Käbir agzalar ol ýa-da beýleki agzanyñ barlygyndan birahat. Näme üçin türkmen jemgyýetçiliginde dürli pikirlilikden gorkulýar. Öz pikir edi$iñ ýaly çemele$meýänler çetledilýär! Bu sorag däl ýöne bir ýüzlenme! Sebäbi jogabyny bilýämikäm diýýän. Asyrlaryñ dowamynda dü$ünjeden we pikirden mahrum edilen halk diñe idilip, dürtüp hereket etmäge endik etdirildi. Ynha-da $onuñ netijeleri. Birpikirlilik. Goý bond erkin pikirlenmegine dowam etsin. Goý ba$gasy öz ýolunda ýöresin. Wagtal wagtal men ata agasyna-da bir taraply çemele$meleri üçin ýalñy$yp ýazgardym. Goý olam öz dü$ünje ulgamy, pikirleni$ örüsi bilen "ba$gadygyny" görkezsin. Ýagdaýyñ $eýle bolmagy talyplar.com'y baýla$dyrýar. Dürli dürli bolsun emma geliñ bir nokatda bir çukura tüýküreliñ. *milli meselelerde*. Milletiñ $ahsyýetini kemsidýän sözlere jem bolup bir agyzdan jogap bereliñ. Ine meniñ biynjalyk bolan meseläm $ol. Türkmen taryhda diñe agzalalykdan ejir çekdi. Ýagdaýyñ $eýledigine garamazdan käbir agzalaryñ "o milletden" diýmeýi$i... Bolýa! Zyýany ýok. Bond'a $yltak atýan käbir agzalar diñe bir taraply çemele$ýän bolmaly. Sebäbi onuñ aýratyn gyzykly özbolu$lylygy saýty baýla$dyrýar. Men özüme gezek gelende welin bärde galmak üçin ýalbarmak ýa-da pozisiýamdan el çekmek niýetim ýok. Türkmeniñ sosial durmu$yna, türkmen jemgyýetçiligine, halkyñ edim gylymyna türk täsiri edil iriñ ýaly ynjalyksyzlandyrar. Ynha meniñ dünýägaraýy$ym, pozisiýam we öñe sürýän meseläm. Mydama $eýle bolar. Türkmende mertebe hemme zatdan bir ädim öñde bolmaly. $onuñ üçin men "galaýyn" diýip hiç kime ýalbaramok. Ýöne talyplar.com pikirlenmekde köpdürliligi esas alsa öz aktuallygyny we gyzyklylygyny dowam etdirer.
Tarapma tarap
-
Nokat
15 years ago
- Aslynda Ba$ga pikirde bolmak hiç kimi ynjalyksyzlandyrmaly däl!
-
Nokat
15 years ago
- Aslynda Ba$ga pikirde bolmak hiç kimi ynjalyksyzlandyrmaly däl!
-
bond
15 years ago
- howa nokad bu yerde galmak gitmek barada gurrun yok ,ony agzabam oturma,ata ,farabi ,gulshirin alijanowa oz pikirini aytdy bu yerde her kim pikirini orta atybermeli,eger ylalashylmasa chykyp gitmeli diyen zat yok ,gitmek bu eyyam ruhdan dushmek hasaplanylyar,kowar yaly olaryn oyune baramyzok talyplar com una geldik,bu yerdede her bir talyp oz pikirini aytmaga haky bar,okasy gelmeyan adamlar u/n onem aytdym bashga peydaly zatlar ozune peydaly zatlar bn meshgullanybersin ,hokman bara gelip indi natsemkam diyip yazgy yazyp yormesinde farabi sen inim sen oz ishin bn boluber pikirini yaz eger pikirlerin ejiz gelse hokman plany mana yaranok diyip yazgy chykaryp ,saydyn gyzygy gachdy gyzyk galmady diyip zeyrenip yorme,yaramasa yarayan ztlary gozle ,ata siz wagz ishlerini amala ashyryberin ,men siz bn ishim bolmaz oz okuwchylarnyza arkayyn agayunus gulshirin harmandali we sh,m dashynyza uyshirinde dowam edim balalarym dinlan ki adam sheyle bolyandyr diyip menion size azar bermerin farabi senem olary 2 para okat gezekleship sapak bermani dowam edin okuwchylary sizem unus bn sapak alyn dogry aydyanyz dana aga diyip,menin azarym bolmaz men chata menzesh bn onaryn ,bagyshlan men name diysenizem oz pikirim bn bir zat diymeli bolaryn gidesiniz gelse gorunman,yene aydyan konanam bilemok tazanam bu yer turkmen talyplar comy farabicom,ya atacom ya gulshirin com diyip yazylan bolsa men gatnashmanam bilerin,.....we ejenizin oyi yok islan geler islemedigem gider hachanda oz oyunize gelende ,gpynyzy achman bilersiniz labyzly okanynyz u/n men sizden minetdar.
