Sol eli dolduryp gara kişmişden,

Sag elede alardykda gawun kak.

Obanyň,çetindäki goja tudyň,

Aşagynda oýnardyk biz çagakak.



Şeýde,şeýde bahym geçdi bu ýyllar,

Ol goja tut,ysnyşdyrdy ikimiz.

Aşagynda oýnan bolsak çagakak,

Ilden ogryn,duşuşýarys indi biz.



Ýene,şeýde,şeýde geçdi ençe ýyl,

Geçdi gitdi onýedimiň bahary.

Arada,iki ýyl aýralyk boldy,

Soňra,ýene dogdy söýgiň säheri.



Ýene goja tuda,bardyk ikimiz,

Olam saýasynda gizledi bizi.

Bu goja tut bilen gorap sakladyk,

Arassa,pamyk deý,ak söýgimizi.



Senä näz ederdiň,menem çekerdim,

Oýnardym,öperdim zülpleriň taryn.

Çagakam oýnanym,soňra söýenim,

Bu gün taýym bolup,bezeýär törim.



Geçdi durdy,geçdi durdy bu ýyllar,

Ýene-de,saýaňa geldik ikimiz!

Bu gün oýnamana,duşuşmana däl,

Saňa görkezmäne ogul,gyzymyz!

Edebiýat, sammy.kakabay tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir