Okapdym bir ýerden: ençe ton howa
Üstümizden basyp duranmyş...
Ýogsam,
Ganat açaga-da, hakyt bizowal
Asman sary uçup gitjekmiş ynsan.
Saňa duşdum
Söýgi syçrap gözlerden,
Köňlümi kökensiz kökeren çagy...
Kirpikleriň bilen itip goýberdiň
Ýüregmiň üstünde kök uran dagy.
Süýşürdiň näzijek elleriň bilen
Hatda meni basyp duran howanam.
Bu niçiksi gudrat!
Bu niçik kerem!
Eý-ho, uçdum gitdim – göge rowana.
Çykdym Aý üstüne...
Aýak çilşirip,
Reňbe-reň Zemini synladym bir dem.
Dünýä häzir ikimize dahylly –
Gökde-hä bir men bar,
Ýerde hem bir sen.
Ýyldyzlaryň döwresine uçradym –
Düýşümmi, huşummy, aýdyň ahbeti!
Olar biziň ýyldyzymyz duşuryp,
Hakyt toý hakynda kylýar söhbedi.
Men derrew Zemine düşermen boldum –
Ganat edindim-de bagtyň buşlugyn.
Indem Adam ataň duýgusy bilen
Seni her ädimden agtaryp ýörün...
Ýaşaýyş başlanjak saňa duşdugym...
Kakamyrat Rejebow
Ýyldyzlaryň buşlugy
-
Pegas
3 years ago
- Gözel goşgy. Kakamyradyň ýumşajyk poeziýasy bar.
-
Nirvana
3 years ago
- Bu niçiksi gudrat!
Bu niçik Kerem!
Gowy goşgy👏
-
meri
3 years ago
- +++
A93 3 years ago- Şahyryň döredijiliginde iň gowy görýän goşgym.