essalowmaleýkim halaýyk! menem şu ýerde size özümden ujypsyz bolmadyk sowgat hökmünde şu aşakdaky rowaýatlary getirip şu sahypa öz adymdan goşant goşmak isleýärin. bu rowaýatlar – halkymyzyň arasynda asyrlarboýy ilden-ile, dilden-dile geçip gelen rowaýatlarydyr. bu rowaýatlarda halkymyzyň geçmişi iňňän aýdyň görünýär. biz bu rowaýatlardan özümize zerur bolan sapaklary almalydyrys. dostlar, sizdenem, öz bilýän, halkymyzyň geçmişinden habar berýän rowaýatlardyr-tymsallary, ertekilerdir-basnýalary şu sahypa ýazmagyňyzy sizden towakga edýärin. hormat bilen ahmet. husyt gadym zamanlarda bir baý bar eken. ol bitiniýme gysyk bolupdyr. gapysyndaky mallaryny – düýesini, atyny, it-pişigini gaty hor saklapdyr. hojaýynyň gysyklygyndan nadyl bolan it bilen pişik öz aralarynda dawa edipdir. ilki bilen it gürläpdir. - gel gaçaly, ýogsa biziň hamymyzy serýä bu naýynsap... - ynha görersiň, ertir hojaýynyň aty öler – diýip, pişik welisiräpdir. – onsoň hojaýynyň gözüne basyp, baý, iýeris-ä... bu gürrüň hojaýynyň gulagyna degýär. ol haýdan-haý atyny satmak bilen bolýar. aç haýwanlar ýene dawalaşyp başlaýar. - gaçaly, dogan, gaçaly – diýip, it açlygyndan towlanypdyr. men-ä ölýän, halys içim goruldy. pişik mawlapdyr: - ýüzi gursun oň!!! ertir düýesi ölýär. onsoň näderkä? hemişe diňşirgäp ýören husyt bu gürrüňem gapyp alypdyr. şeýlelik-de, düýe bazardan çykýar. jübüsi puldan doly hojaýyn ýanyn-ýanyn ýöräp, öýüne gelýär. it bilen pişigiň şol öňki bolşumyş. - indi-hä aňyrsy görnüp dur-la – diýip, pişik içi tütäp duranam bolsa ýylgyryp gürläpdir. – biler bolsaň, men düýn bilgijiň ýanyna bardym. ol şeýle diýdi: “seň hojaýynyň aňry gitse üç günden amanadyny tabşyrýar. "nähili görýäň, şepe? – pişik heşelle kakypdyr. – husydyň mal-dünýesi ikimize galýar. öňünden aýdýan: nebsiňi şaglatmagyn, ikimiz deňje paýlaşmalydyrys". - eý, taňrym!.. – diýip, gözleri peträn husyt akyldaryň ýanyna eňipdir. - it bilen pişik meniň ölümimi dileýär. – ol haşlap gürläpdir. – özüň bir ýol salgy beräýmeseň-ä, iş çatakdyr... pähimdar başyny ýaýkapdyr. - sen öz eliň bilen bagtyňy ýatyrypsyň. şeýle döwletli malyny satmaga ýürek edýän adama men näme maslahat berip bilerin?! at – ganatyň, düýe – döwletiň ahyry. indi seniň günüňe it aglar. gugaryp, sopbaş galypsyň. pul näme, bir tokga daşdyr-da... husyt bady-baran aglapdyr. tiz wagtdan soňam ýanyny ýere berip, aradan çykypdyr. p.s. men bu ýazgymy şu sahypadaky käbir dost agzalaryma bagyşladym. olar: gunça, bayram-jm, kelle agyry, baytas, micail, halk, arassatürkmen, antiwirus, gulianna, serjon, ayazkaka, we başga-da ady ýadyma düşmedik beýleki agzalar. okaň we lezzet alyň!!!
Rowaýatlar
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Sagja bol dost. Rowayatlar dowamly bolsun
-
kelle agyry
15 years ago
- bir bar eken bir yok eken bu zamanda talyplar comy diyip turkmenlerin sayty bar eken ol saytyn icinde baytas diyip bir turke menzejek bolup yoren turkmen akmak bar eken bu saytdaky agzalar ol akmaga kan diyip dirler dost sen turkmen ahyry namcun ba6ga dilde gurlan bolyan diyipdirler ol samsyk bolsa hic kimi dinleman bolupdyr , ol baytasa menzejek bolon agazda bar eken baytasyn ustunden du6ulup ugranyny bilip gaty caltlyk bilen ozje turkmen ene diline gecipdir ol baytasyn omrunde kop kop gunleri ba6yn dan geciripmi6 ol baytas 6 nji klasy gutoryp 7 nji klasdan turk mekdepde okap ugrapdyrmy6yn ol 6ol sebaplem oz ene dilinde gurleman bolyamy6yn ..... bu rowayatyn dowamyny hormatly bond dostymyza beryas gyzykly yerini bilyandir bond.
-
kelle agyry
15 years ago
- yenede du6unmedim yazan zadyna sen gowysy yanynda turkmen perewotcik goy
-
kelle agyry
15 years ago
- baytas turkmi kurtmi miletin senin naweli ahyry oko yan yok azara galyp oturma diydim yazyp
-
milliyetçi
15 years ago
- garamöý
garrap tapdan düşen tüýlek garamöý sürenine tarap zordan yrgyldap barýardy. ynha, ýagyş suwundan emele gelen ýoňsuz köl onuň ýoluny kesýär. nätmeli? ýüzüp geçip biljek däl, aýlanyp geçeýin diýse, gurbaty ýok. näderini bilmän aljyrap durka, oňa bir pyşdyl gabat gelipdir. garamöý ýalbaryp başlapdyr.
- dadyma ýetişeweri, dogan jan! suwdan aman geçirseň agzyň geplän zadyny menden al!
- ýagşylyk edip, onuň gaýtargysy dilenýän däldir! – pyşdyl ussanyň körügi ýaly ýygyrt-ýygyrt boýnuny uzadypdyr. – ýöne saňa ynanyp bolýarmy, jora jan! birden myrryhyň atlanaram, meniň balalarymy ýetim goýarsyň.
- hudaýdan gork... – möý pyşdyl görgülini haýalçyradypdyr. – bilip goýgun, men degmedige degýän däldirin. onsoňam ýagşylyga hyýanat etmek aýypdyr.
pyşdyl muňa güp ynanypdyr. suwdan ýüzüp geçip, gury ýere çykypdyrlar welin, möý ony çakypdyr.
ölüm halynda pyşdyl çalaja pyşyrdap aýdypdyr:
- bigaýrat ekeniň! kowmuňa nälet!..
- darykma, şepe, meň ýasawym şeýle... – bisyrat möý göýä hiç zat bolmadyk ýaly, öz ýoluna gidiberipdir.
okaň we netije çykaryň!!!
-
kelle agyry
15 years ago
- gaty gyzykly eken
-
bond
15 years ago
- zandynda bolsa alachyok.
-
usher
15 years ago
- Ymam Mälik Hezretleri bir gun metjitde wagyz edyärdi.Hezreti Pygamberimiz [s.a.w.]barada gürrüň beryärdi Kürsüsinden düsende talyplaryna; Ogullarym meni bir möý cakdy diyipdir.-Ey Ymam Hic hili hereket etmediniz,aňşyrtmadyňyz diyipdirler.-Pygamberimiziň[s.a.w.]kürsüsinde,ol barada gürrüň edilip otyrka,her hili hereket etmekden haya etdim diyipdir.
-
milliyetçi
15 years ago
- tahyry gyzmy, zöhresi?
baba lakgy bir baýy idäp barýar.
- ýaşuly, men şol soraýan adamyňyzyň ogly. kakam bir ýaňa gitdi. ol ertir gelmeli. yzyňa-da gidip oturma. garaşaý, myhman-mediwana ýörite tutulan gupba ýaly ak öýümiz bar. ýat. dem-dynjyňy al. hezzet-hormatyňam kemini goýmaly.
- onuň ýaly bolsa, garaşaýmadykmy? – diýen baba lakgy çaý-nahardan soň ýazylyp ýaýraýar. örisi giňäp, gül-gülem açylýar. “zöhre-tahyryň” bir gyrasyndan girişine, gazaldyr-kyssasyny aýratynlykda telläbem, daňa golaý ony tamamlaberýär.
- ýeri, han ogul, garry agaň heň çekip, dessan aýdyşyny neneň gördüň?
- wah, haladym-la, baba akga. ýöne, ýaňkylaň tahyry gyzmy, zöhresi? şonam bir, kyn görmän, aýyl-saýyl edip beräýseňiz?
düşündiňizmi millet?
-
kelle agyry
15 years ago
- ol goren badyna zohre+tahyry diymek ozuni yitiripdir 6oloryn haysysy oglon haysysy gyzdygyny bilmandir ,oloryn biri birine bolon soygusini gorup ozuni yitirendir,( ol yerde akga diyip gecipsin welin maryly 6ol yerdede bar ekenay)
-
halk
15 years ago
- ZOHRE TAHYR MARYDAN BOLAYMASYN
-
bond
15 years ago
- leyli mejnuna balkandan.
-
milliyetçi
15 years ago
- bar kişi meni tanasa-da...
bir kişi buljum ýerde guran gapanyna düşen şagaly şol durşuna bazara eltäýmezmi. ähli kişi "şagal-da şagal!" bolşup, uly geň galma bilen oňa tiňkesini dikýär. şonda şagal pahyr:
- be, ähli kişi meni tanaýar. men welin, walla, bulaň hijisinem güman edemok-da – diýipdir.
siziň pikirleriňiz?
-
kelle agyry
15 years ago
- bu $agal turklerin $agaly bolmaly menin pikirimce
-
milliyetçi
15 years ago
bu $agal turklerin $agaly bolmaly menin pikirimce
kelle agyry | 2009-01-23 06:15:49
dost, türkler seni gowja ildiripdirler öýdýän. halyňa haýpym gelýär. :(
-
halk
15 years ago
- OLA SENI TURKLERDEN DEN ARASSALAJAK BOLYAR SEN DUSHUNMEDINAY HALYS WALLA DUSHUN INIM BARDE TURK DUSHUNJE BILEN TURKMEN DUSHUNJE GABAT GELENOK HEMMESI HEM SHONY AYTJAK BOLYAR
-
milliyetçi
15 years ago
ola seni turklerden den arassalajak bolyar sen dushunmedinay halys walla dushun inim barde turk dushunje bilen turkmen dushunje gabat gelenok hemmesi hem shony aytjak bolyar
halk | 2009-01-23 06:35:42
agam, men bu sahypany halkymyzyň arasynda giňden ýaýran rowaýatlary getirýän. sen bolsa, türk düşünjeden arassalajak bolýa, diýýäň. men 100% türkmen how. özem ahal-teke türkmeni.
-
halk
15 years ago
- BOLYA MILLIYETCI GEL PIKIR ALYSHALY JELALEDDIN MENBURNY ONA TANAYANSYN
EGER SHOL CINGIZI YENEN BOLSA HAKYKY GANLY TURKMENLER BOLMALY BIZ DOGRUMY 100% ONDADA INDI YENILDI HANY YOKMY GALAN ADAM SHOL URUSHDA
SEN DUSHUNJAN???
-
milliyetçi
15 years ago
bolya milliyetci gel pikir alyshaly jelaleddin menburny ona tanayansyn
eger shol cingizi yenen bolsa hakyky ganly turkmenler bolmaly biz dogrumy 100% ondada indi yenildi hany yokmy galan adam shol urushda
sen dushunjan???
halk | 2009-01-23 07:16:08
sen näme, indi, "biz türkmen däl" diýjek bolýaňmy, dost?
-
halk
15 years ago
- YOK DUSHUNMEDIN" ZULMAT TUNUNDE " KITABY OKAN BOLSAN SHONDA DASHKENDIN ARHIWINDEN ALNAN DOKUMENTAL KITAP SHOL GELIN GYZLARY .....
-
halk
15 years ago
- ONDAN SONAM TEYMIRLEN HOKUM SURYAR OLAM CINGIZIN NESLI
-
milliyetçi
15 years ago
- hapa goş ýaly edip...
- dowan şahyr, goşgyňam diňledim. ýekeligiň azaryny çekýändigiňem bilýän. dogrymdan gelsem, öýlenibilmän örtenip ýörenligiňe, nebsim agyrmanam duranok. ýöne şonda-da...
- wah, jan gelin, bi indiki, şonda-daň näme?
- şonda-dam şahyr, saňa baraýjagam welin, geýmiň garagäz, ýakaň kirli.
- wah, işigaýdan, köýnegim kirsiz, ýakam ýaraşykly bolsa, hapa goş ýaly edip, seni başyma ýapaýynmy?
ha, ha, ha... :)
-
milliyetçi
15 years ago
- bäh, ýokarka gülmediňizmaý?
-
milliyetçi
15 years ago
- lagnat daşy
- gadymy merwiň nähililik bilen synandygyny bilýäňizmi? – diýip, goja kişi gürrüňe başlady. – eşider bolsaňyz, meşhur horasanyň gülleýän şäheri merwiň berbat edilişi bilen bagly şeýle rowaýat bar. belki, ol rowaýat däldir, bolan wakadyr. men ony atam pahyrdan eşidipdim... merwiň şeýle güne düşmegine dönüklik hem-de agzalalyk sebäp bolupdyr. "dönükleri olardan peýdalanýanlaryň özlerem ýigrenýär" diýen pähim gadymlardan galypdyr.
ýer ýüzüne gan çaýkan çingiz hanyň dönüklere garaýşy şeýleräk eken: bilesi gelýän zadyny bilensoň, olaryň hamyndan tasma ýasadypdyr. “ata süýrediň – diýip, çingiz han ýylgyrar eken. – doganyny satandan wepa garaşyp bolmaz. öz kowmuna el göteren, ýeri gelse, biziň gözümizi çokar...”
goja kişi demini dürsedi-de, sözüne dyngy berdi. soňra, jübüsinden şabram seçekli, daşy haşamly nakysja nas kädisini çykardy, nas atdy. esli salym gözüni süzgekledip, nasyň pinegini gördi. nasyny tüýkürensoň, gürrüňini dowam etdi.
- bi gadym döwürlerde bolupdyr. çingiz han horasana tarap sürüpdir. bagly-bakjaly, döwranly merwiň arassa asmanyny gurşun ýaly agyr bulutlar gaplap alypdyr. gara ýel ýaly gara güýç harasat gopduryp zomapdyr, şäheri goraýjylar ýan bermändirler. men-men diýen ýigitler başlaryny goýupdyrlar, emma şäher ganymyň öňünde dyza çökmändir. merwiň gorkak, bigaýrat weziri beh al-mülk şäheri terk edip gaçypdyr. ol mongollaryň öňüne düşüp, garaşylmaýan tarapyndan şähere aralaşmagy ýüregine düwüpdir. aýdylmadyk zat ýok. "mert bir öler, namart müň gezek öler" diýipdirler. gaty kän ölçerip-döken haýyn wezir ilkinji pikirinden ýüz öwürmeli bolupdyr. sebäbi barybir öz janyny gutaryp biljek däldi. şäheri goraýjylaryň demine ilki şol düşmelidi. şeýle bolansoň ol başga bir pirime ýüz urýar. özi ýaly dönükleri ýygnaýar-da, merwe ilçi iberýär. ilçileriň eline hat berýär. hatda şu sözleri ýazýar: “herki zadyň çeni-çaky bardyr, beýle yňdarma bolmaň. çöpde-çörde san bar, siziň üstüňize barýan ýygynda san ýok. olar siziň ýurduňyzda ýel ösdürer. gowusy, boýun sanyňda (boluňda), başyňyzy gutaryň..."
bu haýynlyk şäheri goraýanlaryň çetine degýär. olar ýaňky dönükleri kerçeleýärler-de, olaryň läşini galanyň daşyna – aç itlere oklaýarlar.
horasanyň gözüniň jöwheri bolan merw iner ýaly silkinip örboýuna galýar. baý, garyp diýmän hemmeler döşüni gerip, dik durýar. aýal-ebtat, garry-gurty, iň bärkisi çagalar näme, şolaram ýaraga ýapyşýar. çingiz hanyň kiçi ogly tüli han bu bolýan zatlara hiç düşünip bilmeýär. ol özüne ýer tapmaýar, gurrandazlary aldym-berdime salýar, bürünç buddanyň öňünde dyza çökýär. “ýeri, men indi näme edeýin, aýt ahyry?! bi nadan türkmenler meniň maňlaýyma gara çekdi. şeýdip, horasandan el ýuwaýmalymy? eý, gudraty güýçli, aýagyňa ýykylýan, bir ýerde bar bolsaň, dadyma ýetiş! horasanyň hoşsurat gözelleri bilen gaýratly ärleri seniň ýoluňa gurban bereýin..."
köşk hyzmatçylary “gazabyňa duçar etmäweri, taňrym” diýip, gije-gündiz ýüzlerini öz buddalaryna tarap öwürýärler. merwiň ýolunda baş goýan jansyzlaryň, çaparlaryň sany ýokdy. niçikmi ýaramaz habar getirdilermi, tüli han olary kapasada arlaşyp duran aç ýolbarslaryň öňüne oklaýardy.
ýagy näçe urunsa-da, merw olaryň toýnagyny gyrkyp durdy. ol ýaraty bolýardy, ýöne är kişi ýaly sarsmaýardy. oňa ýeňilmek ýokdy, çünki ol köküni öz topragyna urupdy. – goja kişi soňky sözlerini birhili üýtgeşik buýsanç bilen aýtdy. diňläp oturan adamlaryň ýüzüne seredip çykdy. öz buýsanjyny ýaş ýigitleriň ýüzünde-de gördi. daşyna çykaryp durmady-da, ol içinden gaty begendi. iki-üç sapar ardynjyrap sözüni dowam etdi. – mahlasy, mongollar ýeňilýär. ynha, şu ýerde-de bolmasy bir iş bolýar. hanyň maslahatçysy, süpük neşekeş li tun po mele ýorgadan (bu näme-kä, agzalar) keýpini kökläp güllän wagty, başyny etegine salýar-da, hanyň huzuryna barýar. “zemin ýüzüniň ary-namysy, şamçyragy tüli han!.. bir çemçe ganyny geçseň, sadyk guluňyz bir maslahat berjek bolýa. horasanyň merkezine iň wepaly jansyzlaryňyzy iberiň. goý, olaryň biri derwüş bolsun, ýene biri gedaý bolsun, batyl, maýyp-müjrüp... olar it ýaly kaňkar, urular, ýenjiler, kowular, aç-suwsyz surnugyp, gaty derini çeýnär... ýöne, eşider, diňlär, görer. bize şo gerek. aýyň ýüzünde-de tegmil bar ahyry. diýmek, olaryňam bir ýerde sepi bardyr, şony bil. şondan ursaňam aldygyňdyr. seniň keçe ädigiň o mahluklaryň gara başyny depelär..."
tüli han muny makul bilýär. boýunlary bidöwlet kädili derwüşler, bulançak gözli gedaýlar, ykmandalar uly şähere siňip gidýär. mähelleli, bazar-dükanly şäherde diňlejegiň gürrüň bolsa, gözüň gören tarapyna eňiber – çuwaldan alsaňam tapylar. ynha uly ýoluň gyrasynda, tamdyryň başynda birnäçe aýal gybat edýär.
gürrüňçi şu ýere ýetende ýylgyrdy-da, gybatkeş aýallaryň agzyna öýkünip gürledi.
"– seniň çaşan kelläňden akyl gözländen günortanyň tüp yssysynda gyraw gözläniň gowumyka diýýän – diýip, haýsydyr bir täjiriň baýry aýaly ýaşajyk, gurjak ýaly bezemen gelni alarladyp başlady. – juma güni bişirilýän kökäniň beýleki günlerde bişirilýän kökeden tapawutly bolýandygyny bilmän näme, kelläňe turşy çykdymy? ys-koka gelýän görgülileriň ýüzüne ursaň, olaň boýny burularmyşyn..."’
"– ah-heý, günüňe ýanaýyn, suwly meşik – diýip, ýaş gelin mapraç aýaly dalady. – seň edeniňi etmesem, asylar öläýerin. günüňe ýanaýyn, ýeri ölermiň-ýitermiň... indi men köke bişirmänem oňaramokmy? bilýäňmi näme, meni häzir soltan etseler, merwem dyza çökererdim. gowky aýak mongollar ýaly maslyk depeläp, dylkyldap ýörmezdim..."
"– paňkyldamasana, tula – diýipm mapraç aýal ýer peşedi. – seniň munyň biziň garry geçimiziň boýnuna dakylan döwük jaňyň sesine meňzeýär".
"– sen, näme, bi adamlary beýle agzy jäheksizdir öýdýäňmi? eger men şolaryň ýerinde bolsam, derýaň gatlasyny ýykardym-da, şäheri gark ederdim.. wessalam..."
çörek bişýänçä kän gürrüňiň başy agyrdyldy. ol gürrüň eýýäm mongollaryň lagerine ýetipdi. şol gijäniň özünde han bendi ýumurmaly diýip, buýruk berýär. tüli han gadymy horasanyň gözel şäherini kesege garýar...
goja kişi gürzelek sakalyny barmaklary bilen daraklap, bir meýdan dymyp otyrdy. rowaýatyň soňuny şeýle gutardy.
- şol iki heleýi soltan sanjaryň gümmeziniň golaýynda topraga duwlapdyrlar. şu töwerege düşen her bir adam tümmeklere daş zyňmaly edilipdir. şindi seretseňiz, şol jelegaýda daşa gözüňiz düşmez. şu etrapa gelip-gidýän adam zyňjak daşyny bir ýurtdan öz ýany bilen getirmäge mejbur bolupdyr...
-
TURKBEL
15 years ago
- milliyetchi,gaty gyzykly rowayat eken.
-
milliyetçi
15 years ago
milliyetchi,gaty gyzykly rowayat eken.
turkbel | 2009-01-27 07:36:08
sagja bol, turkbel!
ine, ýene-de bir rowaýat! :)
-
milliyetçi
15 years ago
- ussanyň ölümi
heňňama myhyn uran goja daglaryň howalanyp görünýän ýerinde, aňňyt-aňňyt gum depelerini etekläp oturan, giň aýtymlary, günüň nury çaýylanda gümmezleri älemgoşar ýasaýan metjitleri, asmanyň diregi minaralary, çapraz-çapraz dişli galalary, hol ýokarda, gögüň bäri ýanynda şaglap duran şahyrana çynarlary bilen giňden meşhur bolan şähryslamda elinden dür dökülýän bir ussa ýaşapdyr. onuň ady muhammet ibn-mahmyt bolupdyr. eliniň hünäri bilen ol neberesiniň mertebesini beýgeldipdir. nusaýyň serkerdeleri, merwiň esgerleri oňa yrak poladyndan gylyç ýasadypdyrlar. ýelek ýaly ýeňil, ot ýaly ýiti şol gylyçlaryň deminden galkan gümmürdäpdir. muhammet ibn-mahmydyň elinden çykan tyglaryň, sowutlaryň, gürzüleriň şöhraty eýrany, çyn-maçyny, hindini, hebeşi baglapdyr.
ussa muhammet mert ýaşaýşy ýaly, mert hem ölüpdir. şähryslamyň depesinde tyg oýnadyp, ony ele salan mongol hulagidleriniň biri ussanyň özi üçin gylyç ýasamagyny haýyş edipdir. emma muhammet kes-kelläm göwnemändir. onuň baş bermejekdigine göz ýetiren han çapary iki elini burnuna sokup gitmeli bolupdyr. dergazap bolan han:
- getiriň o haram guly! – diýip, ýowuz perman beripdir. şeýlelikde, ussany hanyň huzuryna südenekledip eltipdirler. hiç wagt, hiç kimiň öňünde baş egmedik muhammet ibn-mahmyt hanyň “ýarynyň deşigi ýaly” gyýkmak gözlerine dikanlap seredipdir.
- agramyň?!
ussa birbada aňşyrmadyk bolarly, ol sesini çykarmandyr. han gyzyp ugrapdyr.
- näçeräk agramyň bar diýýän? – gyýkmak gözlerde owsun atan ýeser öwrüm halkalanyp-halkalanyp gidipdir.
- bäş batman!
han elini çarpýar. şol demde-de üç sany pyýada taýýar bolýar.
- bäş batman tylla getiriň. – hanyň gözlerindäki halkalar däli derýanyň girdabyny ýatladypdyr. – nähili görýäň? diliň gymyldasa bolýar, aýdyber.
- ýok, han, men duşman üçin gylyç ýasaman. – muhammet arkaýyn gürläpdir. – meň elimden çykan gylyç öz ilimi parçalasa, görümde-de rahat ýatyp bilmerin. ýok, ýok!!
ýüzüne urlan han gaharyna bäs gelmän gygyrypdyr.
- ýolbarsyň öňüne oklaň!
ýolbarsyň öňüne oklanjak bolup durka, ussa jellatlara garap, şeýle diýipdir:
- kysmatdyr, ondan gaçyp gutulyp bolmaz elbetde. ýöne, bir begenýän zadym: ilime söýgimi haram tylla çalyşmadym. ol şu ýerde, şu topragyň üstünde galar. oňa bolsa, ölme ýokdur...
-
milliyetçi
15 years ago
- halamansyňyz öýdýän. :( :( :(
beýle bolsa, indi ýazmazmykam diýýän.
milliyetçi 15 years ago- ynha, ýene biri:
mumyýa
gadym zamanlarda turan şalarynyň biri özüniň goja kaspiden tä gimalaý daglaryna çenli ýaýylyp ýatan mülküniň bir ýerinden aw awlap, keýp çekip ýörkä, ýüwrük keýigi ýaralanmyşyn diýýärler. ýaradar bolan janawer ýaraly aýagyny süýräp, kowgudan gaçyp, özüni şu töwereklere atanmyşyn. soňky deminde ynsanyň aýagy ýetmeýän uçut gaýalara süýrenip barypdyr-da, haýsydyr bir garamtyl zada eňek basypdyr. uçut gaýanyň ýüzünde doňup galan şol garamtyl zady köp wagtlap ýalapdyr. onuň bilenem oňman, şoňa ýarasyny oýkapdyr. şondan soň ol täzeden güýç toplap, misli hiç zat bolmadyk ýaly, ümdüzüne tutduryp gidenmişin.
emma ýaradar janaweriň kastyna çykanlaram pällerinden dänerli däl eken. olar gözläp-gözläp ony ahyryn tapypdyrlar-da, eýjejik keýigi öldüripdirler. seredip görseler, onuň dodaklarynda şo garamtyl zadyň ýoky galanmyşyn. ýöne adamlary haýran galdyran zat keýigiň ilkinji ýarasynyň bitin, döwlen süňküniň seýiklenip gitmegi bolupdyr. ol habar patyşa ýetirilipdir. şa şol dermany tapyp getirmegi buýrupdyr.
şanyň hyzmatkärleri janlaryny humara goýup, uçut gaýalara dyrmaşypdyrlar. şol getirilen dermany ýaraly haýwanlaryň, söweşde maýyp-müjrüp bolan nökerleriň ýarasyna melhem edip görmegi tabşyrypdyr. şeýdibem, ynha mumyýa ýüze çykanmyşyn.