-
jankaka
15 years ago
- birahat eden bolsam bagyslan diyjek bolupdur oydyan gadyrly yurtdasymyz wiy bagyslan dagdan gelenimiz oza turkmen men diyyar welin ony nadip bilip bolarka bu sayty ol zahmey cekip acdymyka ya bu sayt ucin name etdika hak meselesi untman halallyk meselesi yone bular ony bilyamika
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Bond! Degishgen oglan ekeniñ!
Agzybirje bolalyñ. Näçe täze agza geldi. Olar tema ashjak bolýarlar. Ýöne bärdeki agzazlalyk zerarly bize hiç kim ünüs bermez diýip ýörler. "Sen sheýle, sen beýle" diýip ýöne ýerden hokga çykarýañyz. Biri göwnüñe ýaramasa aýlanyp geçibermeli.
-
bond
15 years ago
- hich kime yamanlygym yok gelen agza gelibersin shu chaka chenli adamyn gownune degip ya sogup jogap beren yok ,ozleri kesek atsada gowy jogap beryan mysal u/n jankaka erbet yazgy yazdy men yazanlarmyn yzyndan men ona erbet jogap beremoga gordi bakdy,dostlaryna garashdy chagyrdy bar sesi bn oz dostlaryny olarzm gelmedi we gitdi bardy.sen taze agzalar diyip 1 tema ach ozim gowy girisher yaly jogap yazayyn gorkup oturmaz yaly.
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Meniñ köp dostlarym diñe çatdan bashga zat bilenokdylar. Men olary talyplar.com agza etdim. Olar giriship bilenoklar. Bärde näme hakda ýazylýanynam bilenoklar. "Näme bu taýy bir-biriñi ashak düshürmekmi?" diýýärler.
Bolýada dawalar çözülensoñ ýazarlarda. Peacee!!!!
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Meniñ köp dostlarym diñe çatdan bashga zat bilenokdylar. Men olary talyplar.com agza etdim. Olar giriship bilenoklar. Bärde näme hakda ýazylýanynam bilenoklar. "Näme bu taýy bir-biriñi ashak düshürmekmi?" diýýärler.
Bolýada dawalar çözülensoñ ýazarlarda. Peacee!!!!
-
bond
15 years ago
- yazybersinler name olaram talypdyr hich bir uytgeshik zady yok unus bermesin bu dawalara taze gelenlere ozim yol achyp bererin gorkup durmanda yazyberin ,pikirini aytmak bu ayyp zat dal ahli dostlaryn gyra chekilip oturmasyn nesip bolsa gowulashar basym onada az galypdyr,.
-
Maxat
15 years ago
- hawa, taze yyla hemme zat gowy bolar))
-
Nokat
15 years ago
- $eýle bolsun-da hernä..! Begendim-aý maxat! Sen ýañy düzeler diýdiñä. Juda begendim. Bolmasa, her kim akyl satyp aýlanyp ýör-how bärde. Düzelýän bolsa gowy onda $ol. Düzelsin. Täze ýyldan nesip bolsa tm.da pulam çaly$ýa. Düzeler. Düzeler. Içiñi gysdyrma.
-
Nokat
15 years ago
- $eýle bolsun-da hernä..! Begendim-aý maxat! Sen ýañy düzeler diýdiñä. Juda begendim. Bolmasa, her kim akyl satyp aýlanyp ýör-how bärde. Düzelýän bolsa gowy onda $ol. Düzelsin. Täze ýyldan nesip bolsa tm.da pulam çaly$ýa. Düzeler. Düzeler. Içiñi gysdyrma.
-
bond
15 years ago
- duzelmesina duzeler ,pulam chalyshyar diydin bu kone pullar sho durshuna durjakmysha esli wagt ,taze agza geler diyip pikir etme kone agzalar aylanar ichinde yene akyl torbasy bn.
-
Nokat
15 years ago
- Hahaha
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Bond! Degishgen ekeniñ. Sen aktýora dälsiñ?
-
ata
15 years ago
- Men hem 1-2 zat diýeýin:
1- Ýa görnüşimiz ýaly bolalyň, ýa-da bolşumyz ýaly görneliň!
2- Agzybir bolalyň!
3- Gyýbatdan, töhmetden, şyltakdan uzak durlayň!
4- Bilmeýän agzalarymyz barada ýalan-ýaşryk görlemäliň!
5- Agzalaň şahsyna ýetmäliň!
6- Ýok bolan "tarap tutma" häsiýetini özümiz döredip, başgalaryna ýapmalyň we agzalalygy goýbolsun edeliň!
Şulary we şuňa meňzeş gowy häsiýetleri
bize rowa görmegini Biribardan dilemek bn!
-
batyr
15 years ago
- beh dostlar diyyan-a, gati kelle almaşakli gürrünler başlapdir-a barde.
Hani ikjam durun kim kimin kellesini birinji aljakka!
türkmen hemme yerde türkmen.Bolşumizdan belli da.
Kimin name garayşi bolsa bolubersin hemmamiz türkmen yada rayatdaşlari. bir baydagin aşaginda durmagimiz yetmeyarmi agzibir bolmak üçin. Name üçin sen beyle, sen eyle bir gira goyamizok.
-
Bayram-Jm
15 years ago
- Agzybirlik bolsa bolýar.
Eger-de gäminiñ kürekçileri hersi bir ýana küreklese, gämi ýol ýöremez. Talyplar.com da shol gämi. Hemmämiz bir tarapa seretmeli. Ine shonda biz köp zady ögreneris, meseleleri çözeris.
-
Nokat
15 years ago
- Gaýtalap bu ýerde hem $ol go$gyny go$anymy köp görmäñ!
"Hakykatyñ hakydasy oýanyp,
Türkmene döwranyñ dolanan güni,
'Tatly' (!) a$pezleri (!) ýurduma gelip,
Sorýar türkmenjigiñ beýin ýiligni"
Beýinlerde gapmagar$y pikirler,
Çar ýana çapy$ýar çawrap, alñasap,
"Bir millet biz" diýýän murtly mekirler,
Beýinleri ýuwýar tasap, tara$lap.
'Lahmajun' ajydyr ýokmaz türkmene,
Me$hur 'tatly' a$a süýji, ägä bol
Bu gün "aga" düýn bardaky $ermende,
Beýinlere täsir pürkýär, ägä bol!
Ýañy baknalykdan dynan türkmenjik,
Ikoýly derdinýär ga$ap ýeñsesin,
Bir tarapda 'maklube' hem 'pidejik',
Bir tarapda derdi ýatyr milletiñ...
Düýn öýüñde hyzmat edýän pyýada,
Murtun towlap uçup gidýär ýurduna,
Baryp bajyñ hakda habar ýaýradýar,
Gazetlerden habar ýollap ýurduna...
Gaýrat et türkmenim saklap mertebäñ,
"TÜRKMENÇILIK" geler $oldur mertebäm. (nokat)
-
d_oguz
15 years ago
- nokat
yazyan zatlaryna oylanyp düşünsene hayyş
onsan ayt
kim
haysy
tarapda?
bizar boldum tarap tarap diyip yörmeginize?Bize agzybir bolmagymyz üçin türkmen bolmagymyz yetmeyarmi name?Namane gerek sen şu sen bu diyip gezman.Dürlü dürli pikirlere hormat goyup bilmesen onda sende kemçilik bar diymek?we senin yaşajak işlejek yerinde de kemçilik boljak diymek..Name edyanimize mena düşünemok..İller name edya biz haysy döwürde..
-
ata
15 years ago
...İller name edya biz haysy döwürde..
d_oguz
Ägä bol, Rejepmyrat! Birden senem:
Bu gün "aga" düýn bardaky $ermende,
Beýinlere täsir pürkýär, ägä bol!
ýüzlenmesine* duçar bolaýma :)
*Maňa diýdimikä diýýän men-ä?!
-
kombat
15 years ago
- mendenem bir teklip:
ýazylan hemme zady özüňe çekmejek bolmaga çalyşyp görmeli.
-
ata
15 years ago
- kombat, dogry aýdypsyň - minnetdar!
-
Nokat
15 years ago
- Ata, men ol setirleri saña ýazmadym ýöne $olar ýaly "aga"lar bar. Men $olary göz öñünde tutdum. Ýogsa-da go$gy türkler barada barýar ahyryn! Sen näme üçin ony özüñe çekýäñ? Sen hem meniñ örän eziz hasaplaýan türkmen milletimden dälmi näme?
-
Nokat
15 years ago
- Ata, men ol setirleri saña ýazmadym ýöne $olar ýaly "aga"lar bar. Men $olary göz öñünde tutdum. Ýogsa-da go$gy türkler barada barýar ahyryn! Sen näme üçin ony özüñe çekýäñ? Sen hem meniñ örän eziz hasaplaýan türkmen milletimden dälmi näme?
-
ata
15 years ago
- hmm, men ýalňyşypdyryn onda. Begendim şeýle däldigine! Minnetdar!
hmm, eredim-ow "eziz milletimizden" zat diýipsiň welin. :)
-
Nokat
12 years ago
- Nyatjek yakany goybermeseng nyame bolmasa!!!
-
turkmenntug
12 years ago
- nokat agañam 2011 e gelip "nätjek-i"- "nyatjek", "näme-si"-"nyame" bolupdyrda...
Govy movzuk.
Nokat 15 years ago- Siz ba$ga pikirde bolsañyz ol meni ynjalyksyzlandyrmaz. $oñ üçinem you are welcome!