Akja kepderi goýnuňda uçdyk,
Ýelekleri ak bolup gollarda galsyn.
Misli bir pursatda ýagan ýagyşdyk,
Damjalan damjalar güllerde galsyn!


Ýoluňda ýykylsak ýene-de galdyk,
Bir-birege gol berip dostluk gurduk,
Käte-käte jahyllyga uýardyk,
Mugallym sözi dillerde galsyn!


Ýatlasak bahary, ýatlasak gyşy,
Göwünler galkynar, ýüregiň daşy,
Mekdebim deňärin nurly Güneşe,
Owazly aýdymlar ýellerde galsyn!


Çagalygym sende, ýaşlygym sende,
Ikiligimiz sende, bäşligimiz sende,
Gadryňy bilmedik belki biz günde,
Şol ýalňyşlyklar ýyllarda galsyn!


Yza dolap bormy ilkinji jaňy?!
Başaryp bolsa kän dolajak ony,
Kän pikir etdim, atardym daňy,
Şol süýji arzuwlar ýyllarda dolsun!


Bilbiller saýranda dagda-derekde,
Hemmä nobat ýeter gezek-gezekde,
11 "A"-lar aýdar, ýatlars uzakda,
Mekdebiň jaňy ýatlarda galsyn..!


Awtory: Babahan Agabaýew

Edebiýat, Arzuwum tarapyndan 4 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir