hormatly talyplar! daşary ýurtda okaýan ýaşlarymyzdan çeper kitaplary okaýanlar we ony endik halyna getirenleri kän. şu soragym çeper edebiýatyň muşdaklaryna: siziň pikiriňizçe, biziň döwürdeş türkmen ýazyjy-şahyrlarymyzyň hem söýülip okalmagy üçin haýsy temalarda eserler döretseler ýerine düşer?
çeper edebiýat
-
mazmun
16 years ago
- internetde gezmeläp ýörkäm çeper edebiýatyň ähmiýeti barada şu makalany tapdym. sizem okap görüň!
KITAP – DURMUŞYÑ TÜMLÜGINI ÝAGTYLDÝAN OTDUR!
Çeper edebiýatyñ adam añyna edýän täsirini adat ölçeg bilen ölçäp bolmaýar. Sebäbi edebiýat adam añy, onuñ iñ inçe duýgulary bilen iş salyşýar. Adamzadyñ añ-düşünjesiniñ ösüp, şu günki derejesine ýetmeginde çeper eserleriñ rolunyñ ägirt uludygyny hiç kes inkär edip bilmez. Çeper eserleriñ adamynyñ duýgy-düşünjesini kämilleşdirip, oña durmuşda dogry ýoly saýlamaga kömek edýänligi ikuçsyz. Çeper sözüñ güýji türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanyñ meşhur ”Kitap” hekaýasynda örän aýdyñ görkezilýär.
”Kitap” hekaýasynyñ baş gahrymany, durmuşyñ agyr keşigini egninde çekip ýören ýönekeý gumly türkmen bir gezek oba gelip, öz tanşynyñkyda düşleýär. Ol öýde şol gije goşgy-gazaly söýýänler ýygnanýar we Magtymgulynyñ goşgulary okalýar. Gumly türkmen ol goşgulary uzak gije demini alman diñleýär. Goşgularda öz derdine duýgudaşlyk tapýar, olaryñ hut özi üçin ýazylan ýaly şeýle mähremdigine, ýürekdeşdigini görýär. Ol dünýä ineli bäri durmuşyñ agyr ýüküniñ astynda, emma öz derdini, arzy-halyny beýan edip bilenok… Ol öz ýüküni edil gumdan idip gelen düýesi ýaly sessiz-üýnsüz çekýär. Şeýdibem ol ahyr bir gün bu dünýäden ötüp gitmeli. Ol öz derdini hiç haçan bu dünýä düşündiribem, agyr gussasyny söz bilen beýan edibem bilmez. Emma, ynha, bu kitapda kimdir biri, hamana, gündelik onuñ ýanynda gezip ýören ýaly, onuñ ömür kyssasyny ýazypdyr. Bu sözleriñ, bu şahyrana setirleriñ güýjüni diýsene!..
Sada türkmen ýigidi bu waka haýran galyp, añyrsyna çykyp bilenok. Ömründe birinji gezek öz derdiniñ ýazmaça beýanyny diñläp, uzyn gije uklap bilenok. Ertesi irden ol: bu kitabyñ bahasyna pul ýetermikä? – diýip, öý eýesinden soraýar. Onda golýazmanyñ eýesi degşip: bu kitabyñ bahasy köşekli düýe bolar – diýýär. Gumly türkmen ol kitaby şol bada Hudaý bilen aradaky ýeke-täk köşekli düýesini berip, satyn alýar. Çeper edebiýatyñ güýjüni şundan gowy beýan etmek, belki, mümkinem däldir?
Edebi eserler aýratynam ösüp gelýän ýaş nesliñ duýgy-düşünjesine örän güýçli täsir edýär. Her döwrüñ öz söýgüli, meşhur kitaplary, edebi gahrymanlary bolýar. Her döwür özüne mynasyp kitaplary öñe çykarýar. Kitap – durmuşyñ tümlügini ýagtyldýan otdur! Çeper edebiýatda adamzadyñ durmuş tejribesi jemlenýär. Ol tejribe diñe bir akyl-parasatdan ybarat däl, bahasyna ýetip bolmajak ägirt uly duýgy tejribesini-de öz içine alýar.
Kitabyñ terbiýeçilik roly agzalanda, elbetde, muny ýöntem göz öñüne getirmek bolmaz. Çeper edebiýatda: ”Eýtseñ – gowy adam bolarsyñ, beýtseñ – erbet adam bolarsyñ!” diýip, gönümel akyl öwredilmeýär. Oña derek edebi gahrymanlaryñ ykballary arkaly ýagşy bilen ýamanyñ arasyndaky tapawut görkezilýär. Şol tapawudy okyjynyñ özi yzarlamaly, seljermeli, tapmaly, anyklamaly. Ýagşa eýerjekmi ýa-da ýamana – muny hem okyjynyñ özi kesgitlemeli.
Kitap okamagy söýýän adamlaryñ hemmesi çeper eserlerdäki ýagşy adamlaryñ göreldesine eýerýändir öýtmek, türkanalyk bolar. Eger kitap okaýanlaryñ hemmesi uçdantutma ýagşy göreldä eýerýän bolsadylar, onda dünýede erbetlik galmazdy! Erbet adamlary barmak basyp sanaýmaly bolardy. Emma durmuş hemişe çakyñdan çuñ, çylşyrymly hem köptaraply, ol gapma-garşylyklardan doly. Iñ gowy kitaplardan iñ erbet gahrymanlary özüne görelde edinýänleriñ hem bardygyny unutmaly däl. Sebäbi çeper kitaby okamak – kim üçin dünýä akyl ýetirmegiñ, kämilleşmegiñ usuly, kimler üçinem – diñe güýmenje.
Adamlara hakyky çeper eserleri, beýik şahsyýetleriñ ýazan çuññur manyly kitaplaryny okamaga mümkinçilik döretmek – bu durmuşda ýagtylygy artdyrmakdyr, görüpligi, dönükligi, ikiýüzliligi, ýaranjañlygy, namartlygy, gepiñ gysgasy – tümlügi burça gabamakdyr
-
Belle
16 years ago
- bashdan gechirmeleri koprak goshmaly, bolmasa derya shol bir akymynyng ugruna gitse gyzygy bolanok, umuman hazirki dowrung problemalaryna we adamalryng durmushuna yakyn temalar bolsady.
Men Hydyramangeldining "dogulmadyklaryng portredini" okadym, ana yaman gowy eken, gyzykly, temada shu dowre degishli!
-
mazmun
16 years ago
- Belle,minnetdar.pikirleriň üçin sag bol.
ol diýýan eseriň internete goýulypmy. eger goýulan bolsa salgysyny bersene.
-
1merdan
12 years ago
Adamlara hakyky çeper eserleri, beýik şahsyýetleriñ ýazan çuññur manyly kitaplaryny okamaga mümkinçilik döretmek – bu durmuşda ýagtylygy artdyrmakdyr, görüpligi, dönükligi, ikiýüzliligi, ýaranjañlygy, namartlygy, gepiñ gysgasy – tümlügi burça gabamakdyr
mazmun | 2008-12-19 07:40:22
behhh şeýlemikäneý???
-
heartbreaker
12 years ago
- kabir yash shahyrlar yada yazyjylar duybunden unsuni cekmeyan zatlary yazyarlar. goshgy yazanlarynda hic kapiya gelenok, yada yazgy yazanlarynda biderek zatlar barada yazyarlar. onkilerden yagny gecmishde yashap gecen belli adamlardan gorelde alyp yazsalar hokman okarys!!
-
heartbreaker
12 years ago
- kabir yash shahyrlar yada yazyjylar duybunden unsuni cekmeyan zatlary yazyarlar. goshgy yazanlarynda hic kapiya gelenok, yada yazgy yazanlarynda biderek zatlar barada yazyarlar. onkilerden yagny gecmishde yashap gecen belli adamlardan gorelde alyp yazsalar hokman okarys!!
-
Raimend
12 years ago
- Bizä mekdepde magtymguly,seydi,zelili,b kerbabayew,k gurbannepesow,g ezizow....we yene-de köp köp sowet edebiyaty $ahyr yazyjylarynyñ eserleri bn ulaldyk,yöne $uwagtky okuwcylarymyz täze döwúr $ahyr yazyjylarymyzyñ eserlerinden habary barmyka diyyän ,edebiyat kitaplarymyza haysy täze ya$ yazyjylarymyzyñ ceper eserleri,go$gulary girizildikä (gyzyklanyan.menä gözel $agulyyewadan ba$gasyny bilemok)
Erkin666 16 years ago- men-a manylyja, erkin pikir bilen yazylan ahli zady elime geçse okajak.
Nirden tapyp bolyar bilyanizmi umuman türkmençe kitaplary??