"gulak as, oglum, men bu sözleri sen süýji ukuda ýatan wagtyň aýdýaryn: sen çepiksije eliňi ýaňajygyň aşagynda goýupsyň, mymyjak mele saçlaryň bolsa çygjaran maňlaýyňa ýelmeşipdir. men bir özüm seniň ýatan otagyňa daraklygyma basyp girdim. birnäçe minut mundan ozal, kitaphanada gazet okap otyrkam biçak gaty ökünç aladasy meniň üstüme labyryny atdy. häzir günämi boýun alyp seniň krowadyň ýanyna geldim. gör, men nämäň pikirini etdim, oglum. men gaharymy senden çykarjak bolan ekenim. mekdebe gitjek bolup geýnip durkaň, öl polotensany ýaňy ýüzüňe ýetiren wagtyň, men saňa gaty käýýedim. köwşüňi arassalamanyň üçinem ýüzüňi aldym. eşikleriňden bir zady ýere taşlan gezegiňem üstüňe herrelipdim. çaý dökeniň üçin, çörege mesgäni juda köp çalyp, açgözlük bilen iýýäniň üçin, tirsegiňi stola diräniň sebäpli, ertirlik naharyň başynda-da men saňa igendim. onsoň sen-ä oýnamaga ugradyň, menem otla ýetişjek bolup alňasadym, sen şonda maňa tarap öwrüldiň-de, eliňi bulaýlap: "sag bol, kaka!" diýdiň, men weli ýüz-gözümi çytyp: "egniňi gysma!" diýip, gygyrdym. soňra, günüň ahyrynda, bary ýene täzeden başlandy. ýol bilen öýe barýarkam, seniň dyzanaklap şar oýnaýanyňy gördüm. joraplaryňam deşilen eken. “jorabyň bahasy gymmat – ony der döküp öz gazanjyňa satyn almaly bolaýsaň, onda ony aýap geýerdiň!” diýip, hüňürdäp, öňüme salyp alyp gaýdanymda, men seni ýoldaşlaryň arasynda kemsidipdim. bir pikir et, oglum, bu zatlar atanyň ogla diýjek sözlerimidir!?” ýadyňdamy, bir gezek sen kitaphana girdiň, ol ýerde men gazet okap otyrdym, sen çekinýärdiň, ýygrylýardyň. men okap oturan gazetimiň üstaşyry gözümi alardyp seretmek bilen maňa päsgel berenligiňi aňdyrdym, sen ýaýdanyp, iç işikde saklandyň. menem: “saňa näme gerek?” diýip, azmly soradym. sen hiç zat diýmediň-de, maňa tarap topulyp, boýnumdan gujakladyň-da, ogşadyň. seniň eljagazlaryň hudaýyň ýüregiňe guýan mähri bilen, hatda, meniň saňa ýowuz daramagym zerarly-da öçmedik mähir bilen boýnuma oraşypdy. soňra, aýajyklaryňy basgançaklara basyp, ýokary çykyp gitdiň. hawa, oglum, ana, şondan soň, elimdäki gazet syrylyp ýere gaçdy-da, meniň kalbymy eýmenç ýürekgysdyryjy gorky eýeledi. ýaramaz gylyk meni nä güne salypdyr?! kiçijik oglanlygyň üçin meniň saňa bar eden sowgadym – gaharlanmak, igenmek, daşyňy galdamak boldy. men seni gowy göremokdym diýip bilmen, gep başga zatda, men çagadan has köp zada garaşypdyryn, seni hem özüm ýaly etjek bolupdyryn. seniň hüý-häsiýetiňde weli ajapdan-ajap zatlar, ýürekdeşlik gaty köp. seniň kiçijik ýüregiň baýyrlaryň aňyrsyndan dogup gelýän şapak ýaly, uly hem tämiz. ýatmaga gitmeziň öň ýany meni gujaklamak hem ogşamak üçin topulaňda bu zatlara gowy göz ýetirdim. men garaňkyda utançly halda seniň krowadyň ýanyna gelip, dyzyma çökdüm! bu gün başga hiç zadyň ähmiýeti ýok, oglum. elbetde, bu günäni ýuwan kişi bolmak. oýanan wagtyň saňa bu zatlary gürrüň bersem, düşünmejegiňi bilýän. ýöne men ertirden başlap hakyky ata bolaryn! men indi seniň bilen agzybir boljak, sen ejir çekseň seniň bilen çekerin, begenen ýeriňde-de begenerin. nähili gaharym gelse-de, indi dilimi dişlärin. men hemişe doga sanan ýaly: "ol entek çaga, kiçijik oglan ahyry" diýen sözleri gaýtalaryn. dogrusy, seni öz aňymda uly adam hökmünde görüpdirin. ýöne, häzir krowadyňda süýji ukuda ýatyrkaň görenimde, seniň entek çagadygyňa düşündim. sen dek düýnem ejeň elinde, başyňy onyň egnine ýaplapjyk durduň ahyry. men senden juda köp zady, uçursyz köp zady talap edipdirin." w. livingston larned

Köneler, milliyetçi tarapyndan 15 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir