwrülmekdir.
Eger syýahat edýän ulagyňyz awtobus, taksi ýaly islän wagtyňyz durup bilýän kysymdan bolman, ýagny, gämi, otly, uçar ýaly durmak mümkinçiligi bolmadyk bir ulag bolsa, mümin bu ýagdaýda, mümkin boldugyça kybla tarap öwrülip, oturyp, ybadatyny ýerine ýetirer. Kürsüde dik oturmak kyýam hasap edilip, ruku üçin biraz aşak egliner, sežde üçin bolsa ýene biraz aşak egilip, göwräniň ýarsynyň hereketi bilen namaz ýerine ýetiriler. Şu şekilde namaz okalanda ulag ugruny üýtgedäýse, mümkin boldugyça kybla tarap öwrülmeli.
Eger beýle mümkinçilik bolmasa, aýdyp geçen ýagdaýlarymyzda ybadat etmäge mümkinçilik tapylmadyk bolsa, ediljek ilki iş baran ýerimizde derrew düşüp, ulagda geçiren namazymyzyň kazasyny okamakdyr. Eger gitjek ýerimiz 90 kilometrden az bolmadyk ýagdaýynda namazymyz sapar namazy bolar. Sapar namazynda okaljak parz namazlary iki rekagatdyr. Diňe agşam namazy üç rekagatlygyna okalar. Çünki sapar namazynda dört rekagatly parzlary iki rekagat okamak sogapdyr. Üç rekagatly parzda bolsa hiç hili üýtgeşme ýokdur. Şonuň üçinem üç rekagatlygyna okalar. Emma, saparda bolan adam bulary diňe ýeke özi bolan halatynda şeýledir. Saparda bolmaýan bir ymama uýsa, ymamyň okanyny, ýagny dört rekagatly okar, ikisi parzy, ikisi bolsa nepil namazynyň ýerine geçer.
ahmet şahin-zaman