Salam oglanlar we gyzlar. Menem in ansat bolan öz durmuşym bilen baglanşykly birzatlar yazmany makul bildim. Yakyn wagtda nesip edenden menem 4 ayaklılar sürisinin bir agzasy bolmakçy. Şu süra agza bolmak barada gapyma direyança pikirlenmandirin. Yaşym intak yaş diyip ölümi pikirlenmeyişim yalak. Wagt geçyar, hatda wagt öran çalt geçyar we ol günem bosagada eyyam. Öylenmakan, köp zada tayyar bolmalı bolyan. Kerim agan goşgısında yazılan \"toy enjamlarını\" yıgnamakdan başlap pikir tarapman, moral tarapdan tayınlanma çenli uzap gidyar. Men Türkmenistanda bolmamson, toyın aladası kan mana yetmedi. (sizede aladasız toy nesip etsin:) ) Yöne şonda da azda kande aladası yetyar, yüzük alıp barmak, toyda bezelere oduk buduk almak yalak. Yöne bular kiçi zatlar eyyam. Esası tayyarlık moral, ruhy taydanmıka diyyan. Ka wagt özüme öylenmek üçin tayyarmı yada daldigimi soramda jogabı bermekde kınçılık çekyan. Toy etme kararı mundan bir yıl ön alınanı üçin şona beynimin özüni ögrenişdirendigine ynanayyan. Bu karara gelmakan köp yollardan geçmeli bolyan. Öylenjek kişini tanamak, on dogrılarını ve yalnışlarını kabul edip bilmek. Ysnyşmak. We in esasılardan biri bolsa, öylenjek kişine öz geçmişini dogrı aydıp bilmekmika diyyan. Bütün \"etmişlerini\" dürüstlik bilen aytmak. Bu elbetde ansat zat dal, yöne aytmak dogrısımıka diyip pikir edyarin. Bu yolları geçenson, toy gelyar. Türkmenlen toyı, medenyeti barada yeri gelende pikirimi aydıp geçmek govı bolarmıka diyyan. Men Maryly, beyleki yerlerde nahilidigini bilmamson, öz yaşayan yerimde toyun bolup geçişine görarak yazyan.(Mısal üçin Çarjewde Marıdakı yalak dal) Bizin yanda toy 3 gün bolyar. Ve ortaça maşgala toy üçin (3 gün üçin) 2.000$ sovyarlar. Gyz tarapada ortaça 3000$ berersin ve jemi 5000$ bolyar. Berilen 3000$-inem 2000 si toya gider 1000$ gyzyl pyzyl bilen gider. Türkmenistanda yaşayan bir kişin ortaça aylıgı naçe $ ? Hazir men Türkmenistanda işlan bolsam men Aşgabatda ortaça aljak aylıgım 300$ Mun 100$ hökman sovarsın. 200 in govı yagdayda aylık yıgnap bilersin. Onda egin eşik zadam içine goşsan yıllık 2000$ jemlap bilyan. Ve şeydip 2.5 yıl işlap 5000 jemleyan. Olam 3 günde hiç yere gurut bolyar! Name üçin biz toy etman şonı öylenen yaşlara sindirip bilemzok? Name üçin heniz hem biderek harakterlerimizi taşlap bilemzok diyip sorasım gelyar ?! Sizinki yalnış, edyan zatlarınızı goldamok men ol pulları özüme sogjak diyip biljek yürega yok mende :) Edip biljek bar bolsa da menden goçak bir \"berekella\"! Bu gereksiz zatları uzatsan uzadırbermeli elbetde. Düşünmek islesenem düşünip bilmeyan yerilerim kan bolyar. Natjek, İller şeytyar menem şeyle. Döwür şeyle döwür!

Köneler, guych tarapyndan 11 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir