(«Keremli söz» filmine ýazylan aýdym)

Sen diwana, sen dana,
Men diwana, men dana.
Aýýardan akyl alyp,
Sapak berdim şeýtana.
Ýöne aýdyň ahyry
Dünýäň manysy näme?
Huw hak, huw hak!...

Heý diwana, heý dana,
Diý diwana, diý dana.
Iýeniň bil dünýäde,
Geýeniň bil dünýäde,
Söýeniň bil dünýäde
Dünýäň manysy – näme!
Huw hak, huw hak!...

Puldur dünýäň manysy,
Gudrat tylla – teňňede.
Akylla-da pul gerek,
Pul gerekdir tentege!
Emma pul ýok sende-de,
Emma pul ýok mende-de!

Derwüş diýýär: Huw hak, huw hak!
Men diýýärin: pul hak, pul hak!
Saga ýüwür, sola ýüwür,
Ýeri agdar, gögi çöwür,
Emma pul tap, pul tap, pul tap!

Sen diwana, sen dana,
Men diwana, men dana.
Dünýäň manysy pulmuş!
Puluň manysy näme?

Raks oýna, raks oýna
Hah–hah–ha! Hah–hah–ha!
Dünýäň manysy pulda,
Puluň, tyllaň manysy
Şagalaň-da şowhunda!
Heý diwana, heý dana
Bu dünýäniň manysy
Diňe keýpi-sapada!
Diňe keýpi-sapada!

Nobatguly Rejebow

Edebiýat, A93 tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir