Daglar derde owrulip,men yuregme chokseler, Ilim-gunum derman gozlap, agyr yollar sokseler, Senin beren derdine,senden derman tapsalar, Elin melhemli gelip emlemezmin Dilberim! Tesneligni sorup alsam,sulleren bar gullerin Tesneligni sorup alsam,Garagum dek collerin. Girdabyndan sypyp gelsem,in epgekli ellerin, Jayryk atan leblerimi nemlemezmin DILBERIM! Goy,dilberim,gorkuzma; diyyip Gayta goter gownimi:diyip, Yar diysenem,yalnyzym,yalnyz mana yar diyyip, Yaz yaly yar goynunda yerlemezmin,DILBERIM!
Gelin goshgy okalyn
-
mazmun
16 years ago
- üç bajy oturyp halyň üstünde
üçüsi üç ýerden uranda darak
ilki bilen gerek
görmäge garak,
yzy bilen gerek
diňläre gulak.
döşleriň üstünde
saçlar ýaraşýar,
saçlaryň astynda
ýaraşýar döşler
döşleriň üstünde saçlar uruşýar,
saçlaryň astynda uruşýar döşler.
wah hemme uruşlar şeýle bolsady!
ýaşasyn saçlaryň, döşleriň urşy!
döşler dört tarapa kowýar saçlary,
saçlar ýene çozýar döşlere garşy.
birdenem hemmesi ýaraşýan ýaly,
darak gutaranda gutarýar söweş.
indiki hüjüme garaşýan ýaly,
döşler özün dürsäp,
dem alýar ýuwaş...
kerim şahyryň "namys hakydasy" poemasyndan.
-
Maxat
16 years ago
- Bezenip-beslenip seyle çykanda
Ganat açyp göge galsyn sözlerim
Mün gözel içinde gülüp bakaňda
Bakyşyndan ylham alsyn sözlerim
Bir naklyşa yatdyr alemin düzi
Ötgürdir yaragdan şahyryn sözi
Gyyalap seretse bahylyn gözi
Yüregimi parran etsin sözlerim
Görküňe bäs gelmez gözellik köşgi
Peryat etdi, tolkundy yüregmin yşgy
Gaşyňda oturyp okasam goşgy
Kalbyňa gowgalar salsyn sözlerim
Seň bilen birleşdi ömrümin yoly
Senden ayra düşmez köňlüm hyyaly
Asmanyn bezegi nurly gün yaly
Yüregiňe soltan bolsun sözlerim
-
Orazka
16 years ago
- malades şular yaly goşgular yazyp durun aram aram
-
mazmun
16 years ago
- DÜÝN DÄLMIDI?..
(Söýgi elegiýasy)
Düýn dälmidi
Bagtdan başym aýlanyp,
Kirpikleriñ oka deñäp duranym...
Aý yşgyna gijelikden saýlanyp,
Görejim göreje çenäp duranym.
Düýn dälmidi ezip duýgyñ ülkesin,
Ýagşyñ depämizden geçip gideni.
Gülälek deý ter dodaklañ halkasyn
Diñe meniñ üçin açyp gideni!
Düýn dälmidi süzüp gara gözleriñ,
Meýmiräp duranyñ duýgyñ güýjünden?
Gyzgyn wadalaryñ, gyzgyn sözleriñ
Dil bilen ýyganym diliñ ujundan!
Düýn dälmidi, serwim, gyzyl geýeniñ,
Diñe meniñ üçin ýanyp, köz bolup?
Düýn dälmidi: seni söýýän – diýeniñ,
Bu sözleriñ ýañlanany saz bolup?
Düýn dälmidi çaknyşanda göreçler,
Oda salyp, ýylgyranyñ owadan.
Bu gün bolsa, öçüp söýgi-de, öç-de,
Tabyt münüp, çykyp barýañ obadan.
Sessiz aglaýaryn, egnimi ýygryp,
Ýatlap, seniñ tylla saçyñ örenim.
Düýn dälmidi dilim diliñe degrip,
Söýgiñ tagamyny dadyp görenim...
Düýn dälmidi bu zatlaryñ bolany?
Düýş dälmidi bu zatlaryñ bolany?!
-
mazmun
16 years ago
- HОŞLАŞYК
Sоňкy gеzек gygyrdy-dа pаrоwоz,
Göк wаgоnlаr gоbsundylаr hаşlаşyp,
А sеn bоlsаn,... а sеn bоlsаň gаrаgöz,
Ак ýaglygyň bulаp dursuň hоşlаşyp.
Bu nähili bеýlе bоlýar, аýtsаnа,
Indi şеýdip gаljакmy sеn dаşlаşyp,
Dymyp durun pеnjiränin önundе,
Dоnup durun pеnjräniň önundе,
Ýuz müň hili piкir bilеn bаş gоşup.
Sеnin bаgtyň uçin, eý, göwün şаdym,.
Mеn-ä uzак ýolа bilim bаglаýan.
Sеn nämuçin ugrаdаňdа sоldаtyň,
Аmаn bаryp, аmаn gеl diýip аglаýan,
Zyýany ýoк. Аýrаlyкdyr, gеçеr bu.
Ýürеgňi dаglаmаly bоlmа sеn,
«Gitdi» diýip, аglаmаly bоlsаňаm,
«Gеlmеdi» diýip, аglаmаly bоlmа sеn.
halyl kuly
-
mazmun
16 years ago
- Şоl gözеlе duşаnymdа şu gеzек:
—Sözüm diňlе—diýdim.
—Sözlеgin—diýdi.
Diýdim:—Gülüm, bеýlе örtеmе uzак.
—Gülüňi dаşrакdаn gözlеgin—diýdi.
Diýdim:—Sеn görкüsiň ähli güllеriň.
—Sеn nämеlеr diýýäň, gоý, оglаn—diýdi.
Diýdim:—Sаgym sаgýan акjа gоllаryň...
—Diýjеgňi аçygrак diý,оglаn—diýdi.
—Sеn mеni söýеrmiň, pеrizаt—diýdim.
Gyz ýaýкаp bаşyny:—Söýmеrin— diýdi.
—Bu ýönе söýgi däl, bu bir оt—diýdim,.
Gyz çytyp gаşyny—Кöýmеrin—diýdi.
Diýdim:—Ýürек jоşýar misli bir dеrýa,
Gyz оýnаp sаçyny:—Ýüzmеrin—diýdi.
Diýdim:—Bаr umydym inçеlip bаrýa,
Gyz dişläp dilini:
— Üzmеrim—diýdi.
-
mazmun
16 years ago
- GÖWNÜM SЕNI КÜÝSЕÝÄR
Кätе ýalňyzlyкdа оtursаm özüm,
Кätе gаhаrlаnyp, çytylsа ýüzüm,
Кätе uкym gеlip, ýumulsа gözüm,
Tеşnе ýurек jеmаlyňа suwsаýar,
Gаrа gözlim, göwnüm sеni кüýsеýär.
Görеşlеrdе gujur bilеn bаtlаnsam,
Üýşmеlеndе аlкyş bilеn ýatlаnsаm,
Аrzuwlаrym gögе gаlyp şаtlаnsаm,
Ýa-dа hаsrаt ýürек-bаgrym gyýsа, ýar!
Gаrа gözlim, göwnüm sеni кüýsеýär.
Bаhаr gеlеr, güllеr bilеn şаtlаnyp,
Sеýrаn etsек bаýyrlаry аýlаnyp,
Акjа bulut «Ýagsаmmy» diýip оýlаnyp
Çаbgа gеlip, suw-sil edip guýsа, ýar,
Gаrа gözlim, göwnüm sеni кüýsеýär.
Mеýdаnа ýazlypdyr bаhаr hаlysy,
Gеl, bilе кеşt etsеň ýaкyn-аlysy,
Mаňа аt gоýdulаr: «Yşкyn dälisi».
Mеn nädеýin ýürек şеýlе söýsе, ýar!
Gаrа gözlim, göwnüm sеni кüýsеýär.
halyl kuly
-
mazmun
16 years ago
- Erkeklik modadan gaçýar diýýärmiň?
Şondan elhenç zady görüpmi jahan.
Erkek erkekligin ýatdan çykarsa –
Onuň janyn gynap alarmyş ajal.
Erkek diýmek – Mertlik, Dereje, Buýsanç,
Töwekgellik, Gaýrat hem Lebizlilik.
Özüňi dograndan özgäň öňünde
Ýallaklamazlyk
Hem egilmesizlik.
Erkek diýmek – Akyl, Güýç hem Parasat
Hem agraslyk hem azajyk dälilik.
Ol Alty Garlylyk, Kerbabaýewlik,
Sahy Jepbarlyk hem Mylly agalyk.
Diýmek –
Goja ýaşda däli juwanlyk
Hem şol ýaşda
Päk neresse çagalyk.
Erkelik syganok belli bir kada.
Ne galypa sygýar, ne-de bir moda.
Hem-ä şahandaz ol,
hem asylzada.
Hem-ä çylşyrymly hemem iň sada.
Bir ganaty ýerde, biri howada.
Eýlesi, beýlesi ölçegli bolsa –
Erkek bormudy ady?!
Erkek diýen zat – ozal-ahyrda
Gybata, galplyga ulaşmasyzlyk.
Erkegiň erkege ynanan syryn
Erkek däller bilen paýlaşmasyzlyk.
Erkeklik diýen zat
çin däl, mertebe.
Erkeklik diýmeklik – erklilik diýmek.
Diýmek, ol –
Diňe bir göbegenäň däl,
Hem ataň elinde towlanan göbek.
Erkeklik – il-günden ýeke çykmazlyk.
Erkeklik – şägirtden gorkmazak mertlik.
“Ýeňlen halypadan ýeňen şägirde...”
Diýip, awtografyn ýazan ägirtlik.
Erkeklik –
üzümleň hoşasy kimin
bir mazmunly, dürli reňkliligimiz.
Ol biziň şu günki lebizliligimiz
Hem lebizlä ertir gerekliligimiz.
Lebizsizi bolsa, iň bolmanynda
Öňküden azajyk lebizli etmek.
“Düzelmejek adam bardyr!” diýseler
Şoňa öleňde-de ynanman gitmek
kerim şahyr
-
mazmun
16 years ago
- GALYP MEN
Jahyllygyň joşy çykdy başymdan,
Men ol joşdan haly bolup galyp men.
Bir gama ulaşdym, gitdim huşumdan,
Bu dert ile doly bolup galyp men.
Başym ýüz höwesde, köňlüm joşgunda,
Girdaba düşüp men däli daşgynda,
Nežd dagynda gezen Mejnun yşkynda
Ýanar otly Leýli bolup galyp men.
Ýigitlik paslyny gyşa ýetirdim,
Kämillik kiştisin derýa batyrdym,
Beýik pikre galdym, aklym ýitirdim,
Il içinde däli bolup galyp men.
Bu dünýäni göçüp bargan göç bildim,
Işini bet aňdym, özün puç bildim,
Öňün oýun gördüm, sonun hiç bildim,
Tirik erkek, öli bolup galyp men.
Magtymguly, paş eylegil sözüňni,
Pelek muşty häk etmeýen gözüňni,
Bu wagta deň ýaş bilerdiň özüňni,
Imdi gör, bak, uly bolup galyp men
MÄTÄÇ EÝLEME
Kadyr jepbar, senden dilegim kändir,
Sen meni namarda mätäç eýleme!
Hazynaňdan bergil meniň ryzkymy,
Bendäňi bendäňe mätäç eýleme!
Azaşdyrma dogry ýolum egrige,
Egrini deňleme hergiz dogryga,
Kişi maly nesip etmez ogryga,
Halaly harama mätäç eýleme!
Ýagşy niýet – senden dilegim köpdür,
Ajy sözler dilden çykan bir okdur,
Doganyň dogana bahasy ýokdur,
Agany inige mätäç eýleme!
Magtymguly, hakdan dile baryny,
Dilär bolsaň, dile öz imanyňy,
Abat eýle iki gözüm nuryny,
Sag gözüm sol göze mätäç eýleme!
MAL ÝAGŞY
Adam bolup adam gadryn bilmeýen,
Ondan ýene otlap ýören mal ýagşy.
Sözlegende, söz manysyn bilmeýen,
Ondan ýene sözlemeýen lal ýagşy.
Hudaýym saklasyn şerden, gahardan,
Minnetli aş ajy bolar zäherden,
Eý, ýaranlar, bir bazarsyz şäherden,
Ondan ki bir güwlap ýatan çöl ýagşy.
Her kimiň özüne Müsürdir jaýy,
Ýadyndan çykmaýyr baýramy-toýy,
Jan saglygyň bolmaz hiç deňi-taýy,
Agşam ýatyp, ertir şükrüň kyl ýagşy.
Magtymguly, sözlegil sen her bapdan,
Bu dünýä tutdurmaz, çüýrükdir düýpden,
Aňyrsy gelmeýen gury, bad gepden –
Ondan ki bir şuwlap öten ýel ýagşy.
-
alatayturk
15 years ago
- Hudag bizni yaratkan
hamme yarga karatgan
kiz Balalar aciz dap
Ogullarni yaratkan
-
kombat
15 years ago
- hudag kimgi yaratmagan?
hemme yarga karatmagan?
ogunmege ne hakkyn
o ne millat ogulsyz?
-
ýadan.
15 years ago
- Beriň!
Goŷ,gyzdyryp dulugym,
Müŷnümi gaŷdyp beriň!
Bigünä oglanlygym,
Düŷnümi gaŷdyp beriň!
Ŷollarda hozanagam,
Çar ŷanym gözenegem,
Agypdyr ezenegim,
Donumy gaŷdyp beriň!
Biweçler başa bela,
Bet işlere mübtela,
Jeset aglar “rebbena”,
Janymy gaŷdyp beriň!
Uwundygym kyssaňdyr,
Düwündigim tüssäňdir,
Sygyndygym Yslamdyr,
Dinimi gaŷdyp beriň!
Tilsiz men,çykmaz dadym,
Mahluk men,hany ŷadym,
Owal başdan adamdym,
Çinimi gaŷdyp beriň!
Ykbalyma
Ykbal saňa arzym bar,
Arzymy inkär etme!
Gör,kimlerde karzym bar,
Hernä bergidar etme!
Hoşal bolup elimden,
Bagt tapaŷyn pälimden,
Azaşdyryp ŷolumdan,
Azana duçar etme!
Sanjy bardyr böwürde,
Bi kän gepli döwürde,
Ŷalňyş aŷtsam eger-de,
Ŷazgar günäkär etme!
Sallançakda üwräniň
Şondan ŷola ugranym,
Sowlan güni döwranym
Nadanlara zar etme!
Öňde baharym-gyşym,
Gowgasy kän bu başyň
İň soňkuja haŷyşym,
Bu maňlaŷy şor etme!
ş ä h r i b o s s a n
-
ýadan.
15 years ago
- mynajat
Eý, alla, eý, alla...
Dostdan eýledim heder,
duşmanymdan elheder,
Bu nä zaman, eý, alla,
Aman-aman, eý, alla!
Aglap aýdan mynajatym
senden gaýry kim eşider?!
Haramyň haky tylla,
Halalyňky hyllylla!..
Hyllylla!
Hyllylla!
Ykbalsyza medet ber,
Ykrarsyza messep ber,
Ynsapsyza mesheb ber,
Kanagat ber, sabyr ber,
Eý, alla, eý, alla,
Mundan artyk çydara
Ýogsa daşdan bagyr ber!
Galandar bolaý diýsem,
gider ýaly ýolum ýok,
diwana bolaý diýsem,
nädip göwnüm awlaryn,
Düýn piweden gähnän ýerim
bu gün metjidim sanyp,
taňrym saňa sygynyp,
ýeri, neneň aglaryn?!
Eý, alla, eý, alla,
Indi sensiz hyllalla,
Indi çensiz hyllalla.
Melgun bolan gülleýär.
Öňümden çykýar şeýtan:
Sag gözünde gülle bar,
Solunda bolsa tylla...
Ak bäbegin kerçedip düşürşi deý jelebiň,
Ýok etdiler ruhumyzdan ýetmiş ýylda seni alla!
Ynha indem diýýärler, bulaşdyryp kelebin:
Ynansaň, halha, allaň,
Ynansaň, metjit, halha!
Gyz-gelin halal bolsun,
Ýigitler aman bolsun,
Bir ajap zaman bolsun.
Delalat ber entäne.
Maňa köp zat gerek däl,
Umyt bir ber ertäme,
eý,alla, eý alla!
Eý, alla, eý, alla,
Alamat ber, nirde sen?
Ýogsa taňry etjekler uçýan-uçmaýan jamy.
Kalbym – taňryň metjidi,
öz ornuňa gir-de sen
Köwsana gursagymda mesgen tutan şeýtany!
Eý, alla,eý ,alla,
-
ýadan.
15 years ago
- yokarky mynajat nobatguly şahyryňky.
baryp 1990-njy ýyllarda ýazylypdyr.
-
ýadan.
15 years ago
- ***
Türkmenim,
Kim goşdy yzyňa “stan” sözüni,
Kim üçin “stan” sen,
kime düşelge.
Sen meniň watanym,
Sen meniň ýurdym,
Kimler gider, başyňa iş düşende,
Kimler geler,
gündiz uwlasa gurdyň.
Meniň senden gidip biljek ýerim ýok,
Sen baý bolsaň baý men,
gedaýmyň-gedaý!
Sende türkmen bolup dünýä inenme
Buýsanýaryn,
meni ýalkapdyr hudaý.
Türkmen bolup ýaşaryn seň üstüňde,
Buýsanyp gadymdan gelýän aslymga.
Türkmen bolup ýatmak miýesser etsin
Eý, türkmen topragy, seniň astyňda...
nobatguly şahyr
-
abcxx90
15 years ago
- govy gosgular.
-
ýadan.
15 years ago
- DERT BILEN
Gel, köňül,başyňny çykar dumandan,
Ýeke galdyň gam öýünde dert bilen.
Namart bilen uzak ýola gitmegil,
Baş goşawer bir töwekgel mert bilen.
Çyn ärler iblisiň ýoluna gitmez,
Mynafyklar hakyň emrini bitmez,
İman bilen şeýtan bir öýde ýatmaz,
Niçik mydar tapar goýun gurt bilen.
Jan şährinde ajal guşlary ýaýlar,
Köňlümiň derýasy möwç urup gaýnar,
Gäwdar ogly doňuz bilen it oýnar,
Beg balasy sadranç oýnar nard bilen.
Çyn aşyklar bolmaz tilde käýini,
Muny bilgil, ykrar saklar imany,
Ýakyn gelse ahyrzaman eýýamy,
Dawa artar, ant içerler şert bilen.
Pyragy diýr,ýedi yklym, çöl galar,
Ne han galar, ne beg galar, gul galar,
Ne dag galar, ne düz galar, il galar,
Deçjal çykar, tersa jöhit, kürt bilen.
magtymguly
-
Rowshen-Jm
15 years ago
- Malades ýadan! Käwagt magtymgulynam ýatlalyñ
ihlasxs 16 years ago- tuveleme dostum!!!