Ynsanyň dilinde bolsady erki,
Dünýe arassa bor, galpdan belki.
Galp gürrüň, başymyzyň belasy
Galp üstün çykýar, dostlukdan çünki.

Ynsanyň ýüregi päk bolsa belki,
Dünýe arassa bor, zulumdan çünki.
Zulum bilen maşgalalar dargady,
Zulum mahrum edýär, bagtdan erki.

Ynsanyň kalbynda bolsa imany,
Bu dünýe bolmazdy, asla bimany.
Bimany ýapyşýas, ömür tanapdan,
Şeýdip gaçyp barýas, ebedi tapdan.

Gel dostum, durmuşa goşant goşaly,
Bu durmuşda at galdyryp geçeli.
Çünki adam ýöne ýere doglanok,
Çünki adamdadyr, dünýäň jedeli.

09.04.2021.ý.

Awtor: Çerkez BAÝLYÝEW.

Edebiýat, Mr.WriTer tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir