Meň köpden bäri sag aýagymyň dyzy agyrýar. Agyry birde peýda bolýar, birde ýitýär. Agyran wagtlary bir iki ýyllap agyrýar, köşeşen wagty hem edil şeýle, bir iki ýyla çekýär. Agyry kän bir biýnjalyk etmesede öz bardygyny bildirip durýar. Dyz agyryny bejerip bilýän lukman biziň çäklerimizde ýok bolsa gerek? Eýsem ol agyry lukmanlykmy bir diýsene? Men dyz agyry barada bir eýýäm unytdym, şu günlere çenli unytdym. Iň soňky gezek meň dyzym 2-3 ýyl mundan öň agyryp görüpdi. Indi welin şu ýylyň birinji fewralyndan başlap meň dyzym ýene agyryp başlady. Edil bir heläk edenok, ýöne güldüribem baranok. Meň dyz agyrym ýöne ýere başlamadygyny bilýän, oň öz boluşly sebäpleri bar, edil dyz agyryň başlamagy bilen meň oglum 10 ýaşady. Dyz agyry bilen meň oglumyň doglan güni gabat geldi. Eýsem buňa nädip düşünip bolýar? Meň bir gowy görýän ýazjym şeýle diýýär; —Eger çagada ýaramaz pikirler peýda bolup başlasa, oň ene atasynyň dyzlarynda agyrylar peýda bolup başlaýar. Çagaň ruhy bilen oň ene atasynyň dyzynyň arasynda nähili baglanşygynyň bardygyny men bilemok. Ýöne men mydama öz okan zadyma ynanýan. Yzyma seredip oýlanyp görsem, meň dyzlarymyň agyran ýyllary bilen oglumyň garagol bolan döwürleri gabat gelýär. Hawa, meň oglum diýseň garagol. Ýöne bu wagtky dyz agyry meň oglumyň garagollugy bilen hiç hili bagly däl. Bu dyz agyry meň oglumyň buýsanjy bilen bagly. Oglumyň doglan günine daýylary täzeje telefon alyp berdiler. Ol telefon meň öz ulanýan telefonymdan gowy. Onsoň meň oglymyň kalbynda entek hiç wagt bolup görmedik buýsanç peýda boldy. Hamala öz deň duşlaryndan diňe oň özinde şeýle telefon bar. Diýmek meň oglum özini başgalardan ýokary saýýar. Bu pikirler bolsa adam ruhy üçin diýseň zyýanly. Maňa oglumyň pikirleri aýan, şol pikirler üçin meň dyzym agyrýar. Oglumy öňüme alyp oňa bar zady düşündirsemem bolýar welin. Eger men şeýle etsem, dyz agyrsy edil telewizoryň öçürlişi ýaly ýitip gitjeginem bilýän, ýöne ogluma bar zady dogry düşündirmäge gerekli sözleri tapyp bilemok, (ýa-da ýaltanýan?). Tapynçam welin meň dyzym yzyny üzmän agyrar, maňa dünýäň iň gowy lukmanlary hem ýardam edip bilmez. Nähili düşünme kyn bolsada dünýede bar zat bir birine bagly. Kakaň eden işleri aýlanyp gelip ogla urýar, ogluň eden işleri bolsa aýlanyp gelip kaka urýar. Bu baglanşyk hiç haçan üzlenok, hatda men ölenimden soň hem oglumyň ýaramaz pikirleri maňa geler durar, ýöne dyz agyry hökmünde dälde dowzagyň ýalyny hökmünde…

Rahman Zulfikarow
Alnan çeşme - http://hekaya.clan.su/news/ysmayyl/2021-02-12-64

Makalany awtoryñ rugsadysyz paýlaşmak gadagan

Edebiýat, Perhat Sabirovv tarapyndan 3 years ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir