Şeyle yüregiñi saplap geliji sözler welin şol wagt şol yerden uzaklaşmak isledim. Ol gün işdekäm gapydan gar yagyanyna begenip gözümi ayyrman garyñ haysy tarapa öwüsyänini, näme experiment etsemkä(synanşdym yöne amala aşmady) we nädip şeyle üytgeşik dürlü-dürlü şekilleriniñ bardygyny düşünüp durdym…(hawa hemme zady chaga misli soraglarymyñ bary ayrylman geçyär kellämden. Nädeyin kiçiligimde berilen soraglara jogap alynmansoñ ya da diñlenilmänsoñ indi adam boljak bolyanda:))

Birdenkä bir goja eli hasalyja astajykdan yöräp gelyärdi. Yolda 20minutdagy durdy öyûdyân sagada üns hem bermändirin… çilimini otlady biri gutarmanka ikinjisini yakyardy. Beeeehh beyle dertlener yaly durmuşda näme yaşadyñka??Kim azar berdikä??Nämeden närazy bolup beyle tüsseledip durka?diyip içimi hümmüldetdimde dogrymy aytsama özümem yanyna baryp goşulasym gelipdi☹️. Işdäki uborşitsa dayzajan aşak düşüp çay getirip berdi welin çayyñ dumanyny görüp bir toba etmek geldi içimden:D. Dayza bir salym yanymda otyrdy ikiçäk gürrüñ etdik. Kämahal adamlaryñ gözleriniñ içine seretsem näme hadysalar başdan geçirenlerini şeylebir syzyan welin gürletdigimçe sorag beresim gelip ugrayar. Dayzanyñ yarowsyz oguljygy bar ekeni yekeme yeke bolmasada gürrüñ bermäne başlady, soñ rugsat alyp öylerine barmak isledim boş günleri:) Yok diymedi sagbolsun. O çagajygyñ yüzündäki bir nury taryplap bilseem. Şeyle adamjyklary tanaap başlanym bäri çyndanam yüregimiñ doñdygyny we özümdäki kemliklerimi sazlamana başaryp bilmeyänime göz yetirdim. Çagajyk men baramda göni utanjyna gygyryp öz otagyna girmek bilen boldy:/. Belki indiki gezek öwrenşse saz çalyp bererin diyip dayzajana islegimi aytdym.

Soñ düşünyän welin ejesi bagtlymy bagtly, chagajyk bagtlymy bagtly(elbette yarowsyz bolmasy ony bagtly etmez belki yöne, ilerde miwesini iyjeginem göz yetyändir) 7.7milliyon adamjyklardan näçesi şeyledir hämii? Eysem biz öz kirli duygularymyzy atyp bilmeyäris. Ya da adamlaryñ daş keşbine seredip yazgarmakdan hiçzatçada görmeyäris.

Yene kiçi mysal: näçe mikrometer kiçi göwrümli öyüjükleriñ bedenimiziñ içki gurluşynda nahili hereket edişlerini görüpmüdiñiz?? Menä seretdigimçe özümiziñ yaltadagymyza we täsin situationlar oyandyrypdy. Hemmämiz o döwüri ätlemelimikäk diyyän… haçanda şeyle uly yürekli adamlar bilen empathy gurup başlamyzda bu duygulary yeñjegimize gözüm yetyär. Goja daya hem göräymäge yazgarandyryn welin yöne içimiñ pañlygy bilen şol bada özüm hem bar dertlerime seredip dert däldigine soñ düşünüp tüsseläp oturmak isledim.

Yene de shuny belläsim gelyär: Kim näme diyse diysin finalist bolan gowy düşünyän ya da düşünüp bilyän adamlar oryn alar!Sazyma ses goşjak uly yürekli adamlaryñ gözleginde:)

Taýarlan: Arslan Alaýew

Edebiýat, Arslanalayew tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir