Oraza fiziki, ruhy we aň taýdan arassalanma aýydyr. Bu döwri ünsli geçirmek arkaly bedendäki we ruhdaky üýtgeşmeleri görüp bileris.

Elbetde oraza aýy horlanmak, güýçlenmek isleýän adamlar üçin düşnüksizlik döwri bolup biler. Aslynda agyz beklemegiň özi iň gadymy saglygy gowulaşdyrma usullarynda biridir. Agyz beklemegiň peýdalary barada köp eşiden bolsaňyz gerek. Şol sebäpli eşiden şol peýdaňyzy almak üçin oraza aýyny dogry iýmitlenmek bilen geçirmelidiris. Bu makalamyzda biz size agyz beklenende iýmitlenmekde goýberilýän käbir ýalňyşlyklar barada gürrüň bereris:

1. Selälik naharyny iýmezlik!
Esasanam günüň dowamynda açlygyňyzy dolandyrmak, almaly energiýaňyzy almak üçin bir wagtyna nahar edinmek ýetmez. Seläligi ertirlik ýaly pikir edip bilersiňiz. Düzüminde belok bolan iýmitlerden iýmitlenmek bu döwürde has peýdalydyr. Sizi derrew açykdyrýan çörek önümlerini we süýji önümleri iýmek maslahat berilmeýär. Zeýtun, tomat, şöhlat ýaly duzly zatlardan hem saklanmak gerek. Bular suwsamaklyga iterer.

Ýagly gury iýmişler iýmek doklugy saklamak üçin örän peýdalydyr.

2. Gök-önüm we miwe iýmezlik!
Gerekli witaminlere we minerallara eýe bolmak üçin miwe we gök-önümler iýip durmak maslahat berilýär. Immun ulgamyny güýçli saklamak üçin gerekli witaminlerden we minerallardan iýmitlenmek gerek.

3. Az mukdarda suw içmek!
Agyzaçar we selälik wagtlarynda hökman suw içilmelidir. Suwy hem derrew dälde, ýuwaşda içmelidiris. Bedenimiz suwsyz bolsa ne ýag ýakar, ne-de gerekli işlerini edip biler.

4. Köp mukdarda çörek önümlerini iýmek!
Çörek önümlerinden iýmek süýji iýmeklige bolan islegi döredip biler. Eger süýjä bolan islegiňiz beterlese, onda süýtli peýdaly süýjilerden, buzgaýmaklardan iýip bilersiňiz.

5. Az hereket edilmegi!
Agyz bekleýän döwürleriňiz az hereket edýän bolup bilersiňiz. Elbetde açygmazlyk, suwsamazlyk üçin az hereket edilmegi gowy zat. Emma aşa az hereket etmek howpludyr. Şol sebäpli agyz açanyňyzdan iki sagat soň ýarym sagat, bir sagat hereketde boluň!

Eger keseleňiz bar bolsa, onda hökman bu babatda size dogry maslahaty berjek lukmana ýüz tutuň.

Ýazan: Sema Ýyldyz (Berhiz lukmany)

Çeşme: www.doktortakvimi.com

Täzelikler, Mister X tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir