Talyplar com'da näme ücindir aýdym-saz baradaky pikirler orta atylanok. Islendik adam sazyň haýsy hem bolsa bir görnüşine aýratyn sarpa goýýarmyka diýýän. Kähalatlarda adamyň diňleýän sazynyň üsti bilen hem onuň gözýetiminiň näderejededigini kesgitlemek bolýar. Siz haysy sazy diňleýärsiňiz?
saz hakynda
-
milliyetçi
15 years ago
- meniň iň söýgüli sazym: türkmen halk sazlary.
meselem: mylly aganyň (mylly täçmyradow) humaralasy, çary täçmämmedowyň, pürli sarynyň, magtymguly garlynyň we başga-da birnäçe ägirtleriň sazlaryny diýseň eý görýärin.
has gowy görýänimem, amangeldi gönübegiň "gökdepe mukamy". şu sazy diňlänimde, ata-babalarymyzyň ganly gözýaşlary, geçen hupbatly ýollary göz öňümde bir-birden janlanyberýär.
ýaşasyn türkmen halk sazlary!
dutar sazlary!
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Milliýetçi! Amangeldi gönübegiñ "gökdepe mukamy" sazynyñ linkini goýsana! Bizem diñläp göreli.
-
milliyetçi
15 years ago
milliýetçi! amangeldi gönübegiñ "gökdepe mukamy" sazynyñ linkini goýsana! bizem diñläp göreli.
bayram-jm | 2009-01-29 04:54:28
men onuň linkini bilemok-da, baýram aga. men ol sazy oglanlar bolup özara üýşemizde diňleýärdik. gaty görme.
-
NuryHan
15 years ago
- salam!men a rap dinleyan yöne saz dinlasim gelse köplenç NAZAR fm dinleyan...
-
DangerOus
15 years ago
- türkmenlerde sazyñ ussady nury halmammedow bar. seyle güycli kompozitor, köp tm kinolaryñ sazyny yazan.
-
J-hoon Rap`hana
15 years ago
- Sazy soyan adam hemmesini dinleyar!! men haysy saz bolsada gowy aydylan bolsa dinleyan..dushunjek bolyan,bir zatjagaz owrenjek bolyan...her sazynam oz ayratyn tagamy bar..
-
halk
15 years ago
- turkmen estradasynyn bashtutany akysh saparow
aydymlaram sazlaram yerlikli(po mujskim)
-
TURKBEL
15 years ago
- MEN ANNUSHYNG,KASOYYNG,HAJYNYNG AYDYMLARYNY KOP DINGLEYAN.(OLARYNG SESLERI GOWY).KA WAGT RAP DINGLEMANI GOWY GORYAN.(AYRATYNAM,ZUMERI)
-
Chelsea
15 years ago
- rap aydymlaryny gowy goryan.
-
sselcuk
15 years ago
- gosanay akys saparow erbetem dalov
-
halk
15 years ago
- ANNUSH, KASOY ,HAJY, OLARA SOZUM YOK YONE OLAR YOKKA AKYSH ESTRADA YYLDYZY BOLDY ONY HEMME YASHLAR GARRYLAR DINLEYARDI ONUN ONKI AYDAN AYDYMLARY HAZIREM DINLENYAR
-
TURKBEL
15 years ago
- yene-de,kerim gurbanalyyew bar.
-
ýadan.
15 years ago
- türkmen estradasynyň düýbüni tutanlar mämi çary, öwezgeldi teke we annaberdi atdan diýilýär. bu belli bir derejede dogry. emma häzirki zaman estradanyň has dogrusy pop janyrynyň ilkinji kerpijini goýan akyş saparyň hut özüdir. onuň yz ýanynda sabo,atabaý we beýlekiler bu ýoly alyp göterýärler. akyşyň öz ýoly bar. sungatyň ähli görnüşünde de orginnalyk möhüm. (täzeçillik we özüň bolmak.)bu edebiýatdada aýdym sazda da şeýle.
gurbannazar ezizow nury halmämede bagyşlap ýazan makalasynda şeýle diýýär: " islendik internosional eser, ilki bilen, milli bolmaly.milli sungatyň serişdeleri bilen ähli adamlara degişli temany üstünlikli çözüp bolýar"
akyşda şeýle millilik duýulýar. şonuň üçinem akyşyň dabarasy dag aşýar. ony özalky sssr-iň çäklerinden daşarda da tanaýarlar. ýörgünli ady "garahan". emma häzirki ogurlyk aýdymlary aýdýan bagşylar kime gerek, kim diňlär. hiç kim. sebäbi olar özleri bolup oňaranoklar. onsoň özi ýok adamdan milli motifleri dabaralandyryp sungat mejimesine salyp aýdym saz muşdaklaryna hödürlemek ýaly belent mertebä,gaýduwsyzlyga garaşyp bolarmy.elbetde bolmaz. onsöň olar iýen içenini gürrüň bermeli bolýarlar, ýatanyny turanyny gürrüň bermeli bolýarlar.
muňa hiç bir jähtden sungat diýmek bolmaz. muňa geldi geçer bady howalyk, gödegräk aýtsak akmaklyk diýip bolar.
-
ýadan.
15 years ago
- men akyş sapar barada başga bir ýerde ýazan ýazgymymdan bölekleri şu ýere goýup size ýetirmegi makul gördüm. ine ol ýazgylar:
***
akyş saparow aslyýetinde bir ekol, ýagny öňbaşçy. ol hazirki zaman türkmen aýdym sazynyň ösmegine özüniň deňi taýy bolmadyk goşandyny goşan sungat adamsydyr. häzirki wagtda halkyň söýüp diňlenýän bagşylarynyň köpüsi onuň mekdebinden geçendir, sadalaşdyryp aýtsak akyşyň tasirinde ýetişendir.
***
men akyşdan öň gitarada aýdym aýdan bagşa bir aýdymça gabat gelmedim. belki ol ilkinjisidir. akyş sapar türkmen halk aýdymlaryny döwrebap aheňde ýerine ýetirip aýdym saz sungatyna ýene-de bir täzelik girizdi. onuň ýerine ýetiren aýdymlarynyň sözleri çuň manyly, durmuş bilen eriş argaç baglanyşyklydyr.
pulum ýok - abraýym ýok
doslarym duşman boldy -
şunuň ýaly durmuşy, çuň manyly sözler naçe diýseň tapmak mümkin.
***
akyş magtymguly pragynyň ozal aýdym edilip aýdylmadyk goşgularyny aýdyma geçirdi. olardan "begler", "döke başlady","meni", "bu derdi" we ş.m.
***
onuň başga-da sosýal we durmuş temalaryndan döreden aýdymlarynyň sany kändir.
"razy men bu dünýäden" aýdymynyň sözlerine seredip göreliň:
üşän wagty ojar bolup
dostum üçin köýüp gitsem
ýa bolmasa
ajal bilen dikleşemde
aglap däl-de gülüp gitsem
şuňa meňzeş ýürege barýan,çugdam many mazmuna eýlenen sözleriň mysallaryny köpeltse bolar.
***
göreşjeňlik, gaýduwsyzlyk ýaly sypatlar onuň ýaşlyk döwürlerinde özüni görkezip başlaýar. şol sypatlary özünde jemläp,mertlik, lebizlilik,salyhatlylyk ýaly gylyklar bilen üstüni ýetirip kämil nusga ynsan bolup ýetişen bu aýdymçy meniň pikirimçe döwrümiziň ýaş aýdymçylaryna gürrüňsiz görelde bolup biler.
***
akyş sapar ençe respublikan we halkara baýraklarynyň eýesidir. esasanam ol halkyň ýüreginde tagt gurmagy başaran türkmen gerçegidir.
onuň adyny türkmen halkyna, dogduk topragymyza gaýtalanmajak çäksiz hyzmatlary, ägirt uly üstünlikdir abraýy bagş eden sungat adamlarymyzyň arasynda ikirjeňlenmän görkezip bolar.
***
"gökden inen aýanlyklar" atly albomda dini motifler agdyklyk edýär. munuň bilen bir hatarda ahlak kadalaryny hem öňe sürýär.
bu hem görelde alarlyklydyr. adamyň belli bir ýaşdan soň pähimi durlanýar. onsoň döredijilik ukybyny, başarnygyny hem şol galyba salyp halka hödürleýär. göz öňüne getirip görüň, laçyn mämet 50 ýaşyna ýetende edil häzirkisi ýaly towlanyp dursa nähili bolar. şonuň üçin özüni sungata bagyş eden adamlar bütin düýrmegi bilen sungata öwürilýär. emma sungaty özüne bagyş edenler özlerini nämekäm diýip orta ýolda lakaşasy çykyp galýarlar. munuň mysallary gaty
***
onuň repertuaryny esasan söýgi temasyndan döreden aýdymlary düzýar. ol aýdymlar hem häzirki döwürde ýoň bolan aýdymlardan tapawutlylykda çuňňur manylydyr. onuň söze ahmiýet berýändigini biz onuň kerim şahyr ýaly ägirtleriň göşgularyny aýdyma geçirýändiginden bilýäris.
-
saylanan2
15 years ago
- Saz hakda aydym hakda menem yazayyn. Aydym sazlaryn iynini duyrukdirip gulaklaryn ujuny jyzzyldadyan yanaklaryny gyzardyan hililerini halayan. Yuregin urshuny batlandyryan damaryn urshuny hayalladyan in eziz dugu bolan Watan duygusyny butun bedenine yayradyan turkmen halk aydym sazlarynyn ashygy men ashygy.Magtymguly Garlynyn - Gurt Yakubyn-Odeniyaz Nobatyn- Aman Sachlynyn-Ata Hudaygulynyn- Oraz Salurun-sahy Jepbaryn - shu dowurde hem Dowlet ballykowyn(yetimin) aydymlaryny olemen dinleyan.Chaysyz suwsuz howasyz onaryn emma bu aydymlarsyz onman.
Milletchi bilen shu yerde pikirlerimiz gabat gelyar
-
saylanan2
15 years ago
- yone elbetde Nury halmmammet yaly saz duzujilerin hem sazlaryny halayan. Belki-de kompozitor diri bolanda ol oz doreden klassyky saza yugrulan taze sazlaryny has uytgedip dunyade agirt uly ada eye bolardy. belki-de Shopen Bethowen Bize bilen den hatarda dinlenerdi.
Saz meselesinde men yenede turkmen klassyky sazlaryny halayan. Humarala-shirin sheker-gyz durdy-Burnyashak-saltryklar-gyryklar ay garaz sanasan sogaby bar.Bulary dinlanimde demim kesilyar-de biraz jansyz gowre bolup duryan.
-
ýadan.
15 years ago
- saýlanan, siziň nury halmämmet hakda ýazanlaryňyz bilen doly ylalaşýan.
çingiz aýtmatow kompozitora ýokary baha berip şeýle diýýär:" nury halmämmediň sazy bolmadyk bolsa " şükür bagşy" filmi beýle güýçli çykmazdy" (sowetskaýa kultura)
ýeri gelende agzap geçsek 1964-nji ýylda kinofestiwalda bu filmiň sazy üçin kompozitora 1-nji derejeli diplom gowşurylypdyr.
ýene-de bir tasin zat galkina özüniň " ruslan we ludmila" operasynda onuň " nar agajy" sazyny ussatlyk bilen ulanýar.
we ş.m
garaz nury halmämmede mynasyp baha beripsiňiz.
-
ýadan.
15 years ago
- haýran galaýmaly, saz sungatynda nury halmmämet, edebiýatda gurbannazar, halyl kuly hem-de hudojnikçilikde tokar togur bular edil medalyň öňü ardy ýaly. duýgy dünýäleri çalymdaş.
şol bir duýgyny biri saz bilen biri surat bilen beýleki biri söz bilen berýär.
-
saylanan2
15 years ago
- yadan menem sana baha beresim gelyar.Siz haysy ugurdan bolsa tuweleme shol ishin ussady yaly yazmagy basharyarsynyz.Siz hemmetaraplayyn.Sheyle adamlara men sarpa goyyan.edil sizin yaly maglumaty kellede saklap bilyanlere geniy diyilyar.Sebabi bilen zatlaryny yatda saklamak yaly kyn zat yokdur. Bilyan maglumatlaryna men-a telpek goydum
-
ýadan.
15 years ago
- saýlanan, hoşamaý sözleriň üçin köp sag bol.
kän gürleýänligimi boýun alýan.
sungat adamlaryna aýratyn hormat goýanym üçin olar barasynda kän okaýanlygym hak.belki şonuň netijesinde käbir maglumatlar hakydamda galýandyr.
telpek diýeňde ýadyma düşdi. kerim aga "bäş telpegi bir gyňaja daňyp git" diýmek bilen göz öňünde tutýany nämekä. şol barada pikiriňiz barmy?
-
saylanan2
15 years ago
- ho;amay sozini dogry yerde ulanypsynda sonunda birhili munkurlik edipsin.Men senin dogrudanda bilyandigini bilyandigimi aytdym.Kop geplemek hakda aysam bolsa bilip geplesen ayby yok. sonky soragyn hakda bolsa in bolmanda 5 ayala degyan erkek bol diydigidir diyyan. Onsonam men soragjogaba girdim.Arheizmleshen sozlere soz yazyan. Senin yazanyny hem okadym. Yone gynansakda kopler pars sozlerini yazyarlar.
-
ýadan.
15 years ago
- ýok müňkürlik etmedim. pespällik etmäge synanyşdym.
siziň ýazgylaryňyza aňry ýany bilen düşünýän.
meniň ýazanlarymy men bolup okasaňyz beýle duýulmaz.
onda-da ýeňles sözlerim üçin ötünç soraýan.
-
ýadan.
15 years ago
- ýok müňkürlik etmedim. pespällik etmäge synanyşdym.
siziň ýazgylaryňyza aňry ýany bilen düşünýän.
meniň ýazanlarymy men bolup okasaňyz beýle duýulmaz.
onda-da ýeňles sözlerim üçin ötünç soraýan.
-
Isgender
13 years ago
- Bu yazga gijrak gabat gelenem bolsam sag bolun kop-kop, gaty gowy zatlar yazypsynyz. Turkmen aydym-sazlaryny yurdumyzda entegem osdurmeli. Mende-de bir pikir bar, hazir bizde "Yanlan diyarym" estrada basleshigi bar, yone namuchindir saz basleshigi yok. Egerde biz turkmen sazlaryny osdurjek bolsak, onda shol basleshigem yola goysak dogry bormuka diyyan. Muny sazyn hemme ugrundanam basleshik gurap bolar, isle dutar, gyjak, tuyduk, estrada, pianino, akerdeon, gopuz garaz sanardan kan. Turkmen sazynyn osmegine uly goshant bolardy.
-
Camry
13 years ago
- Rast aýdýañ! Sheýle bäsleshiklerem gurnalaýsa kemä bolmazdy, ýene-de ajaýyp türkmen sazlary dünýä inerdi! Ýash höwesek kompozitorlaryñ bäsleshigini gürnamaly, türkmen sazynyñ ýene-de osmegine uly goshant bolar!
Bayram-Jm 15 years ago- Men esasan rap diñleýän. Beýleki görnüshlerede uly hormat goýýan. Iñ ýaman görýän zadymam beýleki adamyñ diñleýän saz görnüshüne göwnýetmezçilik etmek.