Gündogar we Günbatar medeniýetlerinde sanlar simwollaryñ deregine ulanylýar. Käbir sanlar aýratyn many añladýar. 7-lik we 12-lik sanlar "Gurhan", "Injil" ýaly mukaddes kitaplar bilen birlikde, başga-da birnäçe ýerde ýygy-ýygydan ulanylýar. Dana Magtymgulynyñ we beýleki klassyky şahyrlarymyzyñ tapmaça-matal häsiýetli şygyrlarynda hikmetli sanlar köp. (Mysal üçin: "Ýaşy nädendir?", "Eýwany tört" we ş.m.) 
Uzak Gündogar taglymlarynda-da şeýle simwoliki sanlara gabat gelmek bolýar. Uzak wagtyñ dowamynda astrologiýa ylmy kosmiki jisimleriniñ hereketleriniñ Ýer togalagyna täsir ediş derejesini öwrenmäge çalşypdyr. Aýratynam, taryhyñ dürli döwürlerinde Gün sistemasyndaky saýýaralaryñ hereket ediş ugrunyñ Ýer togalagyna edýän täsirleriniñ üsti açylyp gelnipdir. Gadymy müsür, gadymy grek we hindi hudaýlarynyñ simwollary Günüñ, Aýyñ we saýýaralaryñ ýañzydylmasy diýip düşünse bolar. Rowaýatlarda, hekaýatlarda we halk döredijiliginde duş gelýän "ýedi gat gök" düşünjesi - Aý, Gün, Merkuriý, Wenera, Mars, Ýupiter, Saturn saýýaralaryndan gelip çykýar. 

■ 12 

12-lik san edara ediş bitewiliginiñ we kämilligiñ nyşany hasap edilýär. Bu san örän manyly kadalaryñ yzygiderli halkasyny emele getirýär. Mysal üçin gündizimizi aýdyñladýan Günûñ we gijämizi nurlandyrýan Aýyn hem-de ýyldyzlaryñ hereket edişi on ikilik düzgüne görä işleýär. Zodiakyñ bitewileşdiren 360 güni (12×30) hem ýene bu sandan alnan. Bir ýylda 12 aý bar. Gije 12 sagat, gündiz 12 sagat. Kämilligiñ simwoly bolan Güni añladýan "Otag" 12-niñ gaty 360 gradusdyr. Ýerden seredilende Günüñ orbitasy bolan Zodiak halkasy hem 12 sany ýyldyzlar toparyndan, ýagny, 12 burçdan ybarat. Hytaý müçenamasynda-da 12 jandar bar. Birinji müçe Goç - tebigatyñ täze öwrülişigi buşlaýar. Nowruz, Pasha ýaly Täze ýylyñ yzysüre gelýän baýramçylyklar, bahar aýlarynyñ başyna - Goç müçesiniñ wagtyna gabat gelýär. 12-nji müçe bolan Balyk müçesi bolsa aýlawyñ soñlanýandygyny alamatlandyrýar. Şol wagtdan başlap ego ýok, haosa boýun egmek we ýaradyjy güýçler bilen birleşmek bar. 
Ysraýyl ogullary (ýewreýler -t.b.) Ýakup pygamberiñ (a.s) 12 oglunyñ neslinden emele gelenlere berilen atdyr. Isa pygamberiñ (a.s) 12 hawarysy (sahabasy, ýagny, egindeşi, şägirdi -t.b.) bardyr. Alawylarda we şaýy ynanjynda-da 12 ymam ynanjy bar. Gadymy grek ynanjynda 12 sany olimposly hudaýlar geñeşi dünýäni dolandyrýar. Nuh pygamberiñ (a.s) ogly Şamdan Ýakup pygambere (a.s) çenli şejerede 12 atanyñ ady tutulýar. Şeýle-de Osmanly türkmen döwleti hem öz dolandyrýan musulman däl ýurtlarynda 12 adamdan ybarat ýaşulular toparyny döredipdir. Häzirki Türkiýäniñ çäginde b.e.öñki 10-njy müñýyllykda gurlandygy çak edilýän Göbeklidepe taryhy punktynda dürli simwollary öz içine alýan 12 sany ybadathana tapyldy. Ýewropa Bileleşiginiñ baýdagynda edil Zodiak halkasyndaky toparlaryñ düzülişi ýaly düzülen 12 sany ýyldyz ýerleşdirilipdir. Ýañam aýdyşymyz ýaly 12-lik san kämilligiñ, dokuzy bitinligiñ simwolydyr. Munuñ tersine, 12-ligiñ yzyndan gelýän 13-lik san ylahy düzgüniñ bozulmagyny añladýar. 13-lik san 12 olimposly hudaýyñ näletlän ölüm hudaýy Hadesi añladýar. Skandinaw mifologiýasyndaky bir rowaýata görä wikingleriñ meşhur hudaýy Odin bilen Frigganyñ ogly bolan ýagtylygyñ we parahatçylygyñ hudaýy Balder Walhallada zyýapat beripdir. Üýşmeleñe diñe on iki hudaý çagyrylanam bolsa, çagyrylman gelen pyssy-pyjurlygyñ we erbetligiñ hudaýy Loki zor bilen 13-nji myhman bolup zyýapata gatnaşjak bolupdyr we gyş hudaýy Hody Baldere garşy küşgürýär. Hod Lokiniñ beren naýzasyny garbap alan badyna Balderi nyşanalap zyñýar. Balder öldürilýär. Ynha, şeýdibem 13-lik sanyñ şowsuzlyk getirýändigi baradaky ilkinji ynançlaryñ biri döräpdir we biziñ günlerimize çenli dowam edip gelipdir. 

# Internet maglumatlary esasynda taýýarlandy.

Bilim, Arslanalayew tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir