salam ezyz agzalar kopden bary yoglygym uchin otunch sorayan syzy magtymgyly jegyyetynyn täze bolan 43-nji uyshmegy hakda ka byr habarlar beresym geldy . gechen jumga gununde eyranyn turkmen sahrasynyn KELALA shaherynde magtymguly jemgyyety kelalanin umumy kytaphanasynda [turkmen edebyatynda yrfan] adly mowzugy basha alyp (uyshmeg)gurdy .bu uyshmegde HANAFY YSHAN adly beyig turkmen rowhanymyz yrfan hakda we turkmen edebyatchylarynyn eserlerynde yrfany nahylly ulandyglary barada gurrung berdy . ol [mowlana jelaladdyn belhy ] we [hafyz] yaly ulu shahyrlaryn turkmen edebytyndaky koyan tesyrlery baradada gurryn berdy . ondan onche KHAJE adyndaky turkmen kultur adamy eyranyn tahran sharynde byr meydana ya da byr kuche (street )magtymgulynyn ady beriljegyny bushlady.ol tahran shahyrbashysy we shahryn ulu adamlary bilen bu barada gurryn edyp netije yateninden habar berdy . kä dostlarymyz m-j barada maglumat islepdyler .gynanch bilen aydyanki bu jemgytyn websity yogdyr.yone yagynda bejerylmesyne talash edilyar . bu jemgyet menim bilishym bilen turkmen sahrasa yekeje aktif jemgyetdyrki her ayda byr mouzugy sechyp ona gore byr ylym adamyny chagyryp(turkmen halkyndan) uyshmeg tayyarlayarlar. bu jemgyetyn gelejekdeky uyshmegy butyn turkmen sahradaky belly shahyrlar arasynda boljakdyr . yagny yenede 25 gunden.syzyde chagyryars eyrana KELALA gelyn.
Eyranda 43-nji magtymguly jemgyetynyn uyshmegy
-
saylanan2
15 years ago
- Sizin Magtymguly jemgyietinizin maliya yagdayyny dowlet komek edyarmi? jemgyyetinizde turkmen alymlary bar bolsa olar turkmen edebiyatynyn haysy ugry boyuncha alymlyk derejesini aldylar?
-
kelle agyry
15 years ago
- brinji oz turkmen dowletimizi gowjorak goz gezdirelin son eyrana wagyt bolsa serederis
-
saylanan2
15 years ago
- kelle agyry sen dogrudan hem kelle agyry ekenin. Eyranda hem turkmenler bar-a
-
kelle agyry
15 years ago
- dost brinji oz turkmenlerini gowja tana
-
kelle agyry
15 years ago
- son gezek geler eyranada turkiyada,germaniyada,elimiz degse amerikanam barlarys owreneris
-
halk
15 years ago
- saylanan sen aytsana dost magtymgulynyn hakyky yashan yeri oyunin obasynyn duran yeri hazir nirede bizdemi yada eyranda?
-
kelle agyry
15 years ago
- halk 6ony bilenokmy men aytyana da6ary yurtda gezip gezip ankasy a6yp gidipdir bir nacesinin
-
saylanan2
15 years ago
- name uchin mana sorag beryan? Goy Shyryn aytsyn bu onun achan mowzugy we jemgyyetin agzasy bolmaly habar bershine gora/
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Kelle agyry! Magtymguly türkmen shahyry. Eýrandaky türkmenlerem forum guraýalar. Bu begendirýän zat. Shyryn bizide çagyrypdyr. Nesip bolsa bararys.
-
kelle agyry
15 years ago
- kimay ol Shyryyyyyyn
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Shyryn shu ýazgynyñ eýesi dost! Eýranly türkmen gyzy.
-
kelle agyry
15 years ago
- oooooo olor yaly adamam barmy barde
-
halk
15 years ago
- ay sorag berdim name jogap yazaydahow bilyan bolsan bolmasada bilemok diy
-
NuryHan
15 years ago
- salam talyplar..gowy bolupdyr geçirlen bolsa ,bizde de bellenyara MAgtymguly gunileri..alyn onda pyragydan goşgy...
NÄME SEN
Asla seni görmemişem, dildarym!
Gumrymy sen, bilbilmi sen, näme sen?!
Gamgyn könlüm hyyalynda aldaram,
Bag içinde gülgülmi sen, näme sen?!
Garaçymyn, ya seyitmin, hojamyn,
Ya sakymyn, ya şerapmyn, ya jammyn,
Ya yylmy sen, ya gündizmin, gijemin,
Ya Aymy sen, ya Günmi sen, näme sen?!
Ya müşkmi sen, ya kokunar anbarmyn,
Ayda bilmen, ya çarhmy sen, çenbermin,
Ya deryamyn, ya möwçmi sen, lenbermin,
Ya girdapmyn, ya burgunmyn, näme sen?!
Altynmy sen, kümüşmi sen, zermi sen,
Ya arşmy sen, ya kürsmi sen, yermi sen,
Ya yakutmyn, ya merjenmin, dürmi sen,
Ya çyragmyn, ya röwşenmin, näme sen?
Magtymguly, geç namysdan, aryndan,
El götergil bu wepasyz kärinden,
Jahan doly, sen gapyl sen yaryndan,
Mey-mestmi sen, ya şeydamyn, näme sen?!
-
kelle agyry
15 years ago
- nuruhan mahtymguluda oz wagtynda surupdiray senem 6onun oboda6y bolayma
-
NuryHan
15 years ago
- wayey diyesim gelya sana kelle agyry,,senem çynyn bilen kelle agyry boljak bolup azap etyanay..nira yazsam yazyp yetişyanay..:)
-
kelle agyry
15 years ago
- dost yanynda ba6ga kitap yokmay soygu barada?
-
kakabaş
15 years ago
- shirin, magtymguly jemgyýeti edebi jemgyýet hökmünde registrasiýa edilenmi? siz onuň agzasymy? dünýaniň başga döwletlerinde ýaşaýan ildeşlerimiz hem agza bolup bilýärmi? siýlananyň soran soragyny men hem gaýtalaýan, ýagny ol jemgiýet döwlet tarapyndan goldanýarmy, ýa bolmasa aýry aýry adamlaryň howandarlygynda maliýeleşdirilýärmi? jemgyýetiňiziň metbugat organy, almanahdyr, jurnaly döredilenmi we yzygiderli neşir edilýärmi. sebäbi siziň özüňiziň tassyklaýşyňyza göra 43 üýşmeleňi geçirilipdir. ol ýerde edilen çykyşlar bir ýygynda ýygylyp neşir edilenokmy? magtymguly pragynyň hut özi bilen baglanyşykly nähili çareler alyp barýar?
siziň magtymgulynyň adynyň eýranda bir köçä dakylýandygy baradaky habaryňyz dogrusy bizi diýseň begendirdi. bu işiň amala aşyrylmagynda siziň jemgyýetiňiziň tagallasy barmy?
shirin, eger-de bu soraglaryň haýsydyr birini jogaplamak islemeýän bolsaň, saklanyp bilersiň.
beren gyzykly maglumatlaryň üçin köp sag bol.ýene-de habar ýazyp dur. sag bol.
-
kakabaş
15 years ago
- shirin, magtymguly jemgyýeti edebi jemgyýet hökmünde registrasiýa edilenmi? siz onuň agzasymy? dünýaniň başga döwletlerinde ýaşaýan ildeşlerimiz hem agza bolup bilýärmi? saýlananyň soran soragyny men hem gaýtalaýan, ýagny ol jemgiýet döwlet tarapyndan goldanýarmy, ýa bolmasa aýry aýry adamlaryň howandarlygynda maliýeleşdirilýärmi? jemgyýetiňiziň metbugat organy, almanahdyr, jurnaly döredilenmi we yzygiderli neşir edilýärmi. sebäbi siziň özüňiziň tassyklaýşyňyza göra 43 üýşmeleňi geçirilipdir. ol ýerde edilen çykyşlar bir ýygynda ýygylyp neşir edilenokmy? magtymguly pragynyň hut özi bilen baglanyşykly nähili çareler alyp barýar?
siziň magtymgulynyň adynyň eýranda bir köçä dakylýandygy baradaky habaryňyz dogrusy bizi diýseň begendirdi. bu işiň amala aşyrylmagynda siziň jemgyýetiňiziň tagallasy barmy?
shirin, eger-de bu soraglaryň haýsydyr birini jogaplamak islemeýän bolsaň, saklanyp bilersiň.
beren gyzykly maglumatlaryň üçin köp sag bol.ýene-de habar ýazyp dur. sag bol.
-
kelle agyry
15 years ago
- menin pikirim boyunca magtymguly beyik 6hahyrlaryn biri bolon ol turkmen topragynda eneden dogulon onup osen men hayran nadip jesedi eyranda kim bilyar nadip magtymguly 6hahyrymyz eyranda jaylanan?
-
ceyhun82
15 years ago
- salam shyrin
gowimi halin
sana we turkmen jemgyetyne ustunluk arzu
edyan.
-
bond
15 years ago
- menem!
-
kelle agyry
15 years ago
- bond dine sen dal menem
-
bond
15 years ago
- hemmamiz
-
kelle agyry
15 years ago
- menin yazanyma jogap yokmy talyyyyplar
-
kakabaş
15 years ago
- shirin, sen hiç hili jogap ýazmansyň. munuň belli bir sebäbi barmy?
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Magtymguly biziñ häzirki durmushymyzy gazanmak üçin göreshen shahyrlarymyzyñ biridir. Biz oña uly hormat goýmaly.
Bilýän bolsañyz shu taýa magtymgulynyñ goshgularyny ýazyberiñ.
-
shyryn
15 years ago
- salam dostlar
jogap syz goyanym uchin meny bagyshlan yöne men turkmen dylyne syz yaly beled däln.soňam eyranda boyle jemgyetler dowlet tarafindan komek gorenoghdyr. turkmenler ozlery bu yaly hereketlery tayyarlap dyl we kulturleryne eye boljak bolyarlar.
menym pykryme yene shukur etmek yery bar yaly.
syz bolsanyz turkmenystanda yashayanyz. bu byr dowlet. her dowlet yeke oz kulturyny ulaltmak isleyär. byz eyranda turkmen dylyny ana we atamyzdan owrenyärs.
syz bolsaňyz chagalyktan megtebe baryp owrenyaňyz.byzym dylymyze parscha , a syzyn dylynyze bolsa orscha kelymeler garyshypdyr.
yone ondada turkmen dylyny goramaga talash edyärs.
hemmaňyze ulu baht arzu edyan
-
shyryn
15 years ago
- tahranda magtymguly adyna byr meydan ya koche ( street ) adlandyrmag kummet shahrynyn showrasy tarafyndan amala ashyrlmaga talash edylyar. o showranyn byr agzasy myny yangky jemgyeyetin uyshmegynde bushlady
-
shyryn
15 years ago
- magtymguly jemgyýeti edebi jemgyýet hökmünde registrasiýa edilenmi? siz onuň agzasymy?
--------
bu soraglan jogaby hawa dyr
-
kakabaş
15 years ago
- şirin köp sag boluň, soragyma jogap bereniň üçin.
ýene de magtymguly jemgyýetiniň işleri barada biz ýaşlary tanyşdyryp durarsyňyz diýip umyt edýän.
işiňiz rowaç bolsun.
magtymgulyny öwrenmek barada işler alynyp barylýarmy. jemgyýetiňiziň edebi neşiri ýa-da üşmeleňde edilen çykyşlaryň ýygyndylary barmy.
kyn görmän şu soraglara hem jogap berseňiz biz sizden hoşal bolardyk.
sag boluň
-
saylanan2
15 years ago
- Shyryn salam! Sizin chykyshynyzdan bir zada dusunmedik? Siz bizi rus dilini garyshdyryanlygymyz bilen gunakarlapsiniz welin biz edil beylede dal.Biz Rus dilini garyshdyrman gepleyas. Emma kabir alynma internasional sozler bar/ Olarsyz bolmayar/Sizden birnache soragymyz bar.Sizin jemgyyetinizde nache adam agza.Sizin shaherinizin ilaty nache?Turkmensahradamy? Sizin yygnanshygynyza gatnashmak isleyas welin siz bize chakylyk berip bilyarsinizmi?
Dowlet tarapyndan goldaw berilmese sizin jemgyyetinize goldawy halk beryarmi? Shirin siz nache yashynyzda?
-
kakabaş
15 years ago
- şirin, bu soraglaryň jogabyna ýene-de 15 gün garaşmalymy. ýa-da internet mümkinçiligiňiz ýokmy.gaty seýrek görünýäňiz. elbetde iş alada ýetikdir. onda da bilesigelijilik bilen sorag soransoň tizden tiz jogabyny bilesiň gelýär. jogaplaryňyza garaşýas.
-
kakabaş
15 years ago
- şirin, bu soraglaryň jogabyna ýene-de 15 gün garaşmalymy. ýa-da internet mümkinçiligiňiz ýokmy.gaty seýrek görünýäňiz. elbetde iş alada ýetikdir. onda da bilesigelijilik bilen sorag soransoň tizden tiz jogabyny bilesiň gelýär. jogaplaryňyza garaşýas.
-
saylanan2
15 years ago
- Kakabaş! menem goshulyan shirin gaty gich jogap beryar.Aslynda ol menin yokardaky soraglaryma jogabam yazmandyr.Jogap yazmajak bolsa mowzuk yazmaly dal ahyryn.
Kakabas sizin soraglarynyz yerlikli.
-
kakabaş
15 years ago
- size "takdyr" barada pikirlerimi ugradypdym.
-
TURKBEL
15 years ago
- shyryn gaty kop zat bilyan eken.bu soraglaryngyza-da yene bir gezek aylananda jogap yazar.
-
saylanan2
15 years ago
- almadym.Yene ugradyp bilersiniz?Kyn gormeseniz.Sizden bashga adam beyel yerlikli sorag berer hem oytmandim.Nirede bolsanyzam sizin pocherkiniz mana tanysh
-
kakabaş
15 years ago
- köp sag boluň.
bolar men ýene de ugradaryn. ýöne mende ýahoo gowy işlanok. belki şonuň üçin baran däldir. sizde hotmail barmy. belki msn-den ugradaryn.
ol hekaýany çap etmek niýetiňiz ýokmy.belki täze hekaýalar hem bardyr.
-
saylanan2
15 years ago
- Bar men size yazyan yonejogap gelmeyar.Bu hekaya Owganystanda chap boldy.Menin gmail adresim we mail .ru adreslerim bar
-
kakabaş
15 years ago
- saylanan, siz meniň gurbannazar barada ýazanlarymy okadyňyzmy. gaty gyzykly maglumatlar. men öwran öwran okaýan şonda da okasym gelip dur.ol ýazgylar türkmen naçarynyň ýürek owazlary, diýseň gyzykly we täsirli gürrüň berilýär.
şol ýerde size bir soragam sorapdym. şol sorag boýunça hiç hili jogabyňyz ýokmy.
-
saylanan2
15 years ago
- okamadym? Nirede?Gurbannazar menin soyguli shahyrym.Umuman men ony ruslaryn Esenini soyushiche soyyandirin
-
kakabaş
15 years ago
- ynha şu ýerde:
http://www.talyplar.com/4380-gaytalanmajak-shahyr.html#jogap-64300
-
ýadan.
15 years ago
- men edil şu wagt lakamymy üýtgetdim. meniň soragjogap.com-daky mahlasym hem "ýadan". bu ýere hem şu tahallus bilen girmegi göz öňünde tutýan.
-
ýadan.
15 years ago
- siz soragjogap.com-a agzamy.agza däl bolsaňyz, agza bolsaňyz gowy bolar. ol ýerde artykmaçlyklar bar. meselem hat alyşyp bolýar we ş.m.
-
saylanan2
15 years ago
- hokman agza bolaryn
-
ýadan.
15 years ago
- saýlanan agza bolaryn diýdiňizde, ol ýerede bärigem geleňizok.
şirinem ýyldyz ýaly ýenede gaýyp boldy. olam jogap ýazmandyr.
şirin indi gelseňiz şu ýere bir e-mail adres goýup bilersiňizmi?
biz soraglarymyzy şol adrese ibereli. sizem bize gyzykly çykyşlaryň tekstlerini ugradarsyňyz, eger mümkin bolsa.
magtymguly barada edilen gürrüňler, ylmy, edebi çykyşlar meniň üçin diýseň gyzykly.
-
Abdul Hakim
15 years ago
- Salam ushar
-
usher
15 years ago
- salam abdul hakim dost nahili yagdaylar.
-
ýadan.
15 years ago
- shirin magtymguly jemgyyetining 44-nji üyşmelengi bolup geçmedimi. ozallar her üyşmelengden song habar yazardyng,songky döwür habaram yazangok. ya bizden göwün etdingmi.
habarlarynga garaşyas.
saylanan2 15 years ago- sizin shaherinizde turkmen edebiyatyny bilyan adam barmy?Yorute bilimli adam bar bolsa ol size bu saytynyzy guramaga komek edip bilerdi. Ishinizde rowachlyk arzuw edyarin.Ol ruhany agamyz beyik diydiniz welin nahili dushunmeli.Alymlyk derejesi barmy?