Salam dostlar.
https://www.forbes.com/sites/ericmack/2018/06/14/elon-musk-really-is-god-at-least-in-the-minds-eye-of-christian-believers/?sh=604732a56afd Ynha şu linkde ýazylmagyna görä ylym taňrynyň keşbini açanmyşyn ol hem meşhur biznesmen Elon Maska meňzeýärmiş. Bu bir samsyklykdan başga zat däl. Men ozaldanam aýdýardym ylym diýip ynanyp ýörenimiz bir ýalan dindigini. Uýdurylan we toslanylan bir ylym dini, güne çokunanlaryň dini.
Ýokardaky saýt meşhur ,,Forbes" žurnalyna degişlidir. Onda ýazylmagyna 511 sany göwünli hristianlaryň taňryny beýan edişine görä taňrynyň asyl keşbi orta çykanmyşyn, ol hem Elon Maska meňzeýärmişin. Bu ýerde ünsümi çeken zat 511 adamyň gatnaşmagy. Men şunça wagtlap jakrap ýazyp gelýärin 11 sany gatyşan bir zat bar bolsa bu juda şübheli diýip. 5-11. 11 sanynyň komplimisiýasy hakynda http://talyplar.com/posts/30948 linkdäki blogymda okap bilersiňiz. Mundan başgada ünsden düşen zat Elon Maskyň ady ,,El" diýlip ýazylyp başlanýar, iňlis dilinde hem 11 sany ,,El" diýlip ýazylyp başlanýar. Bular hiç hili tötänlik däl. Olar 11 sanyny söýýärler.
Eýsemde ,,El" sözüniň manysy nämekä? Gadymy semit halklarynyň (ýewreý, arap) dilinde ol hudaýy aňladýar. Arap dilinde bolsa ol ,,Il" ýa-da ,,Al" görnüşinde duşýar. ,,Ra" hem aslynda ,,hudaý" diýmek bolup, gadymy müsürlileriň gün taňrysy bilen hiç hili baglanşygy ýokdyr. Gadymy müsürliler prosta güni hudaý ,,Ra" hasaplapdyrlar. Ýagny ,,Ra"-nyň manysy hiç hili gün hudaýynyň ady däldi hudaýyň bir adydyr.
Oňa degişli subutnamalar.
IS-RA-EL=IS-RA-IL Ysraýyl, manysy hudaýyň guly diýmek.
RA-B=Reb hudaýyň bir ady.
RA-H-MAN rahman, mähriban manysyndaky hudaýyň ady.
RA-HYM- rehimli manysyndaky hudaýyň bir ady.
GABRI-EL=JEB-RA-IL jebraýyl perişde.
MIKHA-EL=MIKA-IL mikaýyl perişde.
AZ-RA-EL=AZ-RA-IL jan alyjy ezraýyl perişde.
RA-PHA-EL=IS-RA-F-IL sur çalyjy ysrafyl perişde.
EL-LAT araplaryň yslamdan ozalky hudaýy.
EL-UZZA araplaryň yslamdan ozalky hudaýy.
EL-MENAT araplaryň yslamdan ozalky hudaýy.
HUB-EL araplaryň yslamdan ozalky hudaýy.
BA-AL gadymy semit hudaýlarynyň biri.
AL-LAH yslam dininde hudaýyň esasy ady.
EL-OHIM ýewreýlerde hudaýyň ady.
IL-AH araplarda hudaýyň ady.
BAB-EL=BAB-IL gadymy şäher Wawilon manysy hudaýyň derwezesi.
AHU-RA MAZDA gadymy otparazlarda baş hudaý.
ARDWI SU-RA gadymy otparazlarda bir hudaý.
MIT-RA gadymy otparazlarda bir hudaý.
IND-RA Induslaryň hudaýy.
RA-MA induslaryň hudaýy.
Görşümiz ýaly ,,EL" we ,,RA" hudaýyň ady. Emma ylym bize ,,RA" gadymy müsürlileriň gün taňrysynyň adydygyny aýdýar we ýalňyşýar. Gadymy müsürliler prosta Ýusup alaýhyssalammdan soň, güni ,,RA" hasaplap ony hudaý diýdiler. Bilşimiz ýaly gün hiç hili hudaý däl.
Ozalyrak bir gün @yashalym agzalaryň biri ,,Gilgameş" dessany diýen blog açypdy. (Emma ol blog bozuldy) Blogynda ýewreý, hristianlar we musulmanlar Nuh pygamber hakyndaky wakany şu dessana görä döredendiklerini aýdypdyr. Bu bütinleý ýalňyş düşünje gaýtam Nuh pygamber hakyndaky waka Şeýtan länetsiňen tarapyndan Gilgameş görnüşinde uýdurylandyr. Hinduizm dininde hem Nuh pygamber wakasy ,,Manu" görnüşinde uýduryldy.
@yashalym ol blogynda hristian, ýewreý we musulmanlaryň doga okandan soň ,,Amen" diýmesini, ,,Amon-Ra"-dan alandyklaryny aýdypdyr. Aslynda Amen ,,Kabul et" diýmekdir. Ýusup alaýhyssalamdan soň müsürliler hem bu sözi ulanyp beter ylahylaşdyrypdyr. Bar bolany şul.
Soňy.

Bilim, Khanture tarapyndan 2 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir