Ganatym ýokdur uçmaga,
Gitmek uçin uzaklara,
Seni ezizlän ynsany,
Neçün atdyň duzaklara.

Yşkyň derdinden alowlap,
Odyňa düşüp tutaşdym,
Hiç çäresi tapylmadyk,
Söygi derdine ulaşdym.

Saňa duşanymdan bäri,
Hyýalymda ýaşap ýörsüň,
Ynan haýsy ýana baksam,
Göz öňümde özüň dursuň.

Söygi älemine aýlap,
Sowgat etjek bagty saňa,
Sen hakyňda pikirlenip,
Ýyldyz sanap ýetýän daňa.

Arzuwlarmy saňa baglap,
Ýörün daşyňdan guwanyp,
Bilýäň dälsiň  belki aýdyp,
Maňa söýgiňi uýalyp.

Ýalňyşýan bolmagym ahmal,
Bardyr belki söýen ýaryň,
Wah naýynjar dymyşlaryň,
Ýakyp barýar şirin janym.

Eger şeýle bolsa, onda
Bagyşla söýýän diýenme,
Araňyza düşüp bilmen,
Ozüm günäkär söýenme.

Gurbanmämmet Meredow.

Edebiýat, TMCELL11 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir