Salam hormatly agzalar. Köp wagtdan bäri saýda giremokdym. Ýöne tankydyň gerek ýerinde arada bolmasaň düzgün bozulýar eken.
Umuman diýjek bolýanym "ZETRO2003" nikli agza görýän welin her ýerde şo bir ugur ulanýan eken. Men bu ýerde ony günäkärlämok. Diňe ýalňyş ýerlerini düşündirjek bolýan.
Bilşimiz ýaly ösüp gelýän her hili talantlarymyz, ýaşlarymyz, geljekgi umytlarymyz bar. Olar biziň geljegimizi parlatjak adamlar. Her Döwlediň parahatçylygy, ösüşi geljekgi nesillerine baglydyr. Meselem Çingiz han hem talantly adamlara degenokdy. Bir zat bilýän bolsalar olara hormat goýýardy. Sebäbi geljege ösüş gerekdi.
Indi şular ýaly ýaşlar, talantlar (Isle internetde ýada başga ýerde) bizde hem barka näme üçin biz olaryň öňüne böwet bolýarys ? Gysgaça, näme üçin böwet bolýaň ? Seň eneň-ataň saňa bil baglanokmy ? Geljegiňi alada edenokmy ? Etýändir. Näme üçin etýänini bilýäňmi ? Sen ýaly adamlaryň ýurdumyza parahatçylyk getirsin diýip etýärler. Onda sen eneň-ataň ýerine ýetirýän zadyny näme üçin ýerine ýetirip bileňok ? Hem realda däl wirtualda ýerine ýetirip bileňok. Näme üçin ? Ýurdumyz ösmesinmi ? Döwletimiz internet ugry boýunça ýerini almasynmy ?
Eger sen geljegimizi alada etmeýän bolsaň, her saýda at dakýan bolsaň, talantlaryň ýoluny ýapýan bolsaň, bagyşla welin seňki görüplikden başga zat däl. Sebäbi bir oglana däl, bir gyzyň eserini, işini kiçi görýän bolsaň muňa näme diýmeli ? Hem özüň dizaýner ekeniň. Programist ekeniň. Gaýta beýle bolsaň sen ýalylar at dakmaly dälde gowy baha bermeli, ugrukdyrmaly, "şuny ony et" diýmeli. Sen bolsa "Saýt haçan ýapylýar" diýip soraýarsyň. Beýle etseň hijem geljegimiz gowy bolmaz. Sen özüňi köp bilýänsiň öýtýänsiň ýöne hiç zadam bileňok. Hatda terbiýe bileňok. Seniň pikiriň "Men saýt açaýyn, meňkiden gowusy bolmasyn" diýen ugur bilen ýöreýär. Seňkiden gowy saýtlar köp. Iň uly dizaýnerem sen däl. Iň güýçli programistam sen däl. Aýt diýseň Soltanow iň güýçli şuwagt. Kiçijek zatlar bildim diýip özüňe aşa baha berme. Dogrymy aýtsam seň saýtlaryň gaty pes. Hatda www.dostluk.ru, www.kitapcy.com, www.talyplar.com ýaly saýtlardanam pes. www.tasindunya.ru atly saýdyňa girýänem ýok. Umuman özüňi hemme zatdyr öýtme, sen hiç kim.
Biz ösdirmeli, biz döretmeli, biz ýasap biz oňarmaly. Ol zatlaryň başy hem ugrukdyrmakdan, terbiýeden gaýtýar. At dakmakdan däl. Aýdylan zatlary özüňe erbetlik hasap etme dosdym. Ýöne bagyşla welin görüplik maskaňy aýyr dosdum. "Sen" ýok, "biz" bar. Elmydama "biz" bolsak ýeňeris.
Lalijek gyz senem berekella saňa. Şonça geplere garamazdan öz saýdyňy ýöretmäni başarsaň has beýgelersiň. Sen biziň umydymyz. Sen biziň geljegimiz. Hatda bir gyzyň beýle zat başarmagy dogrymy aýtsam bizi begendirdi. Menem ýüzüm gülüp gitdi. Aperin saňa. Geljege seniň bilen bakýarys !!!

Täzelikler, Gutulmyş tarapyndan 6 days ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir