Salam agzalar we myhmanlar gelin herkim ozunin bilyan turkmen gyzlarynyn gechmishde nahili bolupdyr, gahrymanchylyklary, namysy barada bilyan zatlarymyzy yazalyn hem-de hazirki dowurde nahili bolsa gowy bolar
Turkmen gyzy nahili bolmaly
-
bond
16 years ago
- dowam edyas ,garaz gechmishde olary gaty gowy suratlandyryarlar,erkekleri urusha iberip tylda galyp gormedik gunleri yok,namys diysen namysjanlygy ,asyllylygy sanasan sanabermeli ,muna seretmezden hazirki dowuri alyp gorelin gor olar name bolup galypdyr,gyz mashgalanyn dil gaytarmak hasiyeti 5-10 yyl mundan on yokdy shu wagtda kabir oglanlarymyz kimi aljagynam bilenoklar ynam wapshe galmady bu bolsa bizin daplerimizin yok bolup dessurlarmyzyn dargamagyna getirip otyr.in barkisi hazir shuna nahili baha beryannini gorersiniz.
-
galam
16 years ago
- bond nadip yetişyang. haysy blogy açsang hemmesinde ing songky jogap sengkile.
bond "beeş" diyen birining "akmak şakalyna" bir zat yazsana. men şo tayyk öz pikirimi yazdym.
-
galam
16 years ago
- bond yogsa da ekzamen nahili geçdi.gowudyr diyip umyt edyan.
-
bond
16 years ago
- gordim sen dine gowy ilki synlayan 10 olchap bir gepleyan oza gowy yerde ishleyane menzeyan ozam sen talyp dal.ona yazjak gelenok garashyp otyryn.
-
dertsiz
16 years ago
hindileriň gujagynda gezip ýör diýip eşitdim(her hindini shahruh öýtýändirlerdä),elbet-de yagdaýy umumylaşdyrmak dogry bolmaz yöne men näme göryän bolsam şony yazaryn, stambulda da yagday iç açyjy däl...
harkovdada seyle yagdaylar az dal,yone gayrat edelinde su gurruni goyalyn,ozumizi kemsidip oturmalyn(yuregmi agyrdya),her kim oz masgalasyna jogap berya.(suw pesi tapar,pis pisi diyipdirler)allajan adamyn zannyny gowy etsin,etjek gyz tm dada eder etjegni(gizlin edenden ac acan edeni hem gowmyka diyyan)in azyndan aljak adam tanap alar aljagny.onsonam turklen,hindilen,ruslang,ukrainlang oz gyzlary hem bizinkiden gowy daldigi cyn(umumylasdyramok)
-
Lider
16 years ago
- Gadymy Turkmen zenany tipi indi yuvash yuvash aramyzdan gyl sogrulan yaly yitip baryar.
Sebabi durmush kynlashdy.Erkeklen erki azda kanda elden alyndy.Yagny guych tarapdan dal eysem ekonomiki yagdaylar muna sebap boldy.
We elbetde ayal hem sheyle yagdayda erkinligini gazanyp bilyar.
Kabir erkeklenem gerre,tiryek arak yaly pes pişe edinendigi uchin gyzlar eger arimden ayrylshaymaly bolamda oz aladamy etmani bilmeli yaly dushunje doretyarler.
ve shon uchinem kichilikden okuwa,son yokary okuwa ondan sonam durmushda ishe bashlayarlar.
shol dovur ichinde kop okan gyz keypin namedigini hem owrenyar we sonynda dadyp gormek islap yzyny pikir etman soyushen bolyalar.bu olary zayalayar.sonynda ruhsyz gyzlar doreyar.bu bolsa ayal mashgalany peseldip yerin teyine sokyar.
Yagny hazir erkek-ayal denlendi.
ayal erkegin etyan zadyny edip bilyar
erkegem ayalyn etyan zadyny!
Muna dunyada erkek ayal denligi diyilyar.
Turkmenlerem bu denlikden tasirlenmezligi mumkin dal!
Lider
-
dertsiz
16 years ago
- Lider--edil yuregim bolayypsyn(umumy yazgyn)
Muna dunyada erkek ayal denligi diyilyar.
yone bu yagday ukrainada okamson hemme yerde gorsemde,oz geljekki masgalamda yada ogullamyn,agtyklamyn masgalasyndada hic aklyma sygdyryp bilemok,ylalasyp bilemok yada vyzhdanyma syganok
-
bond
16 years ago
- garash yazjak hazir.
-
bond
16 years ago
- turkmen gyzy sheylerak bolsa gowy:ayal mahirli, mylakatly yuwash asylly ,owadan,gelishikli ,dushbir,2 gezek dinlap 1 gezek gurleyan ,utanjan ,haybatsyz,dushbir,sylashykly,bolmaly sheyle bolsa ayalyn orny mashgalada gaty yokarda bolar,eger ayal(gyz)shularyn tersine bolsa bir sorag bersen 10 jogap gaytaryp dursa ,sesine bat berse, sylamasa, erkegin sozine bat bn gaytargy berse,dili 2 garsh bolsa,onda ondan turkmen gyzy bolmaz ,olar yewropalashan terbiyesiz haramzada bolarlar.onsanam hazirki wagtda gyzlar oglanlara soz aydyp bashlady.
-
leylisac
16 years ago
- turkmen oglany nahili bolmaly diyip hem tema acyň name ucin gyzlar hakynda her hili mowzuklar acylyar sonam bu meselede esasy maşgala bagly gyzyn yada oglanyn terbiyeli bolmagy ucin. ulalandan son gowy jora gowy dost tapmaly olaryn dogry ýol saylap almaklygy ucin turkmenlerde onden aydylyan nakyl bar.
yaman bilen yoldas bolsan yoran
yolun yitirer.
-
bond
16 years ago
- gelin gyz bizin tugumyz.
-
d_oguz
16 years ago
- dünyade turkmen gyzyna geljegi yokdur!
-
bond
16 years ago
- olar mukaddeslige owurmeli.
-
Lider
16 years ago
- Turkmen yorelgesini Turkmençiligi saklap bolsa onda elbetde turkmen gyzlary akylly bolarlar.
1.Eger Turkmenlerde turkmençiligi halka beyan edip biljek yaylym aydym saz propoganda bolsa.
2.Ekonomika yagdayy ylayyk bolsa.
3.Dunyanin tasirinde bolup turkmenlerde dunyade bolyan kabir wakalaryn yalnysdygyny turkmenlerde bolyan kabir zatlaryn dunyade yalnys hasap edilyandigini duşundirip bolsa.
yagny turkmençilik bilen dünyaçiligi bir biri bilen deneşdirip govy taraplaryny elekden geçirip hazirki zaman türkmençiligi döredip bolsa onda belki de Türkmen gyzy dünyade mukaddeslige öwruler
-
ata
16 years ago
- Kaýa tm, tüwleme, seňem ýaşyň ýetipdir öýdýän meňki ýaly :)
Meň öň goýan bir ýazgym bardy, mowzyk bn baglanşygy bolansoň, onam goýaýayn bärä:
"Magtymgulynyn onden gorujilik bn yazan shygyryndan:
"Wagt geler dogan dogandan gecer,
Demirler asmandan ganatlap ucar,
Zenanlar opusip, al sherap icer,
Her oyde bir tamdyr bolar yaranlar!"
Beyik shahyr, elbetde, muny garagoz Turkmen gelin-gyzlarynyn hemmesi ucin aytmady. Ol bu asyrdaky kabir Turkmen zenanlaryny sypatlandyrypdyr. Men oz obamyzda-da, Kerki(Atamyrat) shaherinde-de, Turkmenabatda-da sheyle yagdayi gordum. TC-de okayan talyplar bolup, kursdashyn toyuna gatnashypdyk, gyz yere barsak, sacagy sheyle onat bezapdirler, elbetde, birnace arak cuysheleri bn birlikde. Men oglanlaryn in ulusy bolamson, oglanlar delmuryp yuzume seredyardiler, men bolsa shol oglanlary begendirmejek mimika bn jogap beripdim, in son, gyzlardan biri:"A gyz, oglanlar erkeklik etmese, biz etmeli bolarys-da!" diyip yanky cuysheden birini alyp dyzaberdi, garaz acdylar we gyzlardan birnacesi icdiler.
Turkmen gyzlaryny kabirlerinin sheyle etmegine, elbetde, oran gynandym. Birinjilik bn beyleki tarapda jezalaryny cekjegini bilyan. Cunki Gurhanymyzda :"Ey, iman edenler(mana ynanlar)! Arak, pully kart, putlar ucin gurban edilen zatlar we pal oklary(pal ucin ulanylan zarik we sh.m.) sheytanyn myrdar ishlerinden bashga zat daldir. Olardan uzak durun ki (her iki alemde)sagadada(bagta) eye bolarsynyz. Sherap we pully kart bn sheytanyn etmek isleyan yeke-tak zady, sizin aranyza dushmanlyk we kin salmak, sizi Allany zikir(dileg) etmekden we namaz okamakdan uzaklashdyrar. Indi bulardan uzaklashdynyz, sheyle dalmi!?" diyip bize yuzlenilyar. Allah sheyle zenanlarymyza ynsap bersin!
Yone men oz TM zenanlarymyzy, umuman, sheyle tanayaryn we tanamak arzuw hem-de dileg edyarin, olar oran asylly, namysly, ynancly, wepaly, pedakar, nazenin. Bashga-da, menin yazmadyk enceme gozel ahlak, terbiye we hasiyetleri bar! Biribar bizin zenanlarymyzy hemishe shol hasiyet we ahlakda tutsun!
Bu yerde hem gyzlaryn hem-de erkeklerin kemcilikleri kop yazyldy, belki,onumizdaki gun we yillar ucin ozumize, klasdashlarymyza, joradyr dostlarymyza peydaly bolar diyip umyt we dileg edyarin!"
-
ata
16 years ago
- Ruhnamadan degişli ýerini bärä-de goýaýyn, enşallah, peýdasy bolar:
"Beýik Alla öz keramatly emri bilen Nuh pygambere birnäçe mukaddes sahypalary inderdi. Nuh pygamber olary öz neberelerine ýaýratdy. Mukaddes sahypalaryň mazmuny şulardan ybarat: «AHLAK ARASSALYGY». Onda şeýle sözler bardy:
«Ýigitlere — namys, gyzlara — uýat, garry enelere, gojalara —akyl, paýhas, agraslyk, gelinlere — asyllylyk».
Nuh pygamber neberelerine — ýigitlere gaýratlylyk, ruhubelentlik, mertebelilik, birsözlülik, işewürlik öwretdi. Şolara çirk ýetirilmegini namys hasaplatdy. Türk iman — Türkmen ýigitleri öz dogduk ýerine, dogan-tirelerine, ata-enelerine şek ýetirilmegini namys saýyp, göreşe giripdirler.
Nuh pygamber gyzlarynyň, gelinleriniň, garry eneleriniň tenini uzyn, giň köýnek bilen örtmegi buýurdy. Saçlaryny ýaglyk bilen daňmagy buýurdy. Ýöne ýüzüni açyp goýdy. «Türk imanlaryň (türkmenleriň) ýüzi Beýik Taňrynyň nurundan dörän. Şonuň üçin Beýik Taňrynyň nur çyrasy — Kunuň (Günüň) şöhlesi düşüp durmalydyr. Çagaňyzyň we aýalyňyzyň ýüzüne urmaň» diýip, Nuh pygamberimiz wesýet edýärdi. Agzyny welin ýapmagy buýurdy. Bu ýapgy soňra ýaşmaga öwrülip gitdi. Gyzlara erkek adamyň ýüzi düşende ýeňi bilen gözüni ýapmagy, pesah (nälaýyk) sözleri eşideninde, ýeňini dişlemegi buýurdy.
Nuh pygamber garry gojalara we enelere ogul-gyz terbiýesinde akylly, agras, paýhasly, seresaply çemeleşmegi, olaryň hakyky ynsan häsiýetliligi üçin uly jogapkärçilik goýdy. Sebäbi Nuh pygamber ýaşlaryň ýalňyşmazlygyny isleýärdi. Ol: «Ulular bir gezek ýalňyşsa, ýaşkiçiler müň gezek ýalňyşar. Öýde ata ýalňyşsa, ogul ýalňyşar, ene ýalňyşsa gyz ýalňyşar, atalyk hem enelik (gaýyn ata hem gaýyn ene) ýalňyşsa, gelin ýalňyşar» diýip wagyz edýärdi. Şonuň üçin türk iman öý edebiniň düzgünini girizdi.
Ol edep-kadalar şulardan ybarat:
1. Ulyny sylamak.
2. Kiçini söýmek.
«Ulyny sylamasaň, kiçini söýmeseň adamçylyk ýiter. Birehimlik başlanar» diýip, Nuh pygamber sargaýardy.
3. Ata-enäni arzylamak.
Ol şunda çagalara: «Ata-eneňiziň ýüzüne garap sözlemäň, gyňralmaň. Buýran işini hökman ýerine ýetiriň!» diýip, hoşamaýlyk etdi. Çaga bolsa, bu zatlara derrew werdiş bolup gidýär.
4. Arassa hem ykjam geýinmek (daşky biçim).
«Geýim adamy bezeýär, göze mährem görkezýär. Özüňize gelişýän eşikleri geýniň» diýip, Nuh pygamber tabşyrýardy.
5. Öýde öz gazanan, der saçan zadyňy saklamak.
«Kişi zadyny göterme hem öýüňe getirme, öz hasabyňa geçirme!» diýip, Nuh pygamber sargaýardy. «Öý, ojak — zyýarathana» diýýärdi.
6. Öýüň bezegi, ýerli-ýerindeligi, göze gelimliligi, arassalygy.
«Öýüň her bir zady göwnüňi götermelidir, keýpiňi çag etmelidir, ýaşaýşa söýgi döretmelidir» diýip, Nuh pygamber tekrarlaýardy. «Öýüň hapa bolsa, özüň üflis, hapa-hasy bolarsyň» diýýärdi.
7. Öýüňi, öýüň içindäkileri, öýüň daşyny — goňşularyňy, golaýlaryňy, syrgynyňy goramak.
«Goňşy — syrgynlaryňyzy, ilki bilen, jan-dilden goraň. Sebäbi ýagy goňşyňy çapsa, seniň öýüňi-de çapar» diýip, Nuh pygamber sargaýardy.
8. Ruhubelentlik.
«Ruhuňyz belent bolsun. Şadyýan boluň. Ruhubelentlik ömrüňize nur-many çaýar, kyn işiňizi aňsat eder» diýip, Nuh alaýhyssalam öwredýärdi.
9. Gyz-gelin bezegi.
«Gyz-gelinleriňize zümerret daşlaryny gysganmaň. Nirede bar bolsa, tapyp getirip beriň. Gyz-gelniň göwnüni ýykan türk iman (türkmen) däldir. Ejiz, naçar göwni näzikdir. Olary näzik saklajak bolsaňyz, göwnüne ýetiň. Bezeg daşyny boýnuna, arkasyna, döşüne dakyň, ýöne ýüzüne degmäň, ýüzüň özi müň zümerretden zyýatdyr. Beýik Taňrynyň ýürekdäki mähir-nury ýüzde jemlenendir, dünýäni çyraglandyrýandyr. Şonda olar has owadan görner, näzik bolar, göwnüňizi açar, ruh berer» diýip, Nuh pygamber wesýet edýärdi. «Öýüň bezegi, ýakym-ýaraşygy gyz-gelindir. Bägül bagda gowy, gelin-gyz — öýde» diýip, pygamber gaýtalaýardy.
Mundan hem gaýry Nuh pygamber: «Ojaklaryňyzyň alawuny öçürmäň. Ojak öçse, ömür öçer. Ot — ýaşaýyşdyr.
-
ata
16 years ago
- ýene Magtymgulydan:
Durasyň geler
Gozel bardyr ,gөzellerden zyỳada,
Anyň hyzmatynda durasyň geler ;
Edepli,ekramly mylaỳymzada ,
Tä өlinçäň bile ỳөresiň geler.
Gozel bardyr, uzyn boỳly ,alkymy -
Garaňky gijede düşer ỳalkymy ,
Sөzlegen sөzleri misli bal kimi,
Ýaňagyndan posa alasyň geler.
Gөzel bardyr ,günde-günde gөrmeli ,
Şol gөzeliň syỳa zülpün өrmeli ,
Dөküp ,hazynanyň zerin bermeli ,
Anyň sөwdasynda bolasyň geler.
Bagzy gөzel sirkä basdyr saçyny ,
Artmaz ,ỳuwmaz,tabagyny ,daşyny ,
Sylamaz atasyn ,ene ,ỳaşyny ,
Anyň hyzmatyndan gaçasyň geler.
Gөzel bardyr,ak kagyz dek bilegi ,
Jaỳ içinde bile bolar ỳüregi ,
Şeỳle gөzel mert ỳigidiň geregi ,
Ne hajat istese ,beresiň geler .
Magtymguly, syn gerekdir gөzele,
Herne kysmat bolsa ,tartar ezele,
Dünỳä malyn harç et ỳagşy gөzele ,
Ýamanyň ỳanyndan gaçasyň geler.
-
bond
16 years ago
- hany baryn shuna goz gezdirin man muny ozim yazyp bilman taze owrenji bolamson kaya yazdyrdym yatlalyn name zatlar yazylanyny.
-
bond
16 years ago
- hazirki dowurin kynchylygy kynchylyk bolyan bolsa ,urushyn yzynda arsiz galan achlykdan yana oljek bolanlar namysy gorapdyr ,mena hazir o dowur yaly kynchylyk yokmukaha diyan.bilmedim shu turklere gun galyp duran bolsa bizin gyzlarmyzy hayran.
-
kombat
16 years ago
- türkmen gyzy gowy diýen bolýaňyz, aýdym aýdanda bolsa:
"bagban kürt gyzynyň adydyr leýla" diýip, türkmende gyz gutaran ýaly edýäňiz.
-
bond
16 years ago
- hazi užina baryp geleyin son goreris galanlarynam
-
bond
15 years ago
- turkmen gyzyna geljek gyz yoklay.
-
kaya tm
15 years ago
- aylanayyn turkmen gozellerimden :D
-
halk
15 years ago
- TURKMEN GYZYNAM DEPELEYAN YADA BASHA TAC EDYAN OZUMIZ HER KIM OZUNINKA EYE BOLSUN EGER EYESI YOK HEM BOLSA GOY TURKMEN ERKEKLER EYE CYKSYN
-
TURKBEL
15 years ago
- turkmen gelin-gyzlarynyn adyny oz reperlermiz basgylayarlar.m.u.(mvp)
-
milliyetçi
15 years ago
türkmen gyzy gowy diýen bolýaňyz, aýdym aýdanda bolsa:
"bagban kürt gyzynyň adydyr leýla" diýip, türkmende gyz gutaran ýaly edýäňiz.
kombat | 2008-11-24 01:14:28
eý kombat, näme "çala eşidip, çatma ýykýaň"?
"bagban kürt gyzynyň adydyr leýla"
däl-how!
"bagyr kürt gyzynyň adydyr leýla".
sebäbi, bagyrda kürtler kän. şonuň üçin şeýle, dostum.
-
kelle agyry
15 years ago
- hany $u bulogy yapalyn hany Turkmen gyzy bilen i$iniz bolmasyn olor yaly akyl satyp oturman ol gyzlaryn ene ata diyen zatlary bardyr olor bize galanok terbiyeleme her kim ozuninka jogap berse gaty gowy namysly gelin gyzlar bolor.
-
gulalek
15 years ago
- Türkmen gyzy namysly we mähriban bolmaly utanjaň bolmaly.
-
Saryk Gozeli
15 years ago
- Turkmen gyzy bolup durla, Turkmen oglany nahili bolmalyka, hany aydyp berin?!
-
TURKBEL
15 years ago
- TURKMEN YIGITLERI OZ ETJEK ISHLERINI BILMELI,GYZLAR BOLSA OLARYNG ISHINE GOSHULMALY DAL.
-
halk
15 years ago
- saryk gozeli sen gownune alma yazlanlary turkmen gyzy ilki ata-enesine son bolsa yanyoldashyna wepaly bolmaly sheyle gozelin abrayam hyrydaram kop bolar we alla ona ozune mynasyp tay berer
bond 16 years ago- gelin gyz diyilende eyyam bizin enelermiz uyalarmyz goz onune gelya ,sen kaya gowy ish etdin bu yerde gechmishdaki gokdepe galasynda sowesh guran enelermizin gurruni gider olaryn ar namysy barada, yashmak barada ,garash hazir